Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gökdepä $1 million pul baýragy berildi, Berdimuhamedowyň atasy ýatlandy


Gökdepäniň “iň ýokary netije gazanandygy” aýdylýan döwürde Ahal welaýatyna Serdar Berdimuhamedow häkimlik edýärdi.
Gökdepäniň “iň ýokary netije gazanandygy” aýdylýan döwürde Ahal welaýatyna Serdar Berdimuhamedow häkimlik edýärdi.

Türkmenistanda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyna, 2019-njy ýylda ýurduň “iň ýokary netije gazanan etraby” diýlip kesgitlenmegi mynasybetli, 1 million dollar möçberinde pul baýragy berildi.

Ýatlatsak, 7-nji fewralda geçirilen Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen maglumata görä, ýörite topar her welaýat boýunça hödürlenen görkezijileri seljerip, Gökdepe etrabynyň ýeňiji bolandygyny kesgitläpdir.

Belläp geçsek, etrabyň “iň ýokary netije gazanandygy” aýdylýan döwürde Ahal welaýatyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow häkimlik edýärdi.

Prezidentiň oglunyň ýolbaşylyk eden döwründe Ahalyň ýurtda ilkinji sanlaşdyrylan welaýat bolandygy, pagta planyny hem ilkinji bolup doldurandygy habar berlipdi.

Gökdepä 1 million dollaryň gowşurylyş dabarasy 15-nji fewralda Yzgant obasynda geçirildi.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, ‘dabaraly’ çäre obanyň Berdimuhammet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiniň meýdançasynda başlanypdyr. Ýatlatsak, mekdebiň adyny göterýän şahsyýet prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasydyr.

Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň ozal ady eşidilmedik atasynyň adyny ebedileşdirmekde esli iş etdi. Mysal üçin, Yzgant obasyndaky orta mekdebinden başga-da, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine Berdimuhammet Annaýewiň ady dakylypdy.

Galyberse-de, şu aýyň başynda türkmen hökümeti Ahalyň täze administratiw merkeziniň gurluşygy üçin 1,5 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde pul serişdeleriniň goýberjekdigini yglan edipdi.

Şol bir wagtda, agyr ykdysady krizisi, maliýe ýetmezçiligini başdan geçirýän Türkmenistanyň dürli sebitlerinden gowuşýan maglumatlarda, ýurduň etrapdyr-obalarynyň sosial meseleleriniň kadaly çözülmeýändigi, obalaryň ýagdaýynyň juda gözgynydygy bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG