Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani ukrain uçarynyň urulmagyny derňejek ýörite sudy esaslandyrmaga çagyrýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Dartgynly protestler bilen ýüzbe-ýüz bolup duran Eýran prezidenti Hassan Rohani Ukrainanyň ýolagçy uçarynyň ýurduň howa goranyş güýçleri tarapynda atylyp, ondaky 176 adamyň heläklenmegini derňemek üçin, bir ýörite kazyýetiň döredilmegine çagyrdy.

Ukrainanyň halkara uçary Boeing 737-800-iň atylyp gaçyrylmagy sebäpli Eýranda dörän gahar-gazabyň arasynda Rohani 14-nji ýanwarda telewideniýede eden çykyşynda bu “bagyşlap bolmajak ýalňyşa” jogapkärleriň ählisi “jezalandyrylmaly” diýdi.

Ýurduň harbylary ukrain uçaryny 8-nji ýanwarda Tähranyň Ymam Homeýni adyndaky halkara aeroportyndan uçanyndan, az wagt soňra raketa bilen “bilkastlaýyn däl” ýagdaýda urup gaçyrandygyny 11-nji ýanwarda boýun alanyndan soňra, Eýranyň dürli şäherlerinde protestler turdy. Bu hadysada ölenleriň aglabasy Eýran we Kanadanyň raýatlarydy.

Pajyga Eýranyň howa-goranyş güýçleriniň Amerikanyň Yrakdaky güýçleriniň garşysyna raketaly hüjümi amala aşyranyndan soňra ýokary hüşgärlikde bolan mahaly ýüz berdi.

“Kazyýet ulgamy ýokary derejeli kazy we onlarça ekspertler bilen birlikde ýörite kazyýet döretmeli” diýip, Rohani eden çykyşynda aýtdy. Ol soňra hem Eýranyň ýaragly güýçleriniň boýun almagy hadysa baradaky “ilkinji gowy ädimdir” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

“Bu hadysada kim günäkär ýa geleňsizlik eden bolsa, haýsy derejede hem bolsa” onuň adalatyň öňünde durzulmagy “bizň halkymyz üçin juda möhüm” diýip, Rohani belledi.

Kazyýet ulgamynyň metbugat wekili Golamhoseýn Esmaili hem “giňişleýin derňewler boldy”, hadysadaky rollary sebäpli ”käbir adamlar tutuldy” diýdi.

Ol bu barada başga maglumat bermedi.

Protestler dowam edýär, olara ot açylandygy aýdyldy

Häkimiýet başyndaky ruhanylara gahar-gazap bildirmek üçin geçen hepdäniň aýagynda şeýle hem 13-nji ýanwarda müňlerçe protestçi köçelere çykdylar.

Habar gullugy AP-niň bildirmegine görä, internetde ýerleşdirilen wideolarda polisiýanyň 12-nji ýanwar gijesi Tähranyň Azadi skwerindäki protestçileri dargatmak üçin, demonstrantlara ok atýandygy we göz ýaşardyjy gaz ulanýandygy görünýär.

Habar gullugy Reutersiň maglumatynda hem aýdylmagyna görä, ýere gan dökündigini we protestçileriň töwereginde howpsuzlyk işgärleri diýlip çaklanýan elleri ýaragly adamlaryň suratlaryny görmek bolýar

Habar gullugynyň aýtmagyna görä, beýleki wideolarda polisiýanyň protestçileri baton bilen urýandygy görünýär.

Tähranyň polisiýasy protestçilere ot açylandygyny inkär edip, polisiýa işgärlerine “sowukganlylyk” görkezmek barada buýruk berlendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti Waşingtonyň protestçileriň garşysyna zorluk ulanylmagyna çydamlylyk görkezmejekdigini aýdyp, Eýran häkimiýetlerine duýduryş berdi.

“Biz Birleşen Ştatlaryň synlap oturanyny, dünýäniň synlap oturanyny we režimiň öz halkyna gödek çemeleşmegine juda uly yşyk saljagymyzy režimiň bilmegini isleýäris” diýip, 13-nji ýanwarda sözçi Morgan Ortgus Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna aýtdy.

Ukrainanyň uçarynda 82 sany eýranly, 57 kanadaly, 11 ukrainaly, 10 şwesiýaly, 10 owganystanly, üç germaniýaly we üç britaniýaly bardy.

Eýran Kanadany we Ukrainany uçar heläkçiligi baradaky derňewlere gatnaşmaga çagyrdy.

14-nji ýanwarda Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson Eýranyň uçaryň urulmagynyň “aýylganç ýalňyşlykdygyny” anyklanyna özüniň begenýändigini aýdyp, britaniýaly pidalaryň jesetleriniň ýurtlaryna iberilmeginiň möhümdigini belledi.

Eýran käbir netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolarmy diýip soralanda, Jonson BBC telekanalyna: “Olar bolan aýylganç ýalňyşlyk barada mese-mälim günäkär. Men häzirki ýagdaýda dartgynlyklaryň artmagyny göz öňüne getirýändir öýdemok” diýdi.

11-nji ýanwarda Eýranyň yslam rewolýusiýasy sakçylarynyň howa giňişligi baradaky bölüminiň başlygy Amirali Hajizadeh öz bölüminiň tragediýanyň “doly jogapkärçiligini” öz üstüne alýandygyny aýtdy.

Ýurduň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi hem heläk bolan 176 adamyň hossarlaryna “çuň duýgudaşlyk” bildirip, ýaragly güýçleri “bu dertli hadysada bolan ähtimal kemçilikleri we ýazygy yzarlamaga” çagyrdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG