Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Özbegistana sapar edip, gazak, gyrgyz, täjik, türkmen we özbek kärdeşleri bilen duşuşýar


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo we Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow. 3-nji fewral, 2020 ý.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo we Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow. 3-nji fewral, 2020 ý.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Waşingtonyň Özbegistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek baradaky kararyny ýene bir gezek tassyklamak bilen özüniň gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa eden saparynyň ahyrky gününe girişdi.

Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow 3-nji fewralda özbek paýtagty Daşkentde Pompeo bilen gepleşik geçireninden soňra, öz ýurdunyň goňşy Owganystandaky ýagdaýy nazara almak bilen işjeňliklerini utgaşykly alyp bermagy dowam etdirjekdigini, şeýle hem beýleki regionlar bilen-de gatnaşyklaryny ösdürmäge synanyşýandygyny aýtdy.

“Waşington Özbegistanyň din azatlygy, mejbury we çaga zähmetini ýok etmek, adam hukuklary, şeýle hem söz azatlygy boýunça howpsyz şertleri döretmekde öten ýyl uly öňegidişlik edendigini ykrar etdi” diýip, Kamilow aýtdy.

Pompeo şu gün giçlik özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gürleşip, gazagystanly, gyrgyzystanly, täjigistanly, türkmenistanly we özbegistanly kärdeşleri bilen "C5+1" duşuşygyna gatnaşar.

“Biz, elbetde, howpsuzlyk ýagdaýlary barada gürrüň ederis, bu döwletleriň arasyndaky ykdysady integrasiýa barada gürrüň ederis. Şeýle-de, bu milletleriň “syýasy azatlyklar, ykdysady ýagdaýlar we adam hukuklary babatynda” öz ýurtlaryny özgertmek mümkinçilikleri hakda gürrüň ederis” diýip, Pompeo saparynyň başynda aýtdy.

Ozalky premýer-ministr Mirziýoýew 2016-njy ýylda özünden öňki prezident Yslam Kerimow öldi diýip yglan edileninden soňra prezident boldy. Kerimow 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargamazdan öň Merkezi Aziýanyň ilat taýdan iň uly ýurdunda zabunlyk bilen höküm sürüp başlapdy.

Kerimowyň döwründe adam hukuklarynyň aýak asty edilmegi giňden ýaýran Özbegistanda Mirziýoýew ýurduň çöken ykdysadyýetini dikeltmek, dürli reformalary amala aşyrmak ugrunda hereket edip başlady.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramalar şindi-de Özbegistandaky şertler hakda alada bildirýärler. Mysal üçin, “Freedom House” özüniň “Freedom On The Net 2018” hasabatynda Özbegistana “azat däl” diýip, baha berip, internet ýagdaýy ol ýerde öňküsi ýaly “repressiwligine” galýar diýdi.

Uly möçberdäki nebit-gaz gorlaryna eýe Özbegistana regionda Orsýetiň we Hytaýyň täsirlerine garşy güýç diýip garalýar. Ol owgan urşunda we aşa yslamçy söweşijilere garşy göreşde Waşington bilen ýaranlyga girdi.

Gazagystanda prezident Kasym-Žomart Tokaýew we öňki prezident Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşan Pompeo bu ýerden Özbegistana bardy.

Pompeo 2-nji fewralda gazak paýtagty Nur-Sultanda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde öňki sowet respublikasyny Hytaýyň Şinjiang regionyndaky musulman azlyklara edýän zulumy hakda Hytaýa basyş etmekde Waşingtona goşulmaga çagyrdyp, Birleşen Ştatlar Merkezi Aziýanyň “gülläp ösmegini” isleýär diýdi.

Pompeo Waşingtonyň goldawyny beýan etmek üçin Nur-Sultanda ýokary derejeli resmiler bilen duşuşdy. Waşington regiona täsir ugrunda Moskwa we Pekin bilen bäsleşýär.

Waşington energiýa baý Gazagystana Merkezi Aziýada Orsýete garşy güýç diýip garaýar. Hazar deňzindäki nebit ýataklaryny özleşdirmäge goşulan amerikan kompaniýalary bu ýerde milliardlarça dollar maýa goýdular.

“Biz Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň regiondaky başga bir ýurda dilegçi ýa bakna bolmagyny däl-de, garaşsyz we özbaşdak bolmagyny isleýäris” diýip, Pompeo aýtdy.

Pompeo 1-nji fewralda belarus prezidenti Alýaksandr Lukaşenka bilen Minskde we 31-nji ýanwarda hem Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen Kiýewde duşuşdy.

Öz saparyna 29-njy ýanwarda Britaniýadan başlan Amerikanyň döwlet sekretary bu ýerde ýurduň daşary işler ministri Dominik Raab we premýer-ministr Boris Jonson bilen duşuşdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG