Eýran, Italiýa we Günorta Koreýa ýaly ýurtlar Hytaýdan gözbaş alan keseliň ýaýramagynyň öňüni almaga dyrjaşýan wagtynda, koronawirus pandemiýasyndan ýa onuň bütin dünýä ýaýramagyndan gorky edilýär.
24-nji fewralda Owganystan, Bahreýn we Kuweýt Eýrandan gelen adamlaryň arasynda COVID-19 wirusy bilen kesellän ilkinji raýatlaryň bardygyny habar berdiler. Eýran bu keseliň episentri bolan Hytaýdan daşarda koronawirusdan ölenleriň sanynyň hasaba alnan iň ýokary ýurdydyr.
Eýranyň ýarym resmi habar gullugy “ILNA” merkezi şäher Gomda bu wirusdan 50 adamyň ölendigini habar berdi. Ýöne Saglyk ministriniň orunbasary Iraj Harirçi metbugat konferensiýasynda bu habary ret edip, wirusyň ýokuşandygy tassyklanan adamlaryň sany, 12 ölüm bilen birlikde, 61 diýdi.
Bu aralykda Owganystanyň Saglyk ministri Ferozuddin Feroz metbugat ýygnagynda şübhelenilýän üç halatyň biriniň günbatar welaýat Heratda tassyklanandygyny aýtdy. Feroz Eýran bilen serhetdeş welaýatda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.
Owgan ministriniň aýtmagyna görä, wirus ýokuşan 35 ýaşly adam ýakynda Gomdan dolanyp gelipdir. Tähranyň 120 kilometr günortasynda ýerleşýän Gom şäheri tutuş Eýrandan we beýleki ýurtlardan bolan şaýylar üçin meşhur dini bilim merkezi hasaplanýar.
Kuweýt geçen hepde Eýranyň demirgazyk-günortasyndaky Maşat şäherinden ewakuasiýa edilen 700 adamyň üç sanysyna täze wirusyň ýokuşandygyny aýtdy. Bu barada Kuweýtiň döwlet habar gullugy KUNA habar berdi.
Bahreýniň döwlet mediasy ýurtda koronawirus bilen kesellän ilkinji raýatyň hasaba alnandygyny mälim etdi. Bahreýn Habar gullugynyň ýurduň Saglyk ministrligine salgylanyp bildirmegine görä, kesellän adam Eýrandan gelen Bahreýn raýaty bolmaly.
Eýranda bolsa täze wirus ýokuşanlaryň has köp ýeri Gom şäheri. Häkimiýetler keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen umumy ýerlere we sapar-syýahata çäklendirme girizdiler.
Saglyk ministrligi birnäçe şäherde kino-teatrlar bilen birlikde mekdepleri we uniwersitetleri ýapdy. Teatr we konsert çäreleri ýatyryldy. Professional futbol oýunlary planlaşdyrylyşy ýaly geçirilse-de, tomaşaçylara ýol berilmez.
Saglyk ministri Saeed Namakiniň aýtmagyna görä, wirusdan ölenleriň biri bir söwdagär. Ol soňky hepdelerde göni bolmadyk uçuşlardan peýdalanyp, dowamly Hytaý bilen Eýran arasynda gatnap gezipdir.
Yrak, Pakistan, Türkiýe, Ermenistan we Owganystan ýaly goňşy ýurtlar Yslam respublikasy barada sapar we immigrasiýa boýunça çäklendirme girizdiler. Gürjüstan hem Eýran bilen bolan uçar gatnawyny wagtlaýyn togtatdy.
Günorta Koreýada 833 adama täze wirus ýokuşyp, ýedi adam öldi. Bu Hytaýdan daşardaky iň ýokary sandyr. Bu kesele täze ýoluganlaryň aglabasy Daegu şäherindäki ybadathana bilen ilteşikli.
Italiýa täze wirusa ýoluganlaryň sanyny 150, ölenleriň sanyny hem azyndan üç diýip berdi, bu Ýewropada iň ýokary ýaýraýyşdyr. Häkimiýetler COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, iň köp zyýana uçran şäherleri gabap, ýurduň demirgazyk regionlarynda üýşmeleňleri, şol hatarda Wenesiýada karnawal geçirilmegini hem gadagan etdiler.
Habarlarda Hytaýyň esasy böleginde 2600-den agdyk adam ölüp, wirusyň 75 müň adama ýokuşandygynyň tassyklanandygy bellenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.