Kanadanyň hökümeti 2020-2021-nji okuw ýyly üçin dört ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlary üçin ‘scholarship’, ýagny doly tölegli okuw maksatnamasyny yglan etdi.
Bu ‘scholarship’ programasy Kanadanyň kollejinde, tehniki institutynda we uniwersitetinde iki ýyl möhlete çenli doly akademik okuwyny göz öňünde tutýar.
Arzalar 2020-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda kabul ediler.
Türkmenistandan başga-da, bu programma Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň talyplary ýüz tutup bilýärler.
Bu baradaky has köp maglumaty EduCanada resmi saýtyndan alyp bolar.
Teswirleri gör (1)
Has köp teswir ýükle