Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň ähli hassahanalarynda barlag geçirilýär, keselhanalar “ýok dermanlary”, “bar ýaly” edip görkezýär


Illýustrasiýa suraty. Dermanhana.

Şu hepdäniň başyndan bäri Mary şäherinde ýerleşýän ähli hassahanalarda barlag geçirilýär.

Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň, Welaýat saglyk saklaýyş bölüminiň hem-de Döwlet gözegçilik gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän barlaglarda hassahanalaryň derman üpjünçiligine seredilýär.

Bu barada jikme-jik maglumat beren Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, geçirilýän barlaglaryň fonunda şäher keselhanalarynyň käbirleri öz golaýyndaky dermanhanalardan wagtlaýyn derman alyp, hamala, olary öz hasaplaryndaky dermanlar ýaly edip görkezmäge synanyşýar. Aslynda welin, habarçynyň sözlerine görä, şäheriň keselhanalarynda derman tapdyrmaýar:

“Barlagçylar hassahanalaryň bölümlerindäki dermanlary barlamak üçin gelýärler. Ýöne döwlet tarapyndan hiç hili derman goýberilmeýär” diýip, şäher hassahanalarynyň biriniň işgäri atlandyrylmazlyk şertlerinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Şonda-da, barlag gelende her bölümde goýulmaly dermanlar hökman bolmaly we bu dermanlary hassahana ýakyn dermanhanalardan wagtlaýynça ‘barlag gidýänçä’ diýip alýarlar. Barlagçylar gidenlerinden soňra dermanhanadan alnan dermanlary yzyna berýärler” diýip, saglyk pudagynyň işgäri Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Eger-de döwlet tarapyndan hassahanalara derman goýberilmeýän bolsa, barlag wagtynda barlagçylar özlerine görkezilen dermanlaryň nireden alnandygy bilen gyzyklanmazmy?

Habarçynyň bu soragyna saglyk pudagynyň işgäri şeýle jogap berdi:

“Kagyz ýüzünde dermanlar berilýär. Hassahanada hem kagyz ýüzünde plan doly berjaý edilýär diýlip aýdylýar. Ýöne, gynansak-da bu oýunlardan diňe halk kösenýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde çykyş maryly saglyk pudagynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Maryda we ýurduň beýleki regionlarynda syrkawlaryň derman üpjünçiligi bilen bagly bar bolan problemalar barada habar berip gelýär.

15-nji ýanwarda Azatlyk Mary welaýatynda mümkinçiligi çäkli adamlara, şeýle-de inçekeselden, rak we ýürek kesellerinden ejir çekýän raýatlar zerur dermanlaryň olara döwlet tarapyndan öz wagtynda berilmeýändigini habar beripdi.

“Saglyk ätiýaçlandyrmasyna görä, her Saglyk öýi özüne degişli maýyplaryň dermanlaryny öýüne eltip bermeli. Ýöne eltip bermekden geçen, näsag adamlar ýa-da olaryň hossarlary dermanlary almaga baranda, dürli bahanalar bilen derman bermeýärler. Lukmanlar döwletiň näsaglara derman ýetişdirip bilmeýändigini aýdýarlar” 15-nji ýanwarda maryly bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne beýleki tarapdan, keselhanalarda, Saglyk öýlerinde we dermanhanalarda “ýok” diýilýän dermanlaryň lukmanlar tarapyndan gymmat bahadan satylýandygy barada maglumatlar bar.

Türkmenistan soňky üç ýyla golaý wagtyň dowamynda ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýurtdaky derman gytçylygynyň we olaryň bahalarynyň gymmatçylygynyň fonunda, mümkinçiligi bolmadyk hassa raýatlaryň tebiplerden hem-de tebipçilikden em gözlemäge synanyşýandygy hem habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy dekabryň ortalarynda Saýat etrabyndan beren maglumatynda etrabyň Mülk, Suwçy oba, Awçy, Saýatly daýhan birleşiklerinde köpçülikleýin grip keseline ýolugan çagalaryň derman gytçylygy sebäpli öýlerinde halk tebipçiliginiň esasynda ýüzärlik tütedilip bejerilmäge synanyşylýandygyny habar berdi.

Bu problemalar bilen bagly Azatlyk Radiosynyň Saglyk ministrliginden resmi kommentariý sorap eden synanyşyklary başa barmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG