Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň impiçment diňlenişigi Senatda dowam edýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň respublikan prezidenti Donald Trampyň taryhy impiçment prosesi 21-nji ýanwarda senatda dowam eder.

Garaşylyşyna görä, proses hepdede alty gün alnyp barlyp, ýekşenbe günleri arakesme berler.

20-nji ýanwarda Trampyň aklawçylary tarapyndan hödürlenen netijenamada olaryň Demokratlaryň garşysyna ulanmaga niýetleýän goranyş garaýyşlary has jikme-jik görkezilýär. Demokratlar Trampy Ukraina bilen iş salyşmakda etmişli tapyp, ony wezipe başyndan çetleşdirmäge synanyşýarlar.

Wekiller öýündäki demokratlar 18-nji ýanwarda Trampy “öz şahsy bähbitleri üçin Birleşen Ştatlaryň saýlawyna garyşmak maksady bilen resmi ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp”, ukrain hökümetine “basyş etmekde, soňra hem öz nädogry işi hakdaky Kongresiň derňewini bökdemek üçin ony bassyr-ýussur etmäge synanyşanlykda aýypladylar”.

Trampyň aklawçylarynyň 110 sahypalyk netijenamasynda bolsa prezidentiň nädogry iş etmändigi we hiç bir jenaýat iş etmändigi barada durlup geçilýär.

Trampyň aklawçylary Wekiller öýündäki demokratlar “baş kanuny howply ýagdaýda ýoýdular, senat muny çalt we dolulygyna ýazgarmaly” diýip ýazdylar.

Olar şeýle hem Wekiller öýündäki demokratlar “turuwbaşdan - nähili ýol hem bolsa - bir ýol tapyp, adatdan daşary impiçment güýjüni ýoýmak we ony 2016-njy ýylky saýlawyň netijelerini agdarmak we 2020-nji ýylky saýlawa garyşmak üçin syýasy gural edinmek kararyna geldiler” diýip ýazdylar.

Ilkinji iş düzgüni hökmünde 21-nji ýanwardaky çekişme we ses berişlik senatdaky respublikan köplüginiň başlygy Miç MkKonnell (Mitch McConnell) tarapyndan prosesiň ilkinji tapgyryna degişlilikde teklip edilen düzgünler barada bolar diýlip garaşylýar.

MkKonnelliň 20-nji ýanwarda teklip eden dört sahypalyk kararnamasy boýunça Wekiller öýüniň we Ak tamyň aklawçylaryna, her ikisine-de, deslapky delillerini öňe sürmek üçin iki günüň dowamynda 24 sagat wagt berilýär.

Kararnamada teklip edilen düzgünlerde prosesde şaýatlar görkezme berip, täze subutnamalaryň girizilmegi baradaky soňra ses bermek mümkinçiligi açyk goýulýar

Demokratlaryň şaýatlaryň çagyrylmagy üçin, MkKonnelliň düzgünlerine düzediş girizmäge synanyşmagyna garaşylýar. Şaýatlaryň çagyrylmagynyň impiçment düzgünleri baradaky çekişmeleriň uzaga çekmegine getirmegi mümkin.

Prosesiň düzgünleri kabul edilensoň Wekiller öýündäki demokratlar kanun taýdan yzarlaýjylar topary hökmünde Trampyň garşysyna dawa açarlar.

Trampy etmişli tapmak üçin 100 orunly senatyň üçden iki böleginiň onuň wezipeden boşadylmagy we geljekde, haýsy hem bolsa, beýleki federal edaralarda işe ukypsyzlygy hakda ses bermegi zerur.

Bu netije onçakly ähtimal däl. Sebäbi senatda köplük orna eýe Trampyň öz partiýasyndaky adamlar we respublikan senatorlaryň aglabasynyň partiýanyň liniýasyna laýyklykda ses bermegine garaşylýar.

Planlaşdyrylyşyna görä, Tramp 20-nji ýanwarda giçlik Waşingtondan Şweýsariýa uçup, iki günläp bu ýerde ýylda bir gezek Dawosda geçirilýän Dünýä ykdysady forumynda bolar.

Tramp Waşingtona dolanmagy 22-nji ýanwara planlaşdyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG