Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda adamsy urup-ýenjenden soň üç çaganyň ejesi ýogaldy


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

GyrgyzystanyňBatken şäherinde 26 ýaşly, üç çagaly aýal adamsynyň urup-ýençmeginden aradan çykdy. Şübhe bildirilýän hökmünde Batken şäheriniň 31 ýaşly ýaşaýjysy saklandy. Onuň görkezmesine görä, özara dörän dawadan soň ol aýalyny urupdyr. Ýogalanyň hossarlarynyň aýtmagyna görä, ol aýal köp ýylyň dowamynda maşgala sütemine duçar bolup gelipdir.

Betbagtlyk 3-nji ýanwarda ýüze çykýar. Äri urup-ýenjenden soň huşuny ýitiren aýaly Tiz kömek gullugy Batkeniň welaýat keselhanasyna getirýär. Baş wraç Azizbek Žunusowyň aýtmagyna görä, aýal keselhana ýetmän, ýolda jan beripdir.

Onuň sözüne görä, doktorlar merhumyň teninden gan öýen tegmil yzlaryny hem aýagynyň köýen ýerini görüpdirler.

«Aýaly keselhana 4-nji ýanwarda, gije sagat 2:00-da getirdiler. Şol wagt onuň ýüreginde urgy ýokdy. Onuň teninde gan yzy hem köp sanly gematom - gan öýen ýerler bar eken. Ol gözden geçirilenden soň, merhumyň meýidi barlag üçin sud-medisina eksperti bölümine geçirildi» diýip, baş wraç aýdýar.

Bu jenaýat işinde şübhe bildirilip, ol aýalyň äri saklanýar. Batken welaýatynyň Içeri işler bölüminiň metbugat-sekretary Damira Ýusupowa ol hadysa boýunça Gyrgyzystan Respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň 130-njy maddasy («adam öldürmek») esasynda iş açylandygyny aýtdy.

«Bolan iş barada suddan öňdäki deslapky derňew başlandy. Şübhe bildirilýän hökmünde merhumyň adamsy saklandy. Ol häzir SIZO-da oturýar. Soňky ýyllarda urup-ýenjilmeden ölen aýal baradaky iş hasaba alynmandy» diýip, ol aýdýar.

Pida çekeniň ýakyn hossary Kaldarbek Şamşiýew ol aýalyň soňky ýyllarda üznüksiz maşgala zorlugyna duçar edilendigini aýdýar. Mundan öň äriniň urgusyna çydaman, birnäçe gezek hossarlarynyň ýanyna gidipdir.

«Ol maşgala sütemine duçar boldy. Onuň durmuşyna äriniň hossarlary-da goşulyşdylar. Geçen ýazda Nursuluu bize gelip, durmuşyndan nalynyp aglady. Gaýyn atasynyň özüne ýaramaz daraşýandygyny aýtdy, gaýyn enesiniň oňa bolan garaýşy-da erbet eken. Ol şonda öz öýünden gaçyp, bize gelipdi, onuň aýagynda şypbyk köwşi bardy. Onuň jesedini keselhanadan alanymda, tenindäki gök tegmilleri gördüm. Aýratynam onuň kellesine köp ýara düşüpdir. Äri ony erbet ýenjipdir, soňra öz jenaýatyny ýaşyrmak üçin, üstünden gaýnak suw guýupdyr. Ol aýalyny wagşylyk bilen öldüripdir» diýip, pida çekeniň hossary Kaldarbek Şamşiýew ýagdaýy düşündirýär.

Jenaýatda saklananyň kakasy Asat Seýdakmatow ýarawsyzlygyny bahana edip, bolan hadysa barada öz pikirini aýtmakdan ýüz öwürdi.

Žokorky Keneşiň (parlamentiň) deputaty Karamat Orozowa aýallaryň goragy baradaky kanunyň işlemeýändigini aýdýar. Onuň sözüne görä, aýallara garşy zorlugy aradan aýyrmak barada hökümet maksatnamasy hem netije bermeýär.

«Biz BMG-niň konwensiýasyny berjaý edýäris diýip beýanat ýaýradýas, aslynda bolsa bar zat kagyz ýüzünde galýar. Aýallaryň urlup-ýenjilmegi azalmaýar. Aýallara edilýän zorlugyň garşysyna kanunlar çykarylýar hem kabul edilýär, ýöne olar netije berenok. Men öňden bäri aýallaryň hukugyny goramak barada gurama döredilmegini öňe sürýän» diýip, deputat aýdýar.

Jemgyýetde tolgunma döreden bu iş boýunça häzir kanun goraýjy organlar derňew alyp barýarlar. Ol aýal dogduk obasy Arawan raýonynyň Akşar aýylynda jaýlandy. Onuň iki ogly Batkende galdy, gyzyny bolsa merhumyň Arawanda oturan ejesi bilen kakasy öz ýanyna aldylar.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG