Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede Türkmenistanyň 5 müň raýatyna iş rugsatnamasy berildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýede Türkmenistanyň 5000 raýatyna işlemek üçin iş rugsatnamasy berildi diýip, türk media serişdeleri habar berýärler.

“Hürriýet” neşiriniň 14-nji dekabrda çap eden habaryna görä, Türkiýäniň Maşgala, zähmet we sosial hyzmatlar boýunça ministrligi şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda 113 müň 134 sany daşary ýurt raýatyna iş rugsatnamasynyň berlendigini yglan etdi.

Bu sanawda türkmen raýatlary Türkiýede iş rugsatnamasyny alan daşary ýurtlularyň sany boýunça dördünji orunda ýerleşdirildi.

“Türkiýede işlemek üçin iş rugsatnamasyny alan daşary ýurtlylaryň iň uly bölegini siriýalylar emele getirýär. Bu ýurtda Siriýanyň 50 müň raýatyna iş rugsatnamasy berildi. Siriýalylary 10 müň gyrgyz raýaty bilen Gyrgyzystan, 6 müň ukrain raýaty bilen Ukraina,5 müň türkmen raýaty bilen Türkmenistan, aýry-aýrylykda 4 müň raýat bilen Gürjüstan we Özbegistan yzarlaýar” diýip, neşir belleýär.

Türkiýe türkmenistanlylar tarapyndan ýokary bilim almak üçin we gazanç gözleginde iň köpýykgyn edilýän ýurtlaryň biri hasaplanylýar. Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri Türkiýede okaýan, işleýän ýa-da ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany baradaky statistiki maglumatlary köpçülige mälim etmeýär.

Beýleki tarapdan, Türkiýäniň media serişdelerinde türkmen migrantlary, şol sanda iş rugsady bolmazdan, bikanun zähmet çekýän türkmenistanlylar we olaryň duçar bolýan ýagdaýlary barada yzygiderli habarlar peýda bolýar.


Haberler.com neşiriniň 16-njy dekabrda çap eden habaryna görä, Türkiýäniň Antalýa şäheriniň polisiýasy ten satmakda güman edilýän 10 aýaly, şol sanda Türkmenistanyň üç raýatyny tussag etdi.

Habarda daşary ýurtly aýallaryň ten satmagyna araçylyk etmekde güman edilýän başga-da 22 adamyň tussag edilendigi we olaryň aýallary elektrik welosipedi bilen müşderilere alyp gidendigi aýdylýar.

“Ençeme ýere amala aşyrylan reýdlerde bir gyrgyzystanly, bäş özbegistanly, üç türkmenistanly we bir marokkaly aýal tussag edilip, soraga çekildi. Şondan soňra olar welaýat migrasiýa edarasyna iberildi” diýlip, habarda olaryň şahsyýeti köpçülige mälim edilmeýär.

Türkmen raýatlarynyň Türkiýä ýykgyn etmegine, hususan-da, Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň we gytçylygynyň sebäp bolýandygy aýdylýar.​

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler.

11-nji dekabrda türk media serişdeleri Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda 17 müňden gowrak türkmenistanly studentiň okaýandygyny habar berdiler. Bu san Türkiýede okaýan daşary ýurtly studentleriň iň uly üçünji bölegine deňdir.

Türkiýäniň statistika gullugynyň 23-nji iýulda ýaýradan hasabatynda 2018-nji ýylda Türkmenistanyň 50 müňe golaý raýatynyň Türkiýä göçüp barandygy aýdylýar.

Ýokardaky maglumatlar Türkiýe döwletiniň berýän resmi sanlary bolup, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň we çeşmeleriniň onlarçasy bu ýurtda eklenç gözleginde zähmet çekýän türkmenistanlylaryň resmi bolmadyk sanynyň mundan hem köpdügini çaklaýar.

Şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmeleriniň beren – türkmen häkimiýetleri tarapyndan tassyklanmaýan, ýöne inkär hem edilmeýän – maglumatlarda soňky 10 ýylyň dowamynda 1 million 879 müňden gowrak adamyň ýurdy terk edendigi we bu sanyň daşary döwletlere gidip-gelýän türkmenistanlylary öz içine almaýandygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG