Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow kompýuteriň, telefonyň we planşetiň ‘zyýanlary’ barada ilkinji gezek aç-açan çykyş etdi. Indi näme bolar?


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň, ýetginjekleriň we dürli ýaşdaky adamlaryň köp wagtyny kompýuteriň, telefonyň we planşetiň başynda geçirýändiklerini, bu ýagdaýyň olaryň saglygyna zyýan ýetirýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habar agentligi TDH habar berýär.

Çarşenbe güni prezident ýurduň parlamentinde deputatlar bilen duşuşdy.

“Häzirki döwürde kompýuter hem-de maglumat ulgamlarynyň ösüşi bilen baglylykda, çagalar we ýetginjekler, şeýle hem dürli ýaşdaky adamlar köp wagtyny kompýuteriň, telefonyň we planşetiň başynda geçirýärler. Şu sebäpli, adam az hereket edýär, gipodinamiýa ýagdaýynda galýar. Bu bolsa onuň gözlerine ýaramaz täsir edýär, semredýär we saglyga başga-da birnäçe zyýan ýetirýär” diýip, prezident kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Täze tehnologiýalara derek, prezident, ýaşlary milli oýunlara çekmäge, olara milli medeniýeti, dili, edebiýaty, taryhy we sporty söýdürmäge çagyrdy. “Bu tutuş döwürleýin ähmiýetli wezipedir” diýip, prezident aýtdy.

“Şu mesele boýunça beýleki döwletleriň tejribesi öwrenilse we zerur bolanda kanunlarymyza milli ýörelgelerimize laýyk gelýän kadalar girizilse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin” diýip, prezident söze dowam etdi.

Bu ýurtda ähli pudakda sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň ähmiýetini gaýtalaýan prezidentiň täze tehnologiýalara garşy negatiw äheňde eden ilkinji aç-açan çykyşydyr. Ýöne Türkmenistanda, halkara hukuk goraýjy guramalaryň hasabatlarynda-da tassyklanylşy ýaly, häkimiýetler uzak ýyllaryň dowamynda ýurtda maglumat ulgamlaryny çäklendirmek, şol sanda raýatlaryň Internetden we ykjam telefonlardan maglumat almak mümkinçiliklerini gysmak ugrunda tagalla edip gelýär.

Prezidentiň täze tehnologiýalaryň zyýanlary barada köpçüligiň öňünde eden soňky aç-açan çykyşy ýurduň bilim işgärlerine, galyberse-de okuwçylara, şeýle-de saglyk pudagynyň işgärlerine döwlet edaralaryna telefon getirmegiň gadagan edilmeginiň yzýanyna gabat gelýär. Bu gadagançylyk barada Azatlyk Radiosy bir aý bäri yzly-yzyna habar berip gelýär.

Ýatlasak, ýanwaryň ortalarynda paýtagtyň orta mekdeplerine okuwçylaryň we mugallymlaryň mobil telefon getirmegi täzeden gadagan edilipdi. 13-nji ýanwarda Aşgabadyň mekdeplerinde ene-atalar bilen ýygnak geçirilip, olara okuwçylara mekdepde telefon götermegiň gadagan edilendigi mekdep mugallymlary tarapyndan duýduryldy. Bu gadagançylygyň mugallymlary hem öz içine alýandygy mälim edildi.

Munuň yzýany mekdeplerdäki telefon gadagançylygy Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlaryna-da baryp ýetdi. Ýerlerdäki mekdeplerde ene-atalar bilen ýygnak geçirilip, olara okuwçylaryň mekdebe telefon getirmeginiň gadagan edilýändigi duýduryldy. Ýygnaklarda klas ýolbaşçylar ‘telefonlaryň çagalaryň terbiýesine ýetirýän zyýanlary’ barada dürli mazmundaky mysallary gürrüň berdiler’ diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji ýanwarda maglumat berdi.

Aradan sähel salym geçenden soň, heniz ýanwar ýaňy ortadan aganda mekdeplerdäki täze telefon gadagançylygy “öz miwesini” berip başlady. Azatlygyň habarçysy 16-njy ýanwarda Aşgabadyň 15-nji orta mekdebinde okuwçysy mekdepde telefon bilen tutulan bir mugallymyň meýletin-mejbury işden çykarylandygyny habar berdi. Azatlyk Radiosy bu waka bilen bagly 17-nji ýanwarda mekdep administrasiýasyndan kommentariýa sorap jaň etdi. Şonda özüni mekdep müdiri diýip tanyşdyran resmi “mekdeplerdäki telefon gadagançylygyny” tassyklady.

28-nji ýanwarda iş ýerlerde mobil telefon götermek gadagançylygy saglyk edaralaryna-da baryp ýetdi. Şonda Azatlygyň habarçysy Aşgabadyň medisina işgärlerine işe telefon getirmegiň gadagan edilendiginiň duýdurylandygyny habar berdi.

11-nji fewralda Aşgabadyň orta mekdeplerine mobil telefon getiren okuwçylaryň ene-atalaryna 100 manat möçberinde pul jerimesi salnyp başlandy. Muny ýerli habarçylarymyz habar berdi.

Prezidentiň telefonlar boýunça eden soňky çykyşy bu wakalaryň edil yzýanyna gabat gelýär.

Galyberse-de, prezident deputatlaryň öňünde eden çykyşynda bu mesele boýunça beýleki döwletleriň tejribelerini öwrenip, muny kadalaşdyrýan täze kanunlary çykarmagy teklip etdi.

Maglumat üçin aýdylsa, mundan ozal Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşlary Russiýa we Hytaý ýaly awtoritar häsiýetde dolandyrylýan ýurtlar maglumat ulgamlaryny, şol sanda Interneti çäklendirýän dürli kanunçylyk namalaryny güýje girizipdiler. Human Rights Watch guramasy soňky hasabatynda Hytaýyň maglumat giňişligine edýän berk gözegçiligini ýiti tankyt edipdi. Gurama şonda Türkmenistandaky çäkli maglumat elýetlerliligini hem tankytlapdy.

Mundan ozal, Azatlygyň geçen ýyl geçiren garaşsyz derňew işi türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň telefonlaryny yzarlamak üçin daşary ýurt IT kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýändiginiň üstüni açypdy.

Azatlygyň habarçylary häkimiýetleriň raýatlaryň el telefonlaryny ellerinden alyp barlaýandygy barada mundan ozal telim sapar habar beripdi.

2016-njy ýylda düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy türkmen prezidentini “Internetiň ganym duşmany” yglan etdi.

Ýurtda köp sanly Internet resurslary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň hem-de Türkmenistan barada habar çap edýän beýleki garaşsyz neşirleriň websaýtlary petikli bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG