Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Ýok etmäge görkezme bar'. Koronawirusa garşy göreş öýsüz haýwanlara-da täsir ýetirdi


Aşgabat, ýanwar, 2020
Aşgabat, ýanwar, 2020

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary paýtagtda itleriň we pişikleriň awlanmagynyň ýene-de güýçlendirilendigini habar berýärler. Itleri we pişikleri ýok etmek tabşyrygy jemagat gulluklarynyň we öý dolandyryş edaralarynyň işgärlerine berlip, häkimiýetler munuň zerurlygyny koronawirusyň öňüni almak çäreleri bilen baglanyşdyrypdyr.

- 11-nji fewralda sişenbe güni Bagtyýarlyk etrabynyň häkimliginde geçirlen ýygnakda öý dolandyryş edaralarynyň we dürli jemagat gulluklarynyň wekillerine köçede galan, şeýle-de öýlerdäki ähli pişikleri "ýok etmäge görkezme bar', sebäbi olar 'koronawirusy ýaýradýarlar' diýdiler, - diýip Aşgabatdaky habarçymyz 16-njy fewralda habar berdi.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimliginden resmi düşündiriş alyp bilmedi, şeýle-de şeýle tabşyryklaryň başga etraplaryň häkimliklerinde-de berlip-berilmändigi belli däl.

Aşgabadyň köçelerinde itleri we pişikleri şäheriň kommunal gulluklarynyň, öý dolandyryş edaralaryň we ýörite tehnika bilen şähere aýlanýan gulluklaryň işgärleri tutýarlar. Şeýle-de, köçe süpürijileriň haýwanlary zäherleýändigini habarçylarymyz habar beripdi.

Üstesine, aşgabatly haýwanlary goraýjylaryň sözlerine görä, şu günler Aşgabatda haýwanlaryň awlanmagy käbirler üçin gazanç çeşmesine öwrülipdir.

"Ganly biznes gülläp ösýär. Jemagat işgärleri tarapyndan eýelerinden ogurlanan tohum pişikleri we itleri bu ganhorlar haýwanlary goraýjylara pula teklip edýärler. Munuň bahasy hem yzygiderli ýokarlanýar her birine 50 manatdan 150 manada çenli soralýar. Ýaňy getirilen, entek horlanyp ýetişmedik itleri, köplenç alabaýlary et we ýag üçin türmelerde inçekesele uçran öňki tussaglara satmak işi ýola goýuldy"- diýip, aşgabatly haýwanlary goraýjy aktiwist adynyň efirde tutulmazlyk şerti bilen 17-nji fewralda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýurtdaky garyplyk we işsizlik şertlerinde haýwanlary satmak işi diňe bir olary tutýan gulluklar üçin girdejili bolman, eýse weterinar gulluklaryň hem aeroportuň işgärleri üçin girdeji çeşmesine öwrülipdir.

"Haýwanlary ýurtdan çykarmak düzgünleri haýwanlaryny äkitmek isleýänleriň hemmesine aeroportda elýeterli däl. Olar aeroportuň işgärleri tarapyndan diňe dilden aýdylýar we olar gapma-garşy maglumat berýärler. Weterinar gulluklary hem bar bolan düzgünlere laýyklykda dokument bermeýär. Emma, haýwanlary äkitmekde zerur bolan dokumentler üçin resmi bolmadyk aşa ýokary nyrhlary kesýärler" diýip, aşgabatly haýwanlary goraýjy Azatlyga gürrüň berdi.

Aşgabadyň häkimiýetleri öýsüz haýwanlaryň awlanmagyna degişli meseläni açyk agzaman gelýärler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary we türkmenistanly haýwanlary goraýjylar paýtagtyň köçelerinde haýwanlaryň awlanmagy, köpçüligiň gözüniň öňünde öldürilmegi, zäherlenmegi barada yzygiderli habar berýärler. Soňky döwürde haýwanlaryň eýeleri öýde saklanýan haýwanlaryň ogurlanýandygyny aýdyp, aladalanma bildirýärler.

Noýabrda türkmenistanly aktiwistler topary ýurtda haýwanlaryň ýok edilmegine garşy gol toplap başlady we Change.org. websaýtynda çagyryş ýerleşdirdi. Munuň bilen aşgabatly aktiwistler Türkmenistanyň häkimiýetleriniň rehimsizlikden el çekip, öýsüz haýwanlar bilen bagly meseläni siwilizlenen ýol bilen çözüp başlajagyna umyt baglapdy.

Şu günki gün aşgabatly haýwanlary goraýjylar häkimiýetleriň çagyryşlara üns bermän, haýwanlar babatyndaky rehimsizliklere ýol bermegini dowam etdirýändigini gynanç bilen belleýärler.

"Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawodyň ýanyndaky itleriň ölüm lageri barada köp sanly maglumatlaryň çap bolmagyna garamazdan, haýwanlaryň gynalyp, öldürilmegi dowam etdirilýär. Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň häkimleriniň çalyşmagyndan soň hem ýagdaý üýtgemändi. Tersine, it awlaýan awtoulaglar Ahal welaýatynyň territoriýasynda has aktiw herekete geçip, galan itleri, aýratynam öýde saklanýanlary tutýar, şol ýerde öldürilmedikleri angara eltýärler" - diýip, aşgabatly haýwanlary goraýjy 17-nji fewralda gürrüň berdi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň we haýwanlary goraýjylaryň sözlerine görä, paýtagtyň we onuň eteginde tutulan irleri we pişikleri Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawodyň giňişliginde ýerleşýän ýowuz şertli ýere alyp barýarlar, şeýle-de, Bedew massiwinde şäher administrasiýasyna degişli bir giňişlikde ýerleşýän çukura zyňýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG