Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maryda arassaçylyk işleri dowam edýär. Aeroportda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi


Mary şäheriniň elektrik edarasynyň işgärleri Kemine köçesiniň ugrundaky yşyklandyryş çyralaryny çalyşýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna etjekdigi aýdylýan sapary bilen baglylykda, Mary şäheriniň köçelerinde köpçülikleýin ýagdaýda arassaçylyk we abatlaýyş işleri güýçli depginde dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän maryly habarçysy, geçen hepdeden tapawutlylykda, şu günler bu arassaçylyk işleriniň şäheriň diňe Kemine köçesiniň ugrunda we ondan uly metjide çenli aralykda geçirilýändigini aýdýar.

“Jemagat hojalygy we beýleki gurluşyk edaralarynyň işgärleri ýoluň gyralaryndaky dükanlaryň, edaralaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ählisiniň penjirelerini ýuwýarlar. Kemine köçesiniň ugrunda göze görünýän ýaşaýyş jaýlaryň daşyny we üçegini gyzyl hem-de ýaşyl reňklere boýalýar. Bu işler diňe göze görünýän ýerlerde geçirilýär. Häzir bu köçäniň ugrunda her 50 metrden 20 çemesi adamy görse bolýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 12-nji fewralda gürrüň berdi.

Mundanam başga, habarçy Marynyň aeroportunda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini, onuň merkezi girelgesinde adamlaryň ýeke-ýekeden barlagdan geçirilýändigini aýtdy.

Baýramaly şaýolunyň gyrasyna ekilen arça baglary
Baýramaly şaýolunyň gyrasyna ekilen arça baglary

“Bu ýerde polisiýa işgärleri gapydan giren adamlary jikme-jik barlaýarlar. Olar adamlardan jübülerini çöwürmegi we köwüşlerini çykarmagy talap edýärler. Soňra-da olar ellerini adamlaryň jübülerine sokup, endamyň ähli ýerlerini we jorabyny elleri bilen barlaýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol soňky birnäçe günüň dowamynda Marynyň aeroportunyň golaýynda, Baýramaly şaýolunyň ugrunda arça baglarynyň ekilendigini hem aýdýar.

“Oba hojalyk kärhanalaryna degişli tehnikalar we traktorlar aeroportuň golaýyndaky potrat ýerlerini hem agdardy” diýip, habarçy belledi.

Aeroportuň golaýynda agdarylan potrat ýerleri
Aeroportuň golaýynda agdarylan potrat ýerleri

Türkmen häkimiýetleri tarapyndan bu arassaçylyk işleriniň we barlaglaryň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýär. Bu barada Mary welaýat häkimliginden we aeroportundan hem kommentariý alyp bolmady. Bu arassaçylyk çäreleri we döwlet baştutanyň Mara sapar etjekdigi barada resmi metbugatda hem häzirlikçe maglumat göze ilmeýär.

Ýöne howpsuzlyk aladalary sebäpli Azatlygyň habarçysy bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly býujet işgärleriniň ençemesi bu işleri Berdimuhamedowyň welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosy Mary şäheriniň köçelerinde köpçülikleýin ýagdaýda arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň geçirilýändigi barada 6-njy fewralda hem habar beripdi. Şonda maryly habarçy prezidentiň ilki Lebaba, soňra-da Mara sapar etjekdigi barada maglumatlaryň bardygyny aýdypdy.

Mundan öň, 3-nji fewralda bolsa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň köçelerinde köpçülikleýin ýagdaýda arassaçylyk işleriniň geçirilýändigi habar berildi. Azatlygyň habarçysy bu işleriň döwlet baştutanynyň ýakyn wagtda Lebaba etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdypdy.

Türkmenistanda Berdimuhamedowyň ýurduň sebitlerine edýän saparlarynyň öňýany, adatça welaýatlaryň administratiw merkezlerinde döwlet baştutanynyň saparyna berk taýýarlyk görülýär. Esasy ýollar arassalanýar we bejerilýär, ýol kenarlaryndaky jaýlar we jähekler reňklenýär. Şeýle-de, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG