Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak protestçileri ‘nädogry ipoteka kreditleri’ hakda öňki prezident bilen duşuşmagy talap etdiler


Gazak paýtagty Nur-Sultanda ýygnanan protestçiler. 17-nji fewral, 2020 ý.

Gazagystanyň dürli regionlaryndan gelen onlarça protestçi paýtagt Nur-Sultana ýygnanyp, özleriniň “nädogry ipoteka kreditleri” we gazak kazylarynyň “ýalňyş” kazyýet kararlary diýilýänleri hakda öňki prezident Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşmagy talap etdiler.

17-nji fewralda protestçiler häzir Gazagystanyň täsirli Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy we “milletiň ýolbaşçysy” diýen titula eýe Nazarbaýewden başga onuň uly gyzy, Senatyň başlygy Dariga Nazarbaýewa, şeýle hem prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň edarasynyň başlygy Erlan Koşanow bilen duşuşmagy talap etdiler.

Polisiýa güýçleri Nur-Sultanda demonstrantlara prezidentiň baş karargähine geçmäge ýol bermän, olaryň prezident Tokaýewiň edarasynyň ýerleşýän binasyna barmagyny bökdediler.

Gahardadygy görnüp duran protestçileriň köpüsi özleriniň entek gurlup tamamlanmadyk jaýlaryndaky kwartiralara ipoteka töleýändiklerini aýtdylar.

Käbirleri hem Gazagystanyň raýat we jenaýat kazyýetlerinden adalatly kararlary alyp bilmeýändikleri hakda nägilelik bildirdiler.

Demonstrasiýa prezident Tokaýew 14-16-njy fewralda Mýunhende geçen Howpsuzlyk konferensiýasyndan soňra Germaniýada bolan wagtynda boldy.

2019-njy ýylyň fewralynda paýtagtda bir jaýda bolan ýangynda eje-kakasy agşam işdekä bir maşgaladan bäş çaga öleninde, aradan bir ýyldan gowrak wagt geçeli bäri Nur-Sultanda protestler bolýar.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargamazdan öň ýurdy dolandyryp başlan 79 ýaşly Nazarbaýew Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikasyna prezidentlik edip geldi.

Özüniň otuz ýyla golaý ýolbaşçylyk döwründe başgaça pikirlilere o diýen çydamlylyk görkezmedik Nazarbaýew şindi-de Gazagystanyň häkimiýet başyndaky Nur-Otan partiýasyna liderligi dowam etdirýär.

2019-njy ýylyň martynda garaşylmadyk ýagdaýda prezidentlik wezipesinden çekilýändigini yglan eden Nazarbaýew Tokaýewi özüne oruntutar belledi.

Tokaýew gowşak bäsleşikli we halkara synçylary tarapyndan “giňden ýaýran bidüzgünçilikli ses berişlik” diýip atlandyrylan saýlawdan soňra iýun aýynda iş başyna geçdi.

Opponentler, tankytçylar we hukuk toparlary Nazarbaýew köp raýatlaryň esasy hukuklaryny inkär edip, demokratik prosesleri ýoýmak bilen 18.7 million ilatly ýurtda öz ygtyýarlygyny uzaltdy diýýärler.

1991-nji ýyldan bärde Gazagystanda geçen saýlaryň hiç birine halkara synçylary erkin we adalatly diýip baha berenok.

Gazagystanyň ozalky paýtagty Astana 2019-njy ýylda Nazarbaýewiň hormatyna täze at dakyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG