Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýerasty Altylygyň” yzýany türkmen häkimiýetleriniň girişen anti-amerikan propagandalaryna ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy reaksiýa bildirdi


Türkmenistanyň we Birleşen Ştatlaryň döwlet baýdaklary
Türkmenistanyň we Birleşen Ştatlaryň döwlet baýdaklary

8-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmen häkimiýetleriniň ýaňy-ýakynda girişen ABŞ-a garşy propaganda çärelerine reaksiýa bildirdi.

“Bu film hususy bir güýmenje kompaniýasynyň döreden çeper eseridir. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistan bilen işjeň we netijeli gatnaşyklara ygrarly galýar. Munuň şeýledigine, Waşingtonda üstünlikli geçirilen soňky Ikitaraplaýyn ýyllyk geňeşmeler, “C5+1” formatynyň çäklerinde regional hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, biziň ykdysady we söwda ulgamynda ösýän hyzmatdaşlygymyz hem-de medeniýet we bilim ulgamynda biziň hyzmatdaşlyk edýän köpsanly maksatnamalarymyz güwä geçýär” diýip, Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekili Margaret S. Sullivan sişenbe güni Azatlyk Radiosyna elektron hat arkaly aýtdy.

Ýatlasak, munuň öňýany 6 – 7-nji ýanwarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Çärjew, Darganata etraplarynda häkimleriň orunbasarlarynyň, Milli howpsuzlyk we Içer işler ministrlikleriniň hem-de Prokuratura edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýerlerdäki mekdeplerde we medeniýet öýlerinde Günbatara, hususan-da Birleşen Ştatlara garşy “wagyz-nesihat işleri” geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde habar berdi. Ýygnaklara ýerli býujet işgärleri hem-de mekdepleriň 11-nji klas okuwçylary gatnaşdyryldy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, türkmen häkimiýetleri ýerlerde geçirýän anti-amerikan propaganda çärelerinde 13-nji dekabr anna güni düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Netflix akym hyzmatlary kompaniýasynyň tomaşaçylara ýetiren “6 Underground”, ýagny “Ýerasty Altylyk” filmine salgylanyp, Birleşen Ştatlaryny Türkmenistanyň duşmany ýaly edip görkezmäge synanyşyk etdiler.

“Ýygnakda çykyş edenler: ‘Amerika türkmen döwletiniň duşmanydyr. ABŞ biziň döwletimizi ýok etmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Olaryň nämedir bir zatlary edip, halkyň närazyçylygyny oýarmak isleýändikleri anyk’ diýen ýaly sözleri aýdýarlar” diýip, ýerli habarçy maglumat berdi.

Netflix kompaniýasynyň 150 million dollar çykdajy bilen kompaniýanyň şu wagta çenli iň köp maliýe serişdesi sarp eden “Ýerasty Altylyk” filminde amerikaly atsyz bir milliarderiň jemlän 6 gizlin söweşijisiniň Türgistan diýlen toslama ýurtda Rowaç Alimow atly diktatory döwlet başyndan çetledip, onuň ornuna Rowajyň inisi Murat Alimowyň oturdylmagy gürrüň berilýär. Synçylar filmde Türgistany suratlandyrmak üçin ulanylan döwlet simwollarynyň, adam atlarynyň we beýlekileriň Türkmenistany ýada salýandygyny aýtdylar.

Filmdäki toslama Türgistanyň pul birligi manat, döwlet dili türkmen dili, döwlet baştutanyň ady Rowaç. Rowaç türkmen adam adydyr. Galyberse-de, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öňki içeri işler ministri Isgender Mulikowyň 2019-njy ýylyň başynda sowgat beren taýçanagynyň ady hem Rowaçdyr.

“Köp sanly lebaply golaýda peýda bolan “Ýerasty Altylyk” filminiň türkmen emeldarlaryny gaty gorkuzandygyny çak edýär” diýip, habarçy ençeme lebaply gürrüňdeşiniň sözlerine salgylandy.

Onuň soňky maglumatlaryna görä, ýurtda bu filmiň prokatyna isleg bildirilmeginiň fonunda, häzirki wagtda Türkmenabatda hereket edýän “wideo-prokatlaryň” tas ählisi ýapyldy.

Ondan ozal, 28-nji dekabrda Azatlygyň beýleki bir habarçysy Aşgabatda, Maryda, Türkmenabatda hem-de Daşoguzda özlerini kanun goraýjy edaralaryň wekilleri diýip tanadýan raýat eşikli adamlaryň "wideo-prokatlara" aýlanyp, “Ýerasty Altylyk” filminiň ýerasty prokaty bilen meşgullanýanlara jerime salýandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG