Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň migrasiýa gullugynda daşary ýurt pasportyny almak isleýänleri geljek ýylyň nobatyna ýazýarlar


Türkmenabadyň migrasiýa gullugy (arhiw suraty)

Daşary ýurt pasportyna eýe bolmak üçin Türkmenabat şäheriniň migrasiýa gullugyna ýüzlenýänleriň dokumentlerini tabşyrmak nobatlary indiki ýylyň fewral aýynda ýeter.

Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, soňky günlerde migrasion gullugyna ýüzlenýän adamlara daşary ýurt pasporty üçin dokument tabşyrmak mümkinçiligiň 2020-nji ýylyň fewral aýynda boljagyny aýdyp, nobata ýazýarlar. Muňa garamazdan, edaranyň öňünde nobatlar saklanýar.

"Şu günler daşary ýurt pasportyny almak isleýänleriň sany ýeterlik, edaranyň öňünde uly nobatlar saklanýar. Ýöne indi migrasiýa gullugyna ýüz tutýanlara 2020-nji ýylyň fewral aýynda dokument tabşyrmak üçin kartoçka berýärler. Şeýle-de, dokumentler tabşyrylandan soň, pasporta iki aý garaşmaly boljagyny aýdýarlar", - diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 1-nji oktýabrda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, daşary ýurt pasporty üçin nobatlaryň artmagy regionyň ilatynyň arasynda daşary ýurtlara işe we okuwa gitmek isleýänleriň gitdigiçe köpelmegi bilen bagly.

"Häzir sebitde işsizleriň sany köpelýär. Her ýyl ýaşlaryň orta mekdebi tamamlamagynyň we armiýany gutarmagynyň netijesinde müňlerçe ýaş işsizler iş gözleginde daşary döwletlere aşmak arzuwlary bilen daşary ýurt pasportyny edinmegiň ugruna çykýar. Raýatlarymyz daşary döwletlere çykmakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolsalaram il içinde daşary döwletlerde zähmet çekmäge bolan islegler birjigem peselmedi" - diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosy daşary ýurt pasportyny almagyň häzirki tertipleri barada Türkmenabadyň migrasiýa gullugynyň özünden maglumat alyp bilmedi.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary soňky iki aýyň dowamynda Daşogzuň migrasiýa gullugynda pasport almak isleýän raýatlaryň nobatlarynyň öňküsinden köpelendigini habar beripdi.

Munuň bilen bir wagtda-da, Türkmenistanyň häkimiýetleri daşary ýurtlardaky raýatlarynyň şahsyýetini anyklamak işlerini geçirýärler, şeýle-de raýatlaryň ýurduň daşyna gitmegini kynlaşdyrýan we türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda galmagyny agyrlaşdyrýan düzgünleri girizýärler.

Awgust aýynyň başynda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary Maryda polisiýa işgärleriniň daşary ýurtlarda galýan raýatlar barada maglumat toplaýandygyny we olaryň garyndaşlaryny polisiýa çagyrýandygyny habar beripdi.

Şu ýylyň fewral aýynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndaky çeşmä salgylanyp, häkimiýetleriň raýatlaryň daşary ýurtlarda soraýan dokumentlerini bermek düzgünlerini agyrlaşdyrmak meselesine seredýändigini habar beripdi.

Ýurduň häkimiýetleri ilatyň migrasiýasyna degişli resmi statistikany çap etmeýärler. Şeýle-de, raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyna degişli girizilýän çäklendirmeleri resmi taýdan kommentirlemeýärler. Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, soňky 10 ýylyň dowamynda tas 1,9 million adam Türkmenistany terk edipdir.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG