Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Golaýda ministr bellenen Serdar Berdimuhamedow “jemgyýetçiligiň ünsüne hödürlenýär”


Serdar Berdimuhamedow tatar resmileri bilen duşuşýar. Arhiw suraty.
Serdar Berdimuhamedow tatar resmileri bilen duşuşýar. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri prezidentiň ogly, Serdar Berdimuhamedowyň halkara saparlary barada habar berýär.

20-nji fewralda TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine täze bellenen Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynda iş saparynda bolýar.

Türkmen wekiliýeti kiçi Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 18-20-nji fewral aralygynda Russiýanyň Sankt Peterburg şäherinde boldy.

Bu saparyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy. TDH-nyň maglumatlaryna görä, taraplar duşuşygyň dowamynda gurluşyk we senagat ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maslahat edipdir.

“Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburga saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi” diýip, TDH ýazýar.

13-nji fewralda Beglow Aşgabada sapar edip, prezident Berdimuhamedow bilen duşuşypdy.

Türkmen metbugaty Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň 17-18-nji fewralda Russiýa Federasiýasynyň çägindäki Tatarstan respublikasyna sapar edip, tatar prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşandygyny habar berdi.

7-nji fewralda prezident Berdimuhamedow ogly Serdary Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine belledi.

Ondan ozal 17-nji iýun – 7-nji fewral aralygynda, 7 aýdan gowrak wagtyň dowamynda kiçi Berdimuhamedow Ahal welaýatyna ýolbaşçylyk etdi.

Onuň Ahal welaýatyna ýolbaşçylyk eden döwründe, türkmen mediasynyň habarlaryna görä, bu welaýat pagta we bugdaý plan borçnamalaryny “artygy bilen ýerine ýetiripdir”.

Galyberse-de, prezidentiň oglunyň Ahala ýolbaşçylyk eden döwründe, welaýatyň çäginde ýerleşýän Gökdepe etraby ýurtda “iň ýokary netije gazanan etrap” diýip ykrar edilipdir, hem-de bu etraba $1 million möçberinde pul baýragy berlipdir.

Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowa soňky üç ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurduň Mejlisinde we daşary syýasat edarasynda dürli ýokary wezipeler, şeýle-de syýasy nukdaýnazardan ýurtda iň esasy welaýat bolan Ahal welaýatynda häkimlik wezipesi ynanyldy.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi wagtal-wagtal prezidentiň oglunyň ýurtda täze gurulýan desgalaryň açylyş dabaralaryna, ýa-da olaryň düýbüni tutuş dabaralaryna gatnaşýandygyny görkezýär.

Syýasy synçylar 38 ýaşly Serdaryň ýurduň döwlet baştutanlygy wezipesine taýýarlanylýandygyny aýdýarlar.

Halkara hukuk guramalary Türkmenistanyň awtoritar häsiýetde dolandyrylmagyny tankyt edip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG