Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda traktorçylar mejbury ýazylýan gazet-žurnallarynyň özlerine gowşurylmazlygyndan şikaýat edýär


Illýustrasiýa suraty. Awtobusda gazet okaýan bir adam. Aşgabat, sentýabr, 2013.
Illýustrasiýa suraty. Awtobusda gazet okaýan bir adam. Aşgabat, sentýabr, 2013.

Lebapda mehanizator traktorçylar her ýarym ýyllykda bir sapar 150 manat töläp, mejbury abuna ýazylýan gazet-žurnallarynyň özlerine gowşurylmazlygyndan şikaýat edýär.

Lebaply ençeme traktorçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde şeýle ýagdaýyň birnäçe ýyl bäri dowam edýändigini aýtdylar.

Abuna ýazylyşyk döwründe her 6 aýda bir sapar 150 manat çemesi pul tutulýar, ýöne näçe ýyl bäri ýekeje-de gazet-žurnal alyp görmedim” diýip, lebaply bir mehanizator Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde anonim şertlerde şikaýat etdi.

Olaryň ençemesiniň sözlerine salgylanyp, habarçy traktorçylaryň gazet-žurnallara bildirýän gyzyklanmalary barada maglumat berdi:

“Traktorçylaryň birinjiden-ä, gazet-žurnal okamaga wagty ýok, ikinjiden-de, olaryň gazet-žurnal okamaga höwesi ýok” diýip, habarçy munuň mümkin bolan sebäpleri barada gürrüň berdi.

“Metbugatda okar ýaly zat ýok. Gazetleriň birinji sahypasy Arkadagy öwüp başlaýar. Soňky sahypalar onuň ata-babalaryny öwýän mazmun bilen tamamlanýar” diýip, habarçynyň gürrüňdeşi aýtdy.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, onuň bilen gürrüňdeş bolan traktorçylar gazet-žurnallarda esasan güýmenje hekaýalara ýa-da beýleki güýmenje eserlere isleg bildirýär.

Türkmenistanda 30-dan gowrak gazet-žurnal çap edilýär. Olar döwletiň howandarlygynda bolup, ýurtda býujet işgärleri mejbury ýagdaýda gazet-žurnallara abuna ýazylmaly edilýär.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan mehanizatorlar mejbury abuna ýazylyşykdan şikaýat edýärler:

“Mehanizatorlar ‘ujypsyz aýlyklarymyzy doly alyp, häkimiýetler hem mejbury abunany bes etsediler, biz hem çagalarymyzyň rysgalyny doly alsadyk’ diýýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Olaryň sözlerine görä, mejbury abuna ýazylyşykdan başga-da tutumlar bar. “Abunadan başga-da ‘Awazada dynç alyş üçin’ diýlip, olardan 100 manatdan pul tutulýar emma olar 10 ýyl bäri deňiz görmändiklerini aýdýarlar” diýip, habarçy mehanizatorlaryň sözlerine salgylandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanda býujet işgärleriniň öz zähmet haklarynyň ujundan tutulýan resmi bolmadyk mejbury tutumlardan şikaýat edýändiklerini yzygiderli habar berýärler.

13-nji ýanwarda Azatlygyň ýurt içindäki beýleki bir habarçysy Marynyň edara-kärhanalarynda býujet işgärlerinden Awaza syýahatçylyk zolagynda dynç alyş üçin mejbury pul ýygnalýandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, ilki býujet işgärlerine gyşyň ortasynda Awazada dynç almak üçin ýollanma satyn almak teklip edilýär. Dynç aljaklar ýollanma satyn alyp dessine ýola çykmaly edilýär, dynç almaga islegi bolmadyk býujet işgärleri satyn alynmadyk ýollanmalaryň bahasyny tölemeli edilýär.

Türkmenistanda ilatyň abuna ýazylan gazet-žurnallaryny degişli salgylara paýlamak işini “Türkmenpoçta” aragatnaşyk kompaniýasy ýerine ýetirýär.

Azatlyk Radiosy lebaply traktorçylaryň mejbury ýazylan gazet-žurnallarynyň özlerine gowşurylmazlygy barada “Türkmepoçta” kompaniýasyndan kommentariýa alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG