Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda ýolbaşçy wezipedäki aýal hijap atynan zenana gödek daraşandygy üçin käýinç aldy


Nilufar Rajabowa.

Täjigistanda Aýallaryň işi baradaky komitetiň bir bölüminiň ýolbaşçysy Duşenbe şäheriniň ýaşaýjysy Nilufar Rajabowanyň işi bilen baglanyşykda käýinç aldy.

Nilufar geçen ýylyň 14-nji dekabrynda kanun goraýjy guramalar tarapyndan, Duşenbe şäherinde geçirilen reýdde saklanýar. Hijap atynýandygy üçin ony paýtagtyň içeri işler bölümine getirip, düşündiriş işlerini geçirdiler hem birnäçe sagatlap ol ýerde sakladylar. Nilufaryň sözüne görä, bölümde ol milisionerler tarapyndan masgaralanypdyr, kemsidilipdir hem haýbat atmalara duçar bolupdyr.

Täjigistandaky Aýallaryň işi we maşgala baradaky Komitetiň wekili Sahobat Mahmadaliýewa 12-nji fewralda geçen metbugat konferensiýasynda çykyş edip, ýüze çykan ýagdaýyň Komitetiň başlygynyň gatnaşmagynda, ara alnyp maslahata goýlandygyny aýtdy. Netijede, Nilufar bilen baglanyşykly geçirilen «düşündiriş gepleşiklerine» gatnaşan, paýtagtyň Sino raýonynyň Aýallaryň işi we maşgala baradaky Komitetiň ýolbaşçysyna gödek hereketleri üçin käýinç berlipdir.

«Biziň komitetimiziň işgäri edepsiz hereketleri üçin käýinç aldy. Nilufaryň aýtmagyna görä, onuň elinden garbap tutup, milisiýa bölümine getiripdirler. Geçirilmeli çäre beýle bolmaly däl, adamyň mertebesini hem namysyny kemsidip bolmaz. Geljekde beýle hereketiň gaýtalanmajagyna umyt edýäris» diýip, Sahobat Mahmadaliýewa aýdýar.

Ol resminiň sözüne görä, olar bolup geçen waka barada, Nilufar Rajabowa bilen duşuşyp, bolan ýagdaýlar barada jebir çekeniň öz dilinden eşitmek isläpdirler, ýöne Nilufar olaryň çakylygyna barmandyr.

Bu resmi şeýle hem ol Komitetiň adyndan peýdalanyp, çäkden çykma hereketleriň ýüz berýändigine alada bildirdi, aýratyn-da hijaba garşy kampaniýanyň dogry däldigini aýtdy. «Şeýle ýagdaýlar bolýar, reýd geçirilen ýagdaýynda biziň Komitetimize degişli bolmadyk biri özüni Komitetiň agzasy hökmünde tanadýar. Soňra onuň biziň komitetimiz bilen hiç bir dahylynyň ýokdugy aýan bolýar» diýip sözüne goşdy.

Mahmadaliýewa şeýle ýagdaý ýüze çykanda aýallara özüni komitetiň işgäri hökmünde tanadýandan gulluk şahadatnamasyny görkezmegi talap etmegi maslahat berdi.

Ýatlatsak, paýtagtyň Sino raýonynda geçen ýylyň 18-nji dekabrynda Nilufar Rajabowa garşy 550 somoni jerime salnypdy. Ol şol gezekde-de hijaba garşy geçirilen reýd mahalynda saklanypdy. Soňra ol sud tarapyndan ownuk huligançylykda aýyplandy, ony Sino raýonynyň Aýallaryň işi we maşgala baradaky ýerli komitetiň ýolbaşçysy Rano Abdullaýewany kemsidenlikde günäli tapdylar. Nilufar Rajabowa bolsa ony kemsitmedigini öňe sürýär.

Aýtmagyna görä, Nilufar ony hiç wagt kemsitmändir, gaýtam onuň özi kemsidilmä duçar bolupdyr hem milisionerler tarapyndan haýbat atylypdyr. Munuň üçin ol ýokarky sud organyna şikaýat edýär, ýöne 22-nji ýanwarda Duşenbe şäher sudy öňki raýon sudunyň gelen kararyny öz güýjünde galdyrýar. Şondan soň Nilufar Rajabowa raýon milisiýasynyň üstünden, Täjigistanyň Baş prokuraturasyna arza beripdir.

Täjigistanyň resmi hökümetleri hijap atynany üçin aýalyň saklanandygy baradaky fakty ret edýär. Ýöne soňky ýyllarda aýallaryň daşky egin-eşigine garşy kontrollygyň güýçlenedigini aýdýarlar. Hususan-da, okuw jaýlarynyň işgärlerine, döwlet edaralarynda işleýänlere dini egin-eşikde işe gelmek gadagan edildi.

Nilufar Rajabowa Täjigistanda gadagan edilen Yslam täzeden döreýiş partiýasynyň aktiwisti Rahmatulloi Rajabyň gyzydyr. Ol öňräk terrorizmde hem jenaýatçylykly toparlar bilen gatnaşykda we ýaragly gozgalaňa gatnaşmakda günäli saýylyp, 28 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Halkara hukuk goraýjy guramalar Duşenbäniň serhetden daşardaky oppozisiýa wekilleriniň golaý hem ýakyn garyndaşlaryny yzarlaýandygyny birnäçe gezek aýtdylar. Ýakynlarynyň üsti bilen daşardakylaryň dymmagyny ýa-da ýurda gelmegini gazanjak bolýarlar. Täjigistanyň hökümetleri işden boşatmak, soraga çekmek, yzarlamak hem-de açyk ýa-da gizlin ýagdaýda gorkuzmak ýaly ençeme mejbur ediji çäreleri giňden ulanyp, ýurduň hökümetine ýakymsyz bolanlaryň hossarlaryny gorkuzmaga çalyşýarlar diýip, hukuk goraýjylar aýdýarlar.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG