Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Darganatada ýerli ýaşaýjylar tiz kömek ulaglarynyň ýetmezçiliginden kösenýär


Illýustrasiýa surtay. Tiz kömek ulagy.

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň ýaşaýjylary etrapda tiz kömek ulaglarynyň ýetmezçiligini başdan geçirýär. Azatlygyň bu welaýatdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, etrap hassahanasynda tehniki näsazlygy bolan 10 töweregi Tiz kömek ulagy ulag maliýe kynçylyklary sebäpli wagtynda işe girizilmeýär, olaryň sürüjileri tölegsiz iş rugsadyna çykaryldy.

Bularyň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde 24-nji ýanwarda habar berdi.

“Darganatanyň etrap hassahanasynda diňe 2 tiz kömek ulagy hereket edýär. 10 töweregi tiz kömek ulagy döwük, pul meselesi sebäpli olara ätiýaç şaýlary satyn alyp bilmeýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy regiondan maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, hatardan çykan ulaglar Tiz kömek gullugynyň garažynda saklanýar. Tehniki näsazlygy bolan ulaglaryň sürüjileri tölegsiz iş rugsadyna ugradyldy.

“[Tiz kömek] lukmanlaryna bolsa keselhananyň içinde 0.25 “stawka” (iş ýüki – red.) hak tölenip nobatçylyk etdirýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Tiz kömek zerurlygy bolan raýatlar näme etmeli diýen mesele çözülmän galýar” diýip, ol sözüne goşdy.

Habarçy bilen söhbetdeş bolan Darganata etrabyna uzak bolmadyk bir obanyň ýaşaýjysy, ýaşuly adam, özüniň Tiz kömek gullugyna jaň edenden soň, başdan geçiren tejribesi barada gürrüň berdi. Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli obanyň hem-de habarçynyň gürrüňdeşiniň adyny mälim etmekden saklanýar.

Onuň sözlerine görä, darganataly ýaşuly geçen hepde gyssagly saglyk meselesi ýüze çykanda Tiz kömek gullugyna jaň edýär. Ol 7 sagatlap gyssagly kömege garaşýar emma tiz kömek “geler ýerde gelmeýär”:

“Tiz kömekden derek bolmansoň, ol öz ýagdaýynyň agyrlaşandygyny gürrüň berdi” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky tiz kömek ulaglarynyň ýetmezçiligi barada etrap hassahanasynda kommentariýa almak synanyşyklary netije bermeýär.

Saglyk pudagynda ilat üçin iň zerur hyzmatlaryň biri bolan Tiz kömek gullugynyň işiniň Türkmenistandaky kynçylyklary barada Azatlyk Radiosy mundan ozal hem habar beripdi. Geçen noýabrda Mary welaýatynyň Tiz kömek gullugynyň sürüjileri, beýleki býujet işgärleri bilen bir hatarda, pagta ýygym möwsüminde “ýygym üçin” goşmaça maliýe serişdesini tölemäge mejbur edilipdi.

Şol bir wagtyň özünde, Lebabyň saglyk resmileri Darganata etrabyndaky Tiz kömek gullugynyň işiniň bökdelmegi we onuň töweregindäki meseleler bilen bagly ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde düşündiriş bilen çykyş etmeýär.

Galyberse-de, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň fonunda, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri, ilatyň soňky wagtlarda köpçülikleýin häsiýetde tebiplerden we şuňa meňzeşlerden haraý gözläp başlandygyny habar berýärler.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýanwaryň ortasynda ýurtda ilatyň dürli kynçylyklar, şol sanda, saglyk meseleleri bilen baglylykda tebiplere, porhanlara we şuňa meňzeşlere has köp ýüz tutup başlandyklaryny habar beripdi. Habarçynyň maglumatlaryna görä, tebiplere hatda çiş keselleri bilen bagly ýüz tutýan raýatlar hem bar. Ýöne tebipleriň Tiz kömek hyzmatlaryny hödürläp hödürlemeýändikleri Azatlyk Radiosyna mälim däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG