Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Içeri işler ministriniň çalyşmagyndan soň, Maryda polisiýa aktiwleşdi


Polisýa işgärleri, Türkmenistan (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda şäheriň köçelerinde polisiýa işgärleriniň sany köpelipdir.

"Içeri işler ministriniň wezipesine Çakyýewiň bellenmeginden soň Mary şäherinde polisiýa işgärleriniň sany artdy. Geçen ýylda polisiýany diňe ýol hereketiniň howpsuzlygy aýynyň dowamynda sentýabrda köpçülikleýin görüp bolýardy. Polisiýa işgärleri pyýadalar üçin geçelgelere gözegçilik edipdi, mekdepleriň golaýynda nobat çekipdi. ​Häzir şäherde polisiýa köpeldi. Ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärlerini, polisiýanyň ýerli bölümleriniň işgärlerini we ot söndürijileri pyýadalar üçin ýol geçelgelerinde we banklaryň golaýynda nobatda durmaga mejbur edýärler" diýip, 19-njy noýabrda Azatlygyň regiondaky habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýanyň işgärleri şäheriň tas her bir çatlygynda gije-gündiz yzly-yzyna nobatçy bolup durýarlar, pyýadalary ýoldan geçirýärler. Üstesine, polisiýanyň gözegçiligi gara ýollarda, jemgyýetçilik ýerlerinde, şol sanda banklarda amala aşyrylýar. Ilatyň bolup geçýän ýagdaýlary surata we wideo düşürmeginiň öňüni almak hem polisiýa işgärleriniň wezipesine girýär.

"Ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärlerini her birnäçe metrden görmek mümkin. Olardan yzygiderli gözegçilik etmegi talap edýärler, munuň bilen baglylykda olara patrul awtoulaglarynda oturmaga rugsat berilmeýär. Etraplaryň polisiýa işgärleri şäheriň ähli banklarynyň ýanynda durýarlar, döreýän nobatlary we dawa-jenjelleri hiç kimiň surata düşürmezligine gözegçilik edýärler" - diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Mary şäheriniň banklarynda bankomatlarda pul gytçylygynyň saklanýandygy sebäpli, ençeme aý bäri uly nobatlar döreýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň aýtmagyna görä, köçelerdäki gözegçilige polisiýadan daşary, ot söndürijileri hem çekýärler. Bu ýagdaý ýangyna garşy edaralaryň işgärlerinde nägilelik döredýär.

"Ýangyja garşy gullugyň işgärleri, özleriniň pyýadalary ýolda geçirmek, ýa-da nädogry ýerde goýlan awtoulaglary surata düşürmek ýaly işlere mejbur edilmeginden nägile bolýarlar we özleriniň bu işleri mejbury edýändigini aýdýarlar" diýip, habarçymyz belledi.

Şol bir wagtda-da, Azatlygyň habarçysynyň bellemegine görä, şäheriň ýaşaýjylary şäherde tertip-düzgüne gözegçilik işleriniň pugtalandyrylmagyna oňyn gaýarlar.

"Ilat arasynda içeri işler ministriniň abraýy artýar. Adamlar Çakyýew döwlet baştutany bolsa, halkyň güni gowulanardy diýen pikirleri orta atýarlar. Emma bu ministr gowy işlese köpe barmaýanyny çak edýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.

18-nji noýabrda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy hem IIM-niň ýolbaşçysynyň çalyşmagyndan soň aşgabatly ulag sürüji zenanlarda öz sürüjilik şahadatnamalaryny almaga umydyň dörändigini habar beripdi. Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalary köpçülikleýin ellerinden alynýar, täzeleri berilmeýär.

Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň IIM-ne 1-nji oktýabrdan bäri ýolbaşçylyk edýär. Ondan öň bu wezipäni 10 ýyllap eýelän Iskender Mulikow "korrupsiýa garşy yzygiderli göreş" bahanasy bilen iş başyndan çetleşdirildi.

Noýabr aýynyň başynda Azatlygyň habarçylary, Mulikowyň işden boşadylmagyndan soň polisiýa işgärlerine gizlin gözegçilik edilýändigini habar beripdi. Hususanda-da, Mary şäherinde ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň işine gizlin kameralar bilen gözegçilik edilýär. Azatlyk Radiosy polisiýa işgärleriniň gözegçilik astyna alynmagynyň ministriň işden boşadylmagy we korrupsiýa bilen bagly jenaýat işleriniň gozgalmagy bilen gatnaşygynyň bolup-bolmazlygyny anyklap bilmedi.

Şeýle-de, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri ýollaryň bejerilmeýändigini, pajygaly ýol hadysalaryna sebäp bolýandygyny habar berýärler.

"Lebapda adam pidalaryna getirýän ýol hadysalary köpelýär. Ýollary indi üç ýyl bäri bejermeýärler, döreýän çukurlara beton guýup düzetmeýärler. Kerki-Türkmenabat magistral köçesinde iki metrlik çukurlar döredi. Geçen hepdede şu sebäpli adam pidaly elhenç awariýa boldy. Ýola çykmak howply boldy" diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 19-njy noýabrda habar berdi.

Azatlyk Radiosy ýol hadysalary barada Lebap welaýatynyň polisiýa işgärlerinden maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG