Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ýerli hyýar, pomidorlar 3-4 esse arzan bahadan satuwa çykaryldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda ýerli ýyladyşhanalarda ýetişdirilen hyýar, pomidorlar 3-4 esse arzan bahadan satuwa çykaryldy.

“Bu hyýaryň 1 kilogramy 3 manatdan, pomidor 3,5 manatdan satylýar. Öň olaryň 1 kilogramynyň bahasy 10-12 manatdan bahalanýardy. Häzir Eýrandan import edilen 1 kilogram hyýar bolsa 15 manatdan, pomidor 20 manatdan satylýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 21-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, bu hyýar, pomidorlar welaýatyň Farap we Çärjew etraplaryndaky uly ýyladyşhanalarynda ýetişdirilen gök-bakja önümleridir.

Lebaply habarçy duýdansyz döredilen bu arzançylygyň sebäpleri we onuň haçana çenli dowam etjekdigi barada resmi düşündirişiň ýokdugyny aýdýar.

Ýöne ol ýyladyşhanalaryň anonim şertde maglumat beren resmilerine salgylanyp, ýerli hyýar, pomidorlaryň bazarlarda arzan bahadan satylmagynyň sebäplerini olaryň Russiýa we Gazagystan ýaly döwletlere satylmandygy bilen baglydygyny belleýär.

“Bu hyýar pomidorlar çüýräp, zaýa bolmasyn diýen niýet bilen arzan bahadan satylýar. Sebäbi bu önümler Russiýa, Gazagystan ýaly ýurtlaryň standartlaryna doly gabat gelmedi. Şol sebäpli satylmadyk harytlar ýerli bazarlarda arzan bahadan satylýar. Türkmen ýyladyşhanalarynda himiýa dermanlary, azot giňden ulanylýar. Bu hasylyň köp, ýöne onuň hiliniň pes bolmagyna getirýär. Daşary döwletler normadan köp himiýa bar önümleri satyn almaýar. Ýerli bazarlarda eklenç aladasyndaky adamlaryň köpüsiniň bu hyýar, pomidorlara näçe himiýa, azot goşulandygy bilen işi ýok” diýip, habarçy ýyladyşhanalaryň birinde harytlaryň satuwyna gözegçilik edýän işgäriniň sözüni sitirledi.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlary Lebap welaýat häkimligine, ýyladyşhanalara we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Türkmenabatdaky bölümine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Soňky ýyllarda türkmen hökümeti ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle-de daşary döwletlere eksport edilýän gök-bakja önümlerini artdyrmak maksady bilen ýurduň dürli künjeginde ýyladyşhanalary gurýar. Ýyladyşhanalar Gollandiýa, Ispaniýa we Daniýa ýaly ýurtlardan satyn alnan döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edilýär.

Şeýle ýyladyşhanalaryň biri 5-nji dekabrda Ahal welaýatynyň häkimi, türkmen prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gökdepe etrabynyň “Üzümçilik” daýhan birleşiginiň çäginde açyldy.

“Bu ýerde her ýyl içeri hem-de daşary bazarda uly islege eýe bolan pomidoryň 2800 — 3000 tonnasyny almak göz öňünde tutulýar” diýlip, TDH-nyň maglumatynda aýdyldy.

Geçen ýylyň 26-njy iýunynda bolsa, ýurduň döwlet mediasy Türkmenistanyň gök-bakja önümlerini eksport edýän ýurt hökmünde öz pozisiýany berkidýändigini aýdyp, 2019-njy ýylda 15 müň tonnadan gowrak pomidoryň we hyýaryň daşary döwletlere iberilendigini habar berdi.

Bu habarlaryň fonunda, Türkmenistanyň Russiýa eksport eden pomidorynyň karantina degişli edilip, oňa garşy gadaganlygyň girizilendigi barada maglumatlar peýda boldy.

Türkmen häkimiýetleri bu habarlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler. Bu barada döwlet mediasynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG