Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň täze žurnaly Aşgabadyň sport işgärlerine iki esse gymmada düşdi


"Türkmenistan Sport" žurnaly, aprel, 2019
"Türkmenistan Sport" žurnaly, aprel, 2019

Aşgabadyň sport mekdepleriniň we beýleki sport edaralarynyň işgärlerini soňky günlerde ikinji gezek pul tabşyrmaga mejbur etdiler. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, bu gezek işgärlerden "Türkmenistan Sport" žurnaly üçin 80 manat möçberde pul toplanýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň mart aýynyň başynda esaslandyran bu täze žurnal üçin toplanýan pul onuň resmi bahasyndan iki esse ýokary. Žurnalyň ýüzünde onuň bahasy 39 manat diýlip görkezilýär.

"Türkmenistan Sport" žurnaly
"Türkmenistan Sport" žurnaly

Ýurduň beýleki neşirleri ýaly ýüzi türkmen milli nagyşlary bilen bezelen we prezidentiň suraty ýerleşdirilen bu žurnalyň birinji sany aprel aýynda peýda boldy.

Neşriň özünde ýerleşdirilen maglumatlara görä, ol Sport we ýaşlar syýasaty boýunça ministrliginiň ýanynda, 7900 san bilen çapdan çykýar. Žurnal prezidentiň 2019-njy ýylyň 3-nji martynda prezidentiň № 1114 karary bilen esaslandyrylypdyr.

Emma Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, şol bir atly neşir türkmen okyjylaryna bir ýyl öň hem hödürlenipdi 2018-nji ýylda ýurduň sport edaralarynyň işgärlerinden 80 manat toplanypdy. "Türkmenistan Sport" atly şol neşriň ýüzünde 2017-nji ýyl, №2 diýlip görkezilipdi.

"Türkmenistan sport" žurnaly, 2017 ýyl
"Türkmenistan sport" žurnaly, 2017 ýyl

Türkmenistanyň sport edaralarynyň işgärleri şu çaka çenli "Bedenterbiýe we Sport" žurnalyny satyn almaga mejburdy.

2012-nji ýyldan bäri çap edilýän bu žurnal döwlet edara-kärhanalarynyň hökman ýazylmaly neşirleriniň sanawyna girýär.

Soňky ýyllarda žurnalyň bahasy esli ýokarlandy.

"2015-2017-nji ýyllarda žurnal aýda 8 manada durýardy. 2018-nji ýylda onuň bahasy 12 manada çykdy. 2019-njy ýylda ol entek okyja gelmedi. Oňa sport edaralarynda işleýänleriň her biri ýazylaýmaly" diýip, habarçymyz aýdýar.

"Bedenterbiýe we sport" žurnaly
"Bedenterbiýe we sport" žurnaly

Ýaňy-ýakynda Aşgabadyň sport edaralarynyň işgärlerinden 150 manat möçberinde pul toplanypdy. Bu puluň apreldäki saglyk aýynyň köpçülikleýin çärelerine gatnaşýanlar üçin sport geýimlerine toplanýandygy aýdyldy.

Türkmenistanda döwlet metbugatyna abuna ýazylyşyk ýylda iki gezek guramaçylykly amala aşyrylýar.

Milli metbugata abuna ýazylmak döwlet edaralarynyň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylary üçin hökmany bolup, soňky ýyllarda onuň puly aýlyklardan we stipendiýalardan tutulyp alynýar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň paýtagtynda gezet-žurnal satýan ýerlerde seýrek duş gelýär we paýtagt ýaşaýjylary milli metbugaty seýrek satyn alýarlar.

​Häzirki wagtda Türkmenistanda 30 golaý gazet we şondan gowrak žurnal çapdan çykýar. Olaryň esasy mazmuny döwlet syýasatynyň propagandasyna bagyşlanýar we ýurduň yzygiderli ösýändigini habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Azatlyk Radiosy bilen Telegram arkaly habarlaşyň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00
XS
SM
MD
LG