Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenistan indi maslahat etmeli däl-de, herekete geçmeli”


Aşgabat şäheri
Aşgabat şäheri

Aşgabatda ýurduň Adam hukuklary boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirilip, onda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişi barada maslahat edildi.

TDH-nyň maglumatyna görä, 19-njy fewralda ýurduň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda geçirilen ýygnaga milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem käbir halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

“Ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga hem-de döwletiň hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilen çäreler amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär” diýlip, habarda bellenilýär.

Aýdylşyna görä, foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda käbir konwensiýalary ýerine ýetirmek we Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça milli hasabatlar üçin teklipleriň taýýarlanylandygy habar berildi. Ýöne resmi habarda, adatça bolşy ýaly, bu konwensiýalaryň we teklipleriň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmady.

Bu ýygnak “Human Rights Watch” (HRW) guramasynyň dünýäniň 100 töweregi ýurdunda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça çap eden soňky hasabatyndan bir aý çemesi soňa gabat geldi.

15-nji ýanwarda ýaýradylan hasabatda türkmen hökümetiniň gözgyny adam hukuk tejribelerinde 2019-njy ýylda ösüşiň göze ilmändigi aýdyldy. “Türkmenistan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de onuň ýaranlarynyň awtoritar häkimiýetiniň astynda repressiw hem-de üzňe ýurt bolmagynda galýar” diýlip, hasabatda bellenilipdi.

20-nji fewralda Azatlyk Radiosy Aşgabatda geçirilen ýygnak barada guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hugh Willimason bilen söhbetdeş boldy.

Willimason Türkmenistanyň ýurtda adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilişini maslahat etmek üçin halkara guramalary, şol sanda BMG bilen maslahat geçirmegini gowy garşy alýandyklaryny aýtdy. Ýöne ol Türkmenistanyň bu borçnamalary berjaý edişi babatynda hiç bir öňe gidişligiň ýokdugyny nygtady.

“Türkmenistan dünýäde adam hukuklaryny iň köp depeleýän ýurtlaryň biri bolup galýar. Bu ýurtda esasy azatlyklaryň tas ählisi doly çäklendirilýär. Türkmen türmelerinde örän köp syýasy tussag saklanýar. Şeýle-de, onlarça syýasy tussag dereksiz ýitirim edildi. Olaryň dogan-garyndaşlary we hossarlary bu tussaglaryň diridigini ýa ölendigini bilmeýärler. Şol sebäpli Türkmenistan adam hukuklary babatynda ösüş gazanmak üçin indi maslahat etmeli däl-de, herekete geçmeli” diýip, Williamson aýtdy.

Şeýle-de, ol Türkmenistanyň raýatlaryň erkin öz pikirini aýdyp bilmegi üçin Konstitusiýasyndaky kanunlary berjaý etmelidigini hem belledi.

Türkmenistan onlarça ýylyň dowamynda dünýäde adam hukuklaryny we raýat azatlyklaryny iň gödek bozýan ýurtlaryň hatarynda agzalýar. Halkara guramalarynyň we Günbatar döwletleriniň hasabatlarynda Türkmenistanda raýatlaryň syýasy, ykdysady, medeni we dini azatlyklarynyň gödek depelenýändigine üns çekilýär.

Belläp geçsek, türkmen häkimiýetleriniň adam hukuklary boýunça geçiren soňky maslahaty, beýleki meseleler bilen bir hatarda, ýurt raýatlarynyň daşary döwletlere çykmagynyň çäklendirilýändigi, jaýlary ýykylan ýaşaýjylara jaý berilmeýändigi, jynsy bir bolan adamlaryň meýletin jynsy gatnaşyklary üçin jenaýat işine çekilýändigi we ilatyň zähmet, pensiýa haklaryny öz wagtynda nagtlaşdyryp bilmeýändigi barada habarlaryň gelip gowuşýan mahaly geçirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG