Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanda maşgaladaky zorluga garşy kanun çärelerini ýowuz derejä, hatda ölüm jezasyna çenli güýçlendirmek öňe sürülýär


«Maşgalany zorlukdan goramak we öňüni almak» kanunyna düzediş girizmek Gyrgyzystanyň parlamentinde gyzgyn çekişme döretdi.

Hususan-da, deputatlar maşgaladaky zorlugyň ýyldan-ýyla artýandygyny aýdýarlar hem-de beýle ýagdaýyň öňüni alyp, günäkäri jogapkärçilige çekmek meselesinde, kanun goraýjy guramalaryň gowşakdygyny tankyt edýärler.

Gyrgyzystanda soňky üç ýylda üç aýal öz adamsynyň elinden öldi, ýene biri agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirildi.

«Gyrgyzystanyň kanun aktlaryna üýtgeşmeler girizmek hakyndaky» Kanuna laýyklykda «Maşgalany zorlukdan goramak we öňüni almak» kanun ýurduň Ýokary Geňeşinde – parlamentde garalýar. Ol kanun akty Jenaýat kodeksinde 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giripdi.

Içeri işler ministriniň orunbasary Pamirbek Asanow bu temany gysgaça şeýle düşündirdi.

– Jenaýat Kodeksiniň 76-njy maddasyndaky kanunda gelýän ähli tekstlerdäki «gorag orderi» diýlen sözüň öňüne «wagtlaýyn» sözi giriziler. Şeýle hem ol tekstden ‘administratiw jogapkärçilige çekmek’ diýlen düzgün aýrylar – diýip belledi.

Ol deputatlaryň öňünde eden çykyşynda, geçen 2019-njy ýylda 6145 maşgala wagtlaýyn gorag orderiniň berlendigini aýtdy. Maşgaladaky zorluga duçar bolan 8159 faktyň hasaba alnandygyny belledi. Olardan 554 iş suda ýetirilipdir. Jebir çekenlerden hem günä bildirilenlerden 7045 garşylykly arza gowşupdyr. Häzirki wagtda ýene 560 iş derňewde durýar.

Kabul edilmeli täze kanun aktyna laýyklykda, maşgala zorlugyny duçar edene ýerli derňew organy tarapyndan 30 günlük wagtlaýyn gorag orderi berilýär.

Täze kanun proýekti maslahatlaşylanda, deputat Dastan Bekeşew näme üçin maşgalada zorluk döreýär diýip sorag berdi.

Dastan Bekeşew.
Dastan Bekeşew.

– Siz ýüz beren maşgala zorlugyny barlanyňyzda, onuň sebäplerini-de öwrenýän bolsaňyz gerek? Şeýlelikde, näme üçin maşgala zorlugy ýüze çykýar? – diýip, deputat Içeri işler ministriniň orunbasaryna ýüzlendi.

Muňa jogap edip Pamirbek Asanow «esasan ýaramaz durmuş şertleri maşgalada gahar-gazaby döredýär», «köp ýagdaýda bolsa maşgalada är-aýalyň özara düşünişmezligi bilen dawa turýar, esasan şu sebäpler» diýip belledi.

Bu jogap deputatlaryň köpüsini kanagatlandyrmady. Deputatlar 6 müňden gowrak maşgala gorag orderiniň berlendigine garamazdan, maşgaladaky zorlugyň dowam etmegine ünsi çekdiler.

Spikeriň orunbasary Aida Kasymaliýewa parlamente taýýarlyksyz geleni üçin, Pamirbek Asanowyň Ýokary Geňeşiň agzalaryna maşgala zorlugynyň döremegi baradaky beren jogabynyň sowuk-saladygyny aýtdy.

– Ýanwar aýynyň 10 gününde iki aýal öldi, üstesine-de şeýle ýowuzlyga duçar bolup. Siz ynanyp bolmajak informasiýalary getirýäňiz. Ol meselä analitik jogap bermäge derek, çaga gürrüňini edýäňiz. Zorluga esasan aýallar duçar bolýarlar, hut aýallar ölýärler. Eger bu, aýdaly, sehoşlyk bilen bagly ýüze çyksa, serhoş adam doganyny, kakasyny ýa başga birini öldürip bilerdi, ýöne ol aýalyna topulýar. Ol aýalyny öldürip, soňra-da ony günäkärleýär. Onda «şol aýalyň özi günäkär» diýip bolarmy?

Аida Kasymaliýewanyň pikirine görä, maşgaladaky zorlugyň artmagyna kanun goraýjy organlar hem günäkär.

– Şeýle ýagdaý IIM-niň günäsi bilenem artýar. Sebäbi maşgala zorlugyndan şikaýat edip gelen aýallaryň arzasyna ýeterlik ähmiýet bermeýäňiz. Ol siziň üçin jenaýat däl. Ine, biz 8159 arza seretdik, şolardan diňe 554 arza suda geçirilipdir. Maşgaladaky zorluk sebäpli näçe adam jogapkärçilige çekildi? Siz eliňize ýazylyp berleni-de zordan okaýaňyz. Bu utanç dälmidir? Birneme kadaly gürlemek gerek... – diýip, ol aýtdy.

Deputatlar Elwira Surabaldiýewa bilen Rada Tumanbaýewa hem täze kanun aktyndaky pul jerimesini salmak ýa-da jemgyýetçilik işlerine çekmek ýaly ýeňilleşdirilen düzgünleri tankytladylar, olar beýle jenaýat edenlere has ýowuz çäräniň görülmelidigini teklip etdiler.

Olaryň ýoldaşy, deputat Aýnuru Altybaýewa maşgaladaky zorlugy döredýän adama hem ata garşy zerur ýagdaýynda ölüm jezasynyň girizilmegini sorady.

Aýnuru Altybaýewa.
Aýnuru Altybaýewa.

– Şu günki gün maşgala zorlugyna garşy jogapkärçiligi gaty güýçlendirmek zerur. Ejesiz galan gyzyny zoran atany iň ýowuz jeza bilen jezalandyrmak gerek. Eger şoňa gidilse, onda ölüm jezasy ýa-da ömürlik türme tussaglygy hakda gürleşmek gerek. Öz aýalyny ölýänçä ýençýän, şeýdip maşgalasyny dargadýan adamy iň ýowuz jeza duçar etmek gerek. Bizde hiç bir maşgala gymmatlygy galmady. Döwlet telewideniýesinde şu temadan hiç bir gowy programma ýok. Ýaşlaryň arasynda düşündiriş işleri geçirilmeýär – diýip, Aýnuru Altybaýewa aýdýar.

Ministriň orunbasary Pamirbek Asanow öz gezeginde maşgaladaky zorluga degişli kanun proýektiniň täzeden işlenip, soňra parlamente hödürlenjegine söz berdi.

Gyrgyzystanyň IIM-niň maglumatyna görä, maşgaladaky zorluk ýyl-ýyldan artýar. Eger 2012-nji ýylda 2415 fakt hasaba alnan bolsa, 2017-nji ýylda ol görkeziji 7114-de ýetdi. Eýýäm 2019-njy ýylda maşgaladaky zorluklara degişli 8159 fakt hasaba alyndy.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG