Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda milli metbugata mejbury abuna ýazylmak möwsümi başlandy


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda döwlet metbugatyna hökmany abuna ýazylmak möwsümi başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, hususan-da Mary welaýatynda şu ýyl döwlet neşirlerine abuna ýazylmaga mekdep okuwçylary hem mejbur edilýärler.

- Marynyň döwlet edaralarynyň işgärlerine mejbury ýagdaýda gazet-žurnallara ýazylmaly diýýärler. Hatda okuwçylara-da "Güneş" žurnalyna ýazylmak üçin 14 manatdan ene-atalaryňyzdan kanikul gutaransoň pul getiriň diýip aýdylypdyr, - diýip Marydaky habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda döwlet metbugatyna abuna ýazylyşyk ýylda iki gezek döwlet edara-kärhanalarynyň üsti bilen guramaçylykly häsiýetde amala aşyrylýar.

Döwlet edaralarynyň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň studentleri üçin döwlet metbugatyna ýazylmak hökmany hasaplanýar. Abuna üçin pul serişdeleri ýylyň dowamynda iki gezek işgärleriň aýlyklaryndan we studentleriň stipendiýalaryndan tutulýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary, şu günler Maryda bilim pudagynyň işgärleriniň 40 we 50 manat aralygynda, saglyk pudagynda 50 we 100 manat aralygynda, gaz edaralarynda 50 we 60 manat aralygynda pul ýygnalýandygyny habar berýärler.

- Adamlar halys pul sesinden ýadadyk diýip aýdýarlar. Her sapar aýlyk alan wagtymyz aýlygy öýe eltmänkä gutarýarys diýärler - diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň býujet işgärleri ýyllyk metbugat abunalygyndan başgada dürli maksatlar üçin her aýda ençeme gezek pul tabşyrmaga mejbur edilýärler. Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden döwlet baýdagy, prezidentiň portretleri, köçeleriň arassalamak we abadanlaşdyrmak, agaç ekmek, şeýle-de, köpsanly medeni, sport we beýleki köpçülikleýin çäreleri maliýeleşdirmek we pagta ýygyma goşant goşmak üçin yzygiderli pul ýygnalýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Türkmenistanda gazet-žurnalaryň satylýan ýerleri köp däl, sebäbi olara ilat arasynda hyrydar köp göze ilmeýär.

- Gazetleri, žurnallary satyn alanyňa görä içinde okar ýaly gyzykly zatlar ýok, halkyň hal-ýagdaýy barada hiç zat ýazylmaýar. Türkmenistanda näme bolup geçýänini bilip bolmaýar. Diňe gowy ýaşaýyş barada aýdylýar. Gazetleri okasaň Türkmenistanda diňe gowy durmuş bar, bolçulykly ýurtda ýaşalýar diýip ýazylar, emma iýere un, ýag tapdyrmaýar- diýip, habarçymyz aýdýar.

Häzirki wagtda ýurtda 30-dan gowrak gazet we ençeme žurnal çapdan çykýar. Olaryň esasy mazmuny döwlet propagandasyna we ýurduň üstünliklerini wasp etmeklige gönükdirilýär.

​Üstünlikleri wasp etmek üçin ýörite neşirler hem döredilýär.

Bu ýagdaýda ýurt häkimiýetleri ýurtda neşirýatlaryň öz öňünde goýlan plany artykmajy bilen ýerine ýetirýändigini hasabat berýärler. Hususan-da, geçen ýylda Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugy plany 134%-den gowrak berjaý edipdir.

Türkmenistanda bar bolan neşirler esasan döwlet zakazlaryny ýerine ýetirýär we metbugat önümlerini, prezidentiň kitaplaryny we portretlerini çap edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG