Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň Rewolýusiýa goragçylary ABŞ-nyň goldaýan sebitlerini ‘oda berjekdigi’ bilen haýbat atýar


Kerman şäherinde Kasem Suleýmaniniň jynazasyna gelenler. 7-nji ýanwar, 2020 ý.

Geçen hepde Eýranyň ýokary derejeli generalynyň Amerikanyň howa zarbasynda öldürilmegi sebäpli Eýran yslam rewolýusiýasynyň sakçylarynyň başlygy “Ysraýyla ölüm” diýip gygyryşýan märekäniň arasynda, Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanýan anyklaşdyrylmadyk ýerlere “ot açmak” bilen haýbat atdy.

General-maýor Hoseýn Salami bu haýbaty bilen 7-nji ýanwarda müňlerçe adamyň öldürilen general Kasym Süleýmaniniň jynaza çäresine Kermanyň merkezi skwerine ýygnanmazyndan öň çykyş etdi.

Süleýmaniniň dogduk şäheri Kermanda gara geýnip, ýasa gatnaşanlaryň ellerinde generalyň suratlary bardy.

Tähranyň ýurduň daşyndaky gizlin harby operasiýalaryna gözegçilige kömek eden 62 ýaşly generalyň 3-nji ýanwarda öldürilmegi Birleşen Ştatlar bilen Eýran arasyndaky ozaldan hem dartgynly bolan gatnaşyklary has-da ýitileşdirdi.

“Öç alarys. Olaryň gowy görýän ýerlerini oda bereris. Munuň nämedigini özleri gowy bilýändir” diýip, Salami “Ysraýyla ölüm” diýip gygyrdy.

Ysraýyl uzak wagt bäri Eýranyň regional duşmany hasaplanýar.

Eýranyň döwlet telekanaly soňra jynaza çäresinde basa-baslykda döräp, azyndan 30 adamyň ölendigini habar berdi.

6-njy ýanwarda Eýranyň polisiýasy müňlerçe adamyň Süleýmaniniň jynaza çäresine gatnamak üçin, paýtagt Tähranyň köçelerini doldurandygyny aýtdy. Geçirilen bu çärede Eýranyň ýokary ýolbaşçysy Aýatollah Ali Hameneýi Süleýmaniniň tabydyň başynda gözýaş etdi.

Ýöne Tähranda bu çärä gatnaşanlaryň sany barada garaşsyz tarapdan çaklama ýok.

Häkimiýetler 6-njy ýanwarda giçlik Süleýmaniniň we howa zarbasynda öldürilen beýleki adamlaryň galyndylaryny Eýranyň mukaddes şäheri Goma getirdiler. Bu ýerde hem uly märeke ýygnandy.

Waşington Süleýmanini Yrakda amerikan esgerlerini öldürenlikde we öten hepde Bagdadyň aeroportynyň golaýynda urlan dron zarbasyndan az wagt öň hem täze hüjümleri gurnanlykda aýyplaýar.

Süleýmani Siriýada prezident Başar al-Assady uzak uruşda goldan güýçlere-de ýolbaşçylyk etdi. Ol şeýle hem Eýranyň Yrak, Liwan we Ýemen ýaly ýurtlardaky proksilerine ýol görkeziji bolup hyzmat etdi.

Bu aralykda, Eýranyň parlamenti bir kanun kabul edip, Amerikanyň Waşingtonda Pentagondaky harby işgärleri we onuň tarapyndan iş alyp barýan beýleki guramalary “terroristler” diýip yglan edip, olary Eýranyň sanksiýalaryna degişli etdi. Bu çäre amerikan prezidenti Donald Trampyň geçen ýylyň aprel aýynda Eýranyň rewolýusiýa sakçylaryny “terroristik gurama” diýip, yglan etmegine berilýän jogap ýaly bolup görünýär.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 9-njy ýanwarda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň duşuşygyna gatnaşmagy üçin, Birleşen Ştatlaryň özüne wiza bermändigini aýdýar.

“Olar bir adamyň Birleşen Ştatlara gelip, hakykaty aýan ederinden gorkýarlar. Dünýä Nýu-Ýork bilen çäklenenok. Amerikan halky bilen Tähranda-da gürleşip bolýar, biz şony ederis” diýip, Zarif aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti bu barada beýanat üçin edilen haýyşa entek jogap berenok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG