Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak polisiýasy ýowuz çaknyşyklara sebäp bolmakda aýyplanýan etniki dunganlara degişli üç dogany tussag etdi


Gazagystanyň Žambul regionynda otlanan binalar

Gazagystanyň günorta regiony Žambulda polisiýa 11 adamyň başyna ýeten etnikara çaknyşyklara sebäp bolandygy çaklanýan “ýol gazaby” dawasy bilen ilteşiklikde, etniki dunganlara degişli üç dogany tussag astyna aldy.

Baş prokuroryň edarasynyň 18-nji fewralda bildirmegine görä, Woingui maşgalasyndan bolan we polisiýa hüjüm etmekde aýyplanýan üç doganyň işi Kordaý etrap kazyýetine iberilipdir.

Prokurorlaryň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri 7-nji fewralda Sortebe obasynda doganlaryň biriniň sürüp gelýän awtoulagyny durzupdyr. Olar hakyky sürüjilik şahadatnamasy ýokdugy we ulagyň hasaba alnandygyna degişli resminama görkezmändigi sebäpli sürüjä özleri bilen ýakyndaky polisiýa edarasyna gelmelidigini aýdypdyrlar.

Häkimiýetler onuň bu işden boýun towlap, iki doganynyň oturan ýeri bolan bir hususy öýe gaçyp girendigini aýdýarlar.

Baş prokuroryň edarasy üç dogan öýden ylgap çykyp, polisiýa hüjüm etdi diýýär.

Çaknyşykdan alnan wideoda, görnüşine görä, ýaragsyz üç doganyň polisiýa işgärlerini ýumruk bilen urmagy we häkimiýetleriň hem olary yza itmäge synanyşýandygy görünýär.

Wideo 7-nji fewralda “ýol-gazaby” hadysasynda aýry-aýry ulaglardaky iki toparyň arasynda turan dawa bilen baglanyşykda şaýatlar tarapyndan sosial mediada ýerleşdirildi.

Gazak häkimiýetleri ýerli gazaklar bilen Gazagystanyň raýatlary bolan asly hytaýly musulman topar dungan azlygy arasynda dörän çaknyşyklara sebäp bolan zat “ýol-gazaby” diýip atlandyrylan hadysa diýýär.

Sortebe, Masançi, Aukattu we Bulan-Batur obalarynda bolan gandöküşikli çaknyşykda 11 adam ölüp, onlarça adam, şol hatarda 19 sany polisiýa işgäri ýaralandy.

Etniki çaknyşyklarda otuzdan agdyk öý, 17 sany söwda jaýy we 47 awtoulag weýran edildi ýa olara zyýan ýetdi.

Gazaply hereketleriň turan obalaryndan 20 müňden agdyk adam gaçyp gitdi. Bularyň hem aglaba köplügi dunganlar.

Gaçanlaryň köpüsi Merkezi Aziýada dunganlaryň köplük bolup ýaşaýan ýeri goňşy Gyrgyzystanyň Çuý regionyna bardylar.

Gazak häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, obasyny terk eden dunganlaryň köpüsi birnäçe gün soňra Gazagystana dolanyp gelipdir.

Ýöne gazagystanly dunganlaryň näçesiniň Gyrgyzystanda galandygy belli däl.

Çaknyşyklardan soňra Gazagystanyň merkezi hökümeti ýokary derejeli regional resmileriň köpüsini, şol sanda ýerli polisiýa başlygyny-da wezipesinden boşatdy.

Hui diýip hem tanalýan dunganlar sünni musulmanlarydyr. Olar mandarin dialektinde gürleseler-de, arapçadan, parsçadan we türki dillerden alnan sözleri we söz düzümlerini-de ulanýarlar.

Dunganlaryň ata-babalary Hytaý hökümeti 1862-77-nji ýyllaryň aralygynda dunganlaryň gozgalaňyny gazaply basyp ýatyranyndan soňra şol wagtlar rus imperiýasyna degişli bolan Merkezi Aziýa gaçyp geldiler.

Häzir öňki sowet respublikalarynda ýaşaýan dunganlaryň tutuş sany 120 müň töweregi.

Olaryň aglaba köplügi Gyrgyzystanyň demirgazyk regiony Çuýde, şeýle hem Gazagystanyň goňşy regiony Žambulda ýaşaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG