Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan resmisi: “Owganystanda TOPH proýektiniň gurluşygyna ýakyn geljekde başlamak mümkin bolmaz”


TOPH

Owganystanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan- Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi barada ençeme ýyl bäri gürrüň edilip gelinýär. Bu proýekte gatnaşýan ýurtlaryň Günbatar Owganystandaky Hyrat welaýatynda geçiren ýygnagyndan soňra, bu taslamada ilerleýiş bolar diýen umyt döräpdi. Ýöne şondan bäri bir ýyl gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, TOPH proýektiniň gurluşygy meselesinde owgan topragynda öňe gidişlik bolmady.

“Bu halkara gaz geçirijisiniň taslamasy entegem hyýaly bolmagynda galýar” diýip, ykdysadyýetçi alymlar aýdýarlar. Owganystandaky tebigy serişdelere gözegçilik tarapyndan TOPH proýekti bilen bagly deslapky derňew işleri geçirildi. Şol derňewlerden çykýan netijelerden belli bolşuna görä, TOPH taslamasynda ilerleme bolmandyr. Hususan-da, ýer kadalaryny kanunlaşdyrmak meselesi heniz çözülmändir. TOPH gaz geçirijisiniň geçmeli ugrundaky ýerleriň kanuny esaslary bilen bagly Owganystanyň Milli mejlisiniň heniz kanun kabul etmändigini bu ýurduň tebigy resurslara gözegçilik etmek boýunça edarasynyň jogapkär wekili Ybrahym Japary Azatlyk Radiosyna mälim etdi. Şol sebäpden ýer kadalary meselesiniň çözgüdi üçin, azyndan alty aý wagtyň gerekdigini bildirip, Japary şeýle diýdi.

– Owganystanyň kanun kabul ediji edarasy TOPH proýektini henize çenli ara alyp maslahatlaşmady. Milli parlament öňki kanunlaryň üstünde işleýär. Biziň geçiren derňewimizden belli bolşuna görä, TOPH taslamasynyň işi boýunça dürli kynçylyklar bar. Ýeri gelende aýtsak, gaz geçirijiniň geçmeli ýerlerini kanunlaşdyrmak meselesi düýbünden çözülmändir, onuň üçin ýeterlik wagt gerek bolar. Şol esasda owgan topragynda TOPH proýektiniň gurluşygyna ýakyn geljekde başlamak mümkin bolmaz – diýip, Ynrahym Japary Azatlyk Radiosyna aýtdy.

TOPH proýektiniň şu günki güne çenli amala aşman gelmeginiň esasy sebäpleriniň biri hem Owganystandaky howpsuzlyk şertleri bolup durýar. “Gowgaly owgan topragynda TOPH taslamasynyň gurluşygyna başlamak asla ýeňil düşmez” diýip, bilermenler aýdýarlar.

Kabul uniwersitetiniň ykdysadyýet boýunça uly mugallymy Kaýys Muhammediniň aýtmagyna görä, TOPH gaz geçirijisiniň işiniň amala aşmak mümkinçiligi örän pes derejede, çünki Owganystanda dartgynlylyk dowam edýär. “Ýakyn geljekde Owganystanda ýagdaý kadalaşar diýen umyt ýok. Owganystanda dürli ekstremistik toparlar hereket edýärler. TOPH proýektiniň işine haýsydyr bir topar päsgelçilik döretmezlige söz beräýende hem beýleki toparlardan kepillik berjekleri ýok” diýip, Kaýys Muhammedi Azatlyk Radiosyna bildirdi.

– Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi boýunça ilerlemeleriň bolandygyny wagyz edýär. Türkmenistanyň öz içinde gaz turbalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň üçin Türkmenistan daşary ýurtlardan gaz turbalaryny satyn alypdyr.

Emma Owganystanyň Dag magdanlary we tebigy serişdeleri boýunça ministrliginiň metbugat müdiri Abdul Kadyr TOPH gaz geçirijisi bilen bagly ençeme ylalaşyga heniz gol goýulmandygyny habar berdi. Dört ylalaşyga gol çekmek üçin taýýarlyklaryň görülýändigini aýdyp, Abdul Kadyr şeýle diýdi.

– Ýakyn geljekde gaz geçiriji baradaky dört ylalaşyga gol goýlar. Şondan soň Owganystanda hem gaz geçirijiniň gurluşygyna girişiler diýen tama bar. TOPH gaz geçirijisiniň howpsuzlygy üçinem alada edilýär. Tehniki we hukuky taýdan TOPH taslamasy boýunça öňe gidişlikler boldy – diýip, Abdul Kadyr Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Pakistan we Hindistan türkmen gazyny satyn aljak ýurtlardyr. Ýöne satyljak we satyn alynjak gazyň nyrhy bilen bagly dawalar hem ýüze çykdy. Pakistan Türkmenistandan satyn alynjak gazyň bahasynyň arzanladylmagyny soraýar. Hindistan hem Türkmenistandan iberiljek mawy ýangyjyň bahasynyň ýokarydygyny aýdyp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG