Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollary” Stambul gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdy


"Türkmenhowaýollary" gullugynyň nyşany

Türkmenistanyň howa gatnawlarynyň baş gullugy 26-njy fewraldan başlap 30-njy marta çenli özüniň Stambul gatnawlaryny togtadýar diýip, çarşenbe güni gullugyň wekili Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şeýle çözgüt koronawirusyň Türkmenistanyň çägine ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen kabul edilipdir.

“Koronawirus epidemiýasy bilen baglylykda “Türkmenhowaýollary” iň azyndan 30-njy marta çenli degişli uçar gatnawlaryny ýatyrýar” diýip, kompaniýanyň wekili Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Beýleki tarapdan Turkmen.News neşiri milli daşaýjynyň Aşgabatdaky awiakassasyna salgylanyp, Stambula amala aşyrylýan diňe T5901 belgili bir gatnawyň martyň aýagyna çenli ýatyrylandygyny aýdýar.

Azatlyga telefon arkaly beren maglumatynda kompaniýanyň wekili “Türkmenhowaýollarynyň” Stambula amala aşyrýan ähli gatnawlarynyň ýatyrylandygyny nygtap aýtdy.

“Ähli [Stambul] gatnawlary 26-njy fewraldan 30-njy marta çenli ýatyryldy” diýip, ol aýtdy.

Ol bu çäräniň koronawirusyň Türkmenistanda ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen durmuşa geçirilýändigini belledi:

“Wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen reýsler ýatyrylýar”

Kompaniýanyň wekili “Türkhowaýollarynyň” Aşgabat gatnawlarynyň dowam edýändigini mälim etdi.

Bellemeli ýeri, Hytaýda peýda bolup, onlarça ýurda ýaýran koronawirus bilen bagly hadysa heniz Türkiýede hasaba alynmady.

Näme üçin “Türkhowaýollarynyň” Aşgabat gatnawlaryna dowam etdirip, "Türkmenhowaýollarynyň" Stambul gatnawlaryny, koronawirus bilen baglylykda ýatyrandygy baradaky soraga kompaniýanyň wekili jogap berip bilmedi.

Galyberse-de, Turkmen.News türkmen howa gatnawlarynyň baş gullugynyň Ankara amala aşyrýan gatnawlarynyň üznüksiz dowam edýändigini habar berdi.

Ýatlasak, 30-njy ýanwarda pandemiýa howpuna eýe bolan koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen baglylykda "Türkmenhowaýollary" Pekin we Bankok uçar gatnawlaryny näbelli möhlete çenli ýatyrdy.

Ýöne, mälim bolşy ýaly, Türkiýede heniz koronawirus bilen bagly waka hasaba alynmady. Onda näme üçin Türkmenistanyň howa ýollary kompaniýasy Stambula ähli uçuşlaryny ýatyrýar, üstesine Ankara uçar gatnawlaryna üznüksiz dowam edýär, galyberse-de "Türkhowaýollary" Türkmenistana amala aşyrýan gatnawlaryna dowam edýär.

Türkmenistan ykdysady krizisden ejir çekýän wagty, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň yzygiderli habar bermegine görä, Türkiýe türkmen migrantlarynyň iş gözleginde syýahat edýän iň esasy ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar. Munuň bilen baglylykda, türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň gazanç maksady bilen Türkiýä gitmekleriniň, belli bir derejede, öňüne geçmek üçin olaryň hereket mümkinçiliklerini çäklendirýär, Türkiýä barýan biletli türkmenistanly ýolagçylaryň ençemesini Aşgabadyň halkara aeroportundan yzyna gaýtarýar. Bu barada 15-nji ýanwarda “Türkmenistanyň hronikasy” 15-nji fewralda Turkmen.news neşiri habar berdi. Soňky bir aýdan gowrak wagtyň dowamynda, bu habarlardan mälim bolşuna görä, çen bilen 40-dan gowrak türkmenistanly ýolagçynyň Aşgabadyň aeroportundan Türkiýä uçmagyna türkmen häkimiýetleri tarapyndan düşündirişsiz rugsat berilmedi.

“Türkmenhowaýollary” milli gullugynyň Stambul gatnawlarynyň togtadylmagy barada kompaniýanyň resmi websaýtynda beýanat ýaýradylmady.

Kompaniýanyň websaýtyndaky resmi beýanatlardan mälim bolşuna görä, milli daşaýjy ýanwaryň başynda Eýranda “Ukraina howaýollaryna” degişli ýolagçy uçarynyň urlup ýykylmagynyň yzýany, 10-njy ýanwarda Abu Dabi, 13-nji ýanwarda Dubaý uçar gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdy. Ýöne bu gatnawlar, resmi maglumata görä, degişlilikde 2-nji fewralda we 5-nji fewralda täzeden dikeldildi.

TÄZELENEN MAGLUMAT: Flightradar24.com saýtynyň maglumatyna görä, 26-njy fewral güni Aşgabat wagty bilen sagat 20:00 töwereklerinde Aşgabatdan Stambula barýan "Türkmenhowaýollaryna" degişli T5921 gatnawly uçar Balkan welaýatynyň howa giňişliginde hasaba alyndy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG