Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NPR-iň žurnalisti Pompeo bilen sapar etmeli reportýorlaryň sanawyndan çykaryldy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Ukraina we ýene dört ýurda etjek sapary baradaky “National Public Radio” NPR-iň žurnalistini reportýorlar sanawyna goşmady.

Döwlet departamenti barada habar taýýarlaýan NPR we Döwlet departamentiniň korrespondentler assosiasiýasy SDCA 27-nji ýanwarda Mişel Kelemeniň (Michele Kelemen) Pompeo bilen sapar etmeli toparyň sanawyndan çykarylandygyny aýtdy.

SDCA-nyň aýtmagyna görä, onuň sanawdan çykarylmagyna bir işdeşiniň Pompeo bilen eden söhbetdeşligi üçin öç almak sebäpli diýlip garalýar. Pompeo birnäçe gün mundan ozal NPR-iň žurnalisti Mary Louise Kelliniň Ukraina baradaky soraglaryna gaharly jogap gaýtarypdy.

“Döwlet departamentiniň metbugat korpusynyň edýän saparlarynda, döwlet sekretarlaryna ýoldaşlyk etme däbi bar, biziň pikirimizçe, assosiasiýanyň bir agzasynyň jezalandyrylmagy kabul ederliksiz” diýip, assosiasiýanyň başlygy Şaun Tandon bir beýanatda aýtdy.

Döwlet departamentiniň bolsa NPR-iň žurnalistiniň sanawdan çykarylmagy barada entek beren beýanaty ýok.

Kelli söhbetdeşligi Pompeo bilen 24-nji ýanwarda alyp bardy.

Ol öten ýyl prezident Donald Tramp tarapyndan wezipeden boşadylan Amerikanyň Ukrainadaky ilçisi Marie Ýowanowiçi goramak hakda sorag berlende, döwlet sekretarynyň gaharlanyp, söhbetdeşligi kesendigini aýtdy.

Kelliniň aýtmagyna görä, şondan soňra söhbetdeşligi dowam etdirmek üçin, ondan Pompeonyň hususy otagyna barmak haýyş edilipdir. Kelli Pompeonyň gygyryp, hapa sözleri aýdandygyny, amerikanlaryň aglabasynyň Ukrainanyň nirededigini-de bilmeýändigini ileri sürendigini aýdýar.

Kelliniň aýtmagyna görä, Pompeo ondan, “sen amerikanlar Ukrainanyň aladasyny edýändir öýdýäňmi” diýip sorapdyr.

Soňraky beýanatda Pompeo žurnalisti söhbetdeşligi taýýarlanda ýalan sözlemekde aýyplap, onuň interwýudan soňraky gepleşigi ýazgydan aýyrmak bilen ylalaşandygyny aýtdy.

NPR Pompeonyň beýanatyna jogap gaýtaryp, Kellini “iň dogruçyl” žurnalist diýip atlandyryp, özüniň onuň habarynyň arkasynda durandygyny aýtdy.

Žurnalistleri goramak baradaky komitet hem bir beýannama çykaryp, Pompeony tankytlap, onuň hereketi Tramp administrasiýanyň metbugata gönükdirilen “duşmançylygynyň” ýene bir alamaty diýdi.

Trampyň ýaranlary Ýowanowiçi prezidentiň syýasy garşydaşynyň Ukrainadaky işi barada derňew geçirilmegini bökdemekde aýypladylar. Tramp iýul aýynda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen eden telefon gepleşiginde Ýowanowiçi “ýaramaz habar” diýip atlandyrdy.

Ýowanowiçiň başlygy Pompeo onuň abraýyny açyk goramandygy hakda berlen soraga jogap bermekden saklandy.

Demokratlaryň kontrollygyndaky Wekiller öýi geçen aýda Trampy öz ygtyýarlygyndan galp peýdalanmakda we Kongresiň işini bökdemekde aýyplap, impiç edensoň, Birleşen Ştatlaryň senaty häzir kazyýet seljerişini alyp barýar.

Bu aýyplamalaryň – ýa impiçment maddalarynyň – ikisi-de prezidentiň Ukraina baradaky hereketleri bilen baglanşykly.

Pompeonyň daşary ýurtlara etjek sapary 29-njy ýanwarda başlanýar.

Ol bu saparda media azatlygynda alada döredýän üç ýurt - Belarusa, Gazagystana we Özbegistana-da barar.

Sanawdan çykarylan Kelemen döwlet departamenti hakda 20 ýyllap habar taýýarlap gelen adam. Ol özüniň sanawdan çykarylmagy hakda hiç bir delil görkezilmändigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG