Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habaryndan soň, hususy penahanalara täze ýeriň beriljekdigi aýdylýar


Aşgabadyň köçeleriniň birindäki it
Aşgabadyň köçeleriniň birindäki it

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda eýesiz jandarlaryň hususy penahanalarynyň ýapylmaly edilendigi barada çap eden makalasyndan soň, türkmen häkimiýetleri olara täze bir ýeriň bölünip beriljekdigini aýtdylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Ýatlatsak, 7-nji ýanwarda türkmen häkimiýetleriniň Türkmenistanda eýesiz it-pişikleriň resmi taýdan hasaba alnan ilkinji hususy penahanany - “Umyt adasyny” we hususy eýeçilikdäki başga-da “Arassa penje” we “Maňa ömür sowgat ber” atly penahanalary ýapýandygy mälim boldy. Şonda häkimiýetler penahanalaryň eýelerine üç gün wagt möhletini berdiler. Olar penahanalardan aýrylmadyk it-pişikleriň özleri tarapyndan ýok ediljekdigini duýdurdylar.

“Häzir olara täze ýer bölünip berilmedi, ýöne esasy zat onuň beriljekdigi aýdyldy. Şeýle-de, häzirki wagt esasy ýeňiş – bu haýwanlary heniz öldürmediler. Ýöne indiki etapda nämäniň boljagy heniz belli däl. Sebäbi Türkmenistanda berlen wadalar we çykarylan kararlar hem üýtgäp durýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 9-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Şeýle-de, penahanalaryň käbiriniň ýolbaşçylar bu mesele barada Imo messenjerinde maglumatlary paýlaşyp, häzirki etapda meseläniň çözülendigini bellediler we raýdaşlyk bildiren adamlara sagbolsun aýtdylar.

Penahanalaryň eýelerini ýakyndan tanaýan aşgabatly ýaşaýjynyň Azatlygyň habarçysyna anonim şertde beren maglumatyna görä, Azatlyk Radiosynyň çap eden habaryndan soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň türkmen paýtagtyndaky edarasynyň käbir wekilleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýüzlenýär.

“BMG-niň takyk haýsy guramasynyň ýa-da bölüminiň ýüzlenendigi we olaryň ministrlige anyk näme aýdandygy barada maglumat ýok. Ýöne olaryň bu ýüzlenmesinden soňra, ýurduň Daşary işler ministrligi şäher häkimligine ýüzlenipdir. Şondan soňra penahanalara täze ýeriň bölünip beriljekdigi aýdylypdyr” diýip, habarçy aşgabatly ýaşaýjynyň sözlerini sitirledi.

10-njy ýanwarda Azatlyk Radiosy BMG-niň Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän edarasy bilen habarlaşyp, bu maglumatlar barada kommentariý almaga synanyşdy.

Edaranyň telefona jogap beren, türkmen dilinde gepleýän resmisi özüni tanyşdyrmakdan saklandy we bu mesele boýunça BMG-niň Aşgabatdaky haýsydyr bir edarasynyň tagalla edendigi ýa-da etmändigi baradaky soraga anyk jogap bermedi.

“Biz şu wagt soradyk nemeden welin, biz onuň ýaly mesele bilen meşgullanamyzok diýýär. Agzybir gepleşendirler. Bizde onuň ýaly habar ýok” diýip, BMG-niň Aşgabatdaky edarasynyň telefona jogap beren resmisi aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň bu maglumatlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Aşgabat şäher häkimligine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Bu aralykda, Türkmenistanda ilatda tarapyndan giňden ulanylýan Imo messenjerinde we Instagram sosial ulgamynda eýesiz itleri we pişikleri halas etmäge, olary öz ýanlaryna almaga çagyryş edýän mazmundaky suratlaryň we maglumatlaryň çap edilmegi dowam edýär. Bu maglumatlar Instagramyň türkmen dilli ulanyjylarynyň, şol sanda Türkmenistanda tanalýan şahsyýetleriň “storis” bölümlerinde hem paýlaşyldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we aşgabatly haýwanlary goraýjylar türkmen paýtagtynda geçirilýän “arassalaýyş işleriniň” çäginde eýesiz itleri we pişikleri köpçülikleýin tutmak hem-de gynap öldürmek çäreleriniň indi ençeme ýyl bäri yzygiderli dowam edýändigini aýdýarlar.

Olaryň sözlerine görä, tutulan haýwanlar köplenç dessine öldürilýär ýa-da Çoganlyda öýsüz haýwanlaryň saklanýan ýerine tabşyrylýar, olar şol ýerde açlykdan we ýowuz şertlerden heläk bolýarlar.

Aşgabadyň häkimiýetleri eýesiz jandarlaryň öldürilmegine degişli meseläni resmi derejede agzamaýar. Bu barada döwlet mediasy hem dymýar.

Bu habarlaryň fonunda, geçen ýylyň sentýabrynda türkmen häkimiýetleri Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumyny açdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG