Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

e.gov.tm: Türkmenistanda ilkinji döwlet portaly işe girizildi. Interneti gözegçilikde saklaýan Aşgabat aragatnaşyk sergisini gurnaýar


Aşgabatda "Türkmentel-2019" aragatnaşyk sergisi öz işine başlady. TDH-nyň suraty.
Aşgabatda "Türkmentel-2019" aragatnaşyk sergisi öz işine başlady. TDH-nyň suraty.

27-nji noýabrda Aşgabatda telearagatnaşyga bagyşlanan “Türkmentel-2019” atly halkara sergi öz işine başlady. Onuň birinji gününde Türkmenistan ilkinji gezek e.gov.tm çelgili döwlet elektronik portalyny işe goýberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Çarşenbe güni aragatnaşyk sergisiniň çäklerinde konferensiýa-da geçirilipdir. Maslahata beýleki daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalary bilen bir hatarda “Rohde & Schwarz” nemes kompaniýasynyň wekilleri hem gatnaşdy. Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň ýanwarda geçiren derňewi bu kompaniýanyň türkmen howpsuzlyk gulluklaryny onlaýn içalyçylyk enjamlary we ekspert maglumatlary bilen üpjün edendigi baradaky maglumatlaryň üstüni açypdy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, sergä gatnaşýan “Rohde & Schwarz”, “Nokia Solutions and Networks”, “Airbus Defence and Space” we beýleki daşary ýurt kompaniýalary sergide kiberhowpsuzlyk, sanly ulgamlary ornaşdyrmak ýaly meseleleri maslahatlaşýarlar.

Sergä gatnaşýan aragatnaşyk kompaniýalaryň hatarynda Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy hem bar. Bu kompaniýa 2012-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň ýeke-täk öýjükli aragatnaşyk kärhanasy bolan “Altyn Asyryň” tehniki binýadyny enjamlaşdyrmaga gatnaşypdy.

Serginiň öz işine başlan ilkinji gününde Türkmenistan e.gov.tm çelgili ilkinji döwlet portalyny işe girizdi. Halkara guramalar Türkmenistanda elektron hökümetiň amal edilişine pes baha berýärler.

BMG-niň dünýäde elektron hökümet ulgamlarynyň ornaşdyrlmagy boýunça 2018-nji ýyl üçin çap eden hasabatynda Türkmenistan bu ugurda 193 ýurduň arasynda 147-nji orunda ýerleşdirildi.

Baş sahypasy “Türkmenistan Online” atlandyrylýan täze türkmen hökümet portalynda raýatlara döwlet hyzmatlarynyň beriljekdigi aýdylýar. Ýöne saýtyň mazmunyndan mälim bolşuna görä, onda hödürlenýän hyzmatlaryň göwrümi çäkli hem-de ujypsyzdyr.

Beýleki tarapdan, hukuk toparlarynyň we synçy guramalaryň hasabatlarynda görä, Türkmenistanda Internet berk çäklendirilýär.

Ýatlasak, hökümete degişli bolmadyk Qurium Media Foundation şwed guramasynyň iýul aýynda geçiren soňky barlaglary türkmen hökümetiniň onlarça habar saýtny we sosial ulgamlary petikli saklaýandygynyň üstüni açdy. Barlagyň netijelerine görä, Türkmenistanyň ýeke-täk internet prowaýderi “Türkmentelekom” beýleki onlarça saýt bilen bir hatarda BBC, Reuters, “Deutsche Welle”, “Eho Moskwy” ýaly habar çeşmelerini petikli saklaýar.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda häkimiýetler resmi derejede Facebook, Twitter, Vkontakte ýaly sosial ulgamlardan peýdalanmaýar. Täze işe girizilen döwlet portalynda-da onuň sosial hasaplaryna çykgyt hödürlenmeýär. Galyberse-de, türkmen hökümeti, barlaglara görä, sosial media saýtlaryny hem petikli saklaýar.

SpeedTest barlag tilsiminiň Internetiň tizligi boýunça maý aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistan 179 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.

Resmi metbugat Aşgabatda geçirilýän telearagatnaşyk sergisine ýerli we daşary ýurtly 90 töweregi kompaniýanyň gatnaşýandygyny habar berýär.

Türkmen mediasyndan mälim bolşuna görä, sergä gatnaşýan myhmanlaryň hatarynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň ogly Bilan Erdogan hem bar. Ýöne döwlet mediasy onuň adyny agzamady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG