Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda koronawirus howpy barada ýazmaça maglumat paýlaýarlar, Hytaýdan baranlar karantine salynýar


Türkmenistanda koronawirus howpy barada paýlanýan ýazmaça maglumat, fewral, 2020

Hytaýda täze koronawirusyň pidalarynyň sanynyň köpelýän wagtynda Türkmenistanyň häkimiýetleri ilaty koronawirus we beýleki ýokanç keller barada habarly etmek çärelerini geçirýärler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar bermegine görä, şu günler paýtagtda ilata ýazmaça görnüşde çap edilen maglumatlar paýlanýar:

- Bukletleri diňe keselhanalarda we klinikalarda ýaýratman, kärhanalarda, mekdeplerde, we öýme-öý aýlanyp gowşurýarlar. Men bu işiň möçberini kesgitläp bilmerin, emma tanyşlarymyň ählisi öz ýanlaryna baryp, gysga düşündiriş berlendigini we howpuň bardygy, hut koronawirus barada göni aýdylyp, çap edilen şeýle maglumatlaryň gowşurylandygyny aýdýarlar.

Onuň sözlerine görä, keselhanalarda arassaçylyk çäreleri güýçlendirilipdir, işgärler gapylaryň tutawajlaryny ýuwýar, günde 3-4 gezek pullar ýuwulýar. Ýüzi maskaly näsaglar köpelýär, käbir lukmanlar hem hassalary maska dakynyp kabul edýärler.

Azatlygyň Aşgabatdaky ýene bir habarçysynyň sözlerine görä, paýtagtda beýleki ýokanç keselleriň, hususan-da gripiň we gepatitiň ýaýramazlygy üçin zerur çäreler barada ilata düşündiriş bermek boýunça ýygnaklar geçirilýär.

- 9-njy keselhananyň lukmanlary 10-njy etrapçanyň mekdeplerine baryp grip we gepatit, elleriň arassaçylygy barada gürrüň etdiler we mekdeplerde çagalara maska dakynmaga rugsat berdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň bellemegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda medisina maskalary we wiruslara garşy dermanlar tiz gutarýar, dermanhanalarda däri-derman gytçylygy döreýär.

10-njy fewralda Hytaýda koronawirusdan ýogalanlaryň sany ýene köpelip, 900 adamdan aşdy. Hytaýyň hökümeti karantin çärelerini yglan etdi we infeksiýanyň ýaýramazlygy üçin tutuş şäherleri üzňeleşdirdi.

Türkmenistan koronawirusa garşy çärelerini bu keseliň Hytaýda ýüze çykmagyndan bir aýdan gowrak wagt geçensoň yglan edipdi we Pekin bilen howa gatnawyny wagtlaýyn togtadypdy.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň hökümeti Hytaýdan tutuş dünýä ýaýraýan koronawirusyň epidemiýasyny açyk agzaman gelýär we ýurtda alnyp barylýan çäreleri kommentirlemeýär.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we garaşsyz media serişdeleriniň maglumatlaryna görä, ýurda Hytaýdan baranlaryň, şol sanda studentleriň we söwdagärleriň ýerleşdirilýän karantin zolaklary döredilipdir.

Häkimiýetler karantin ýerleriniň bardygy, olaryň nirede ýerleşýändigi, şol ýerde saklanýan adamlaryň sany we ýagdaýy barada dymýarlar. Lebapdaky habarçymyz şu sebäpden Hytaýdan gelip, karantine düşenleriň ýakynlarynyň, şeýle-de ýurduna dolanyp bilmän Hytaýda galýan türkmenistanlylaryň ýakynlarynyň howsala düşýändigini belleýär:

- Karantinde saklanýan studentleriň ene-atalary alasarmyk we aladaly ýagdaýda. Üstesine, ýüzlerçe student ýurduna gaýdyp bilmän Hytaýda galýar. Reýsleriň ählisi ýatyryldy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylaryna 3-nji fewralda mälim bolşuna görä, Hytaýdan Türkmenistana baranlar Lebap welaýatynda Türkmenabat şäheriniň eteginde saklanýarlar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 4-nji fewralda habar bermegine görä, karantin zonalaryň ýene biri Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda Duşak obasynda ýerleşýär.

10-njy fewralda Azatlygyň Marydaky habarçysy ýurduň bu regionyndaky ýagdaý barada habar berdi:

- Adamlar aladaly. Köpçülik ýurtda wirusy anyklamak üçin gurallaryň ýokdugyndan howatyrlanýar, şeýle-de wirusyň tapylan ýagdaýynda häkimiýetleriň muňa taýýar bolmajagyny çak edýärler. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýaşaýan we işleýän hytaý raýatlarynyň ençemesi bar, olar Hytaýyň kompaniýalarynyň işgärleri. Olary ýerli sanepidemstansiýasynda hasaba alýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirus howpy barada ilaty habarly etmek çärelerini bu keseliň Hytaýda döremeginden bir aýdan gowrak wagtyň geçmeginden soň amala aşyryp başladylar.

Muňa garamazdan, habarçylarymyzyň bellemegine görä, ýurt ilaty keseliň howpy barada esasan daşary ýurt habar serişdelerinden, şol sanda ilat arasynda köp görülýän Türkiýäniň we Orsýetiň telewideniýesinden bilýärler.

Habarçylarymyzyň bellemegine görä, häkimiýetleriň wirus barada dymmagyny dowam etdirmegi jemgyýetde aladalanmalary güýçlendirýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda koronawirus bilen bagly ýagdaýa degişli resmi maglumatlary ýurduň saglygy saklaýyş resmilerinden, şol sanda Saglygy saklaýyş ministrliginden we Howply ýokanç keseller boýunça döwlet gullugyndan alyp bilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri dünýä ýaýraýan şu çaka çenli näbelli koronawirusy diňe bir gezek resmi taýdan agzadylar. Daşary işler ministrliginiň websaýtynda bu barada çap bolan maglumatda ýurtda ilaty zerur dermanlar we medisina serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça ähli çäreleriň görlendigi habar berildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG