Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň häkimiýet başyndaky partiýasy parlament saýlawlarynda köplügi aldy


Ýerli saýlaw komissiýanyň agzalary saýlaw býulletenlerini sanaýarlar. 9-njy fewral, Baku.

Geçirilen irki saýlawlardan soňra Azerbaýjanyň häkimiýet başyndaky “Täze Azerbaýjan” partiýasynyň ýurduň bir palataly parlamentinde orunlaryň aglaba köplügini almagyna garaşylýar.

Synçylar prezident Ylham Alyýew öz kakasy bilen egindeşlikde bolan elitany çetleşdirip, reformalar arkaly öz ygtyýarlygyny güýçlendirer diýýärler.

10-njy fewralda sesleriň 87 prosenti sanalandan soňra, Merkezi saýlaw komissiýasy “Täze Azerbaýjan” partiýasynyň 125 orunly parlamentiň 64 ornuny alandygyny aýtdy.

Komissiýanyň maglumatynda bellenmegine görä, ses berişlige gatnaşanlaryň sany 47.81 prosent. Bu bolsa öňki parlament saýlawlaryndakydan sekiz prosente golaý aşakdyr.

Garaşylýan netije dogry bolup çyksa, onda häkimiýet başlyndaky partiýanyň gazanany onuň irki saýlawdan öň Milli mejlisdäki ornundan diňe bir orun az bolar.

9-njy fewralda geçirilen saýlawlarda diňe birinden başga Milli mejlisiň beýleki orunlaryny almagy başaranlaryň hem aglabasy “Täze Azerbaýjan” partiýasynyň ýöredýän syýasatyny goldaýar.

Ses berilişik mahaly dürli, şol sanda ençeme gezek ses bermek, garaşsyz gözegçilere basyş etmek ýaly, bidüzgünçilikleriň bolandygy aýdyldy.

Media elýeterligiň we parahatçylykly üýşmeleň hukugynyň çäklendirilmegi sebäpli oppozision partiýalaryň käbiri ses berişligi boýkot etdiler.

Azerbaýjan 1991-nji ýylda Sowet Soýuzyndan garaşsyz bolaly bäri, ýurtda geçýän saýlawlara halkara synçylary tarapyndan ençeme gezek demokratik ölçeglerden bärde diýip baha berildi.

17 ýyl mundan ozal kakasy ölmezden az wagt öň ýurda höküm sürüp başlan 68 ýaşly Alyýew barha aşaklaýan ykdysadyýet sebäpli halkyň arasynda dörän närazylyklardan soňra dekabrda, möhletinden dokuz aý öň täze saýlawa çagyrdy. “Täze Azerbaýjan” partiýasy Alyýewiň “reforma” programmasyny amala aşyrmak üçin, parlamentiň düzümi üýtgedilmeli diýdi.

Ýöne analizçiler ýurduň uzak wagt bäri çetleşdirilen oppozisiýany we oppozisýon liderlerini güýçlendirmeli hakyky reformalaryň deregine prezident ynamdan gaçan köne elitany ýaş tehnokratlar bilen çalşyp hem hökümetiň abraýyny artdyrmagy umyt edýär diýýärler.

Garaşsyz Turan habar gullugynyň direktory Mehman Alyýew Azatlyk radiosyna: “Ýeke-täk maksat kandidatlaryň bir bölegini parlamentden çykaryp, olaryň ýerine täzelerini oturtmak – başga zat däl” diýdi.

Tankytçylaryň aýtmagyna görä, Alyýew bilen onuň ýaranlary prezidentiň kakasy tarapyndan başlanan oruntutar liniýasyny howpsuzlandyrmagyň ýoluny agtarýar. Sowet döwründe KGB-niň başlygy we Syýasy býuronyň agzasy bolan Haýdar aradan çykmazdan az wagt öň prezidentligi öz ogluna geçiripdi.

“Nesiliň täzelenmegi”

Alyýewiň reforma plany hökümetde we geçen ýylyň aýagynda 62 ýaşly ykdysatçy Ali Asadowyň premýer-ministr bellenmegini öz içine alan administrasiýasynda bolan düýpli özgerişlere eýerýär.

“Muny ‘awtoritar döwrebaplaşdyryş’, sol berk awtoritar çäkde jemgyýetçilik hyzmatlaryny netijeli etmek üçin edilýän tagalla diýip suratlandyryp bolar. Muny halkyň uly bölegi gutlar, ýöne bu ýeterlik bolarmy” diýip, Karnegi merkeziniň Gündogar Ýewropa we Kawkaz boýunça bilermeni Tomas Waal adýar.

“Dogry, nesliň täzelenmegi ýolda. Bu Azerbaýjanda reforma ganatlanar diýildigimi? Muňa şübhelenere käbir deliller bar” diýip, ol sözüniň üstüne goşýar. Soňra hem diňe Bakuwda ýerleşýän söwda-syýasy elitanyň ýurduň kontrollygyny ele geçirmegi üçin köne gwardiýa taşlanýar diýýär.

Käbir tankytçylar partiýanyň parlamentiň düzümini üýtgetmek bilen Alyýewiň aýaly wise-prezident Mehriban Alyýewa ýol arçap, ony soňra prezidentlige getirmegi umyt edýän bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.

Aslynda bolsa Azerbaýjanda parlamentiň ygtyýarlygy çäkli, ýurtda syýasy ygtyýarlygyň saldamly bölegi prezidentiň elinde.

2008-nji, 2013-nji we 2018-nji ýyllarda gaýtadan saýlanan Alyýew 2009-njy ýylda we 2016-njy ýylda geçen referendum bilen öz ygtyýarlygyny berkitdi. Referendumlaryň biri ýurtda prezidentligi iki möhlet bilen çäklendirdi, beýlekisi hem prezidentlik möhletini uzaldyp, ýedi ýyl etdi.

Ýöne Stambulda ýaşaýan azerbaýjanly syýasy kommentator Arzu Geýbullaýewanyň aýtmagyna görä, soňky saýlawa öňki parlament saýlawlaryndan tapawutly diýip garalýar, munuň sebäbi ýa garaşsyz ýa-da “Hereket” diýilýän täze syýasy ýaranlykda güýç birikdiren täze “hakyky kandidatlaryň” peýda bolmagydyr.

Irki saýlawlar dekabrda yglan edileninden soňra gurlan “Hereket” adam hukuklary aktiwistlerini, hukuk adwokatlaryny, saýlaw synçylaryny, blogçylary, feministleri, ýaş aktiwistleri we syýasatçylar bir ara getirdi.

9-njy fewralda saýlaw merkezleri ýaňy açylanda käbir nägilelikler hem boldy. Käbir garaşsyz synçylar adamlaryň dürli merkezlerde ses berenini ýa ençeme gezek ses berenini görendiklerini aýtdylar.

Kandidatlaryň biri bir ‘Tiz kömek” ulagynyň saýlawçylary dürli saýlaw merkezlerine äkidýändigini görendigini aýdýar.

Beýleki synçylaryň aýtmagyna görä, olara saýlaw merkezlerine girmäge ýol berilmändir. Bir kandidat, aktiwist we blogçy Bahtyýar Hajyýew Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugyna ilki özüňi hasaba aldyraňok diýip, Bakuwda ses bermegine ýol berilmändigini aýtdy. Ýöne soňra bir saýlaw resmisiniň aýtmagyna görä, Alyýewiň ses bermäge geljekdigi sebäpli şol saýlaw merkezine elýeterlik çäklendirilipdir.

Saýlaw resmileri 1637 kandidaty hasaba aldylar.19 sany syýasy partiýa 272 kandidaty dalaşa çykardy. Olaryň 123-i “Täze Azerbaýjandan”, 25 oppozision “Musawat” partiýasy, 21 hem oppozision “Umyt” partiýasyndan.

Jemi 81 kanun çykaryjy, iş başyndan aýrylyp barýan parlamentiň üçden iki bölegine golaýy hem gaýtadan saýlanmaga synanyşdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG