Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Türkiýe ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň wagtlaýyn ýatyrylýandygy barada bildirişler asyldy


Gürrüňi gidýän ugurlar boýunça howa uçuşlarynyň koronawirusyň ýaýramak howpy sebäpli togtadylýandygy duýdurylypdy.
Gürrüňi gidýän ugurlar boýunça howa uçuşlarynyň koronawirusyň ýaýramak howpy sebäpli togtadylýandygy duýdurylypdy.

Aşgabatda "Türkmenhowaýollaryna” degişli awia biletler satylýan edaralarynda Aşgabat-Pekin-Aşgabat, Aşgabat-Bangkok-Aşgabat, şeýle-de Aşgabat-Stambul we Aşgabat-Ankara ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň 2020-nji ýylyň 2-nji fewraly – 31-nji marty aralygynda wagtlaýyn ýatyrylýandygy barada bildiriş asyldy.

Ondan mälim bolşuna görä, "Türkmenhowaýollary" ýolagçylary Türkiýeden diňe Türkmenistan ugry boýunça gatnadýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmesiniň suratyny alyp ugradan resmi bildirişinde bu çäklendirmeleriň sebäbi anyklaşyrylmasa-da, mundan öň ýokarky uruglar boýunça howa uçuşlarynyň koronawirusyň ýaýramak howpy sebäpli togtadylýandygy barada resmi we näresmi ýagdaýda duýdurylypdy.

Ýatlasak, resmi derejede yglan edilmese-de, çarşenbe güni “Türkmenhowaýollary” gullugynyň wekili 26-njy fewral – 30-njy mart aralygynda ähli Stambul gatnawlarynyň wagtlaýyn ýatyrylýandygyny Azatlyk Raidosyna habar beripdi.

Ol bu çäklendirmäni koronawirus keseliniň ýurtda ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen düşündiripdi. Emma bellemeli ýeri, henize çenli Türkiýede koronawirus bilen bagly hadysa hasaba alynmady.

Azatlygyň habarçysynyň habar bermegine görä, 26-njy fewralda "Türkmenhowaýollarynyň" Stambul gatnawy ýerine ýetirildi. Ýöne onda uçmaly türkmen raýatlary uçardan düşürilip, alnyp galypdyr. Şol bir wagtda, bu uçardaky daşary ýurt raýatlary uçuşyny bellenen ugry boýunça dowam etdiripdirler.

"26-njy fewralda "Türkmenhowaýollarynyň" Türkiýä irdenki uçar gatnawynda, aeroportuň işgärleri, türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykarylmajakdygyny öňünden bilseler-de, ähli ýolagçylary registrasiýadan geçirdiler, olar ähli zerur barlag nokatlaryndan geçirildiler. Ýöne soňra Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurtdan goýberilmejekdigini habar berdiler. Türkler we daşary ýurtlylar uçup gitdiler. Biznes klasa bilet alan ýolagçylaryň bilet pullarynyň 20 prosentini tutup, galanyny yzyna gaýtaryp berdiler. Ýöne ekonom klasdaky ýolagçylaryň pullaryny gaýtaryp bermediler" diýip, habarçy penşenbe güni agşam habar berdi.

Şol güni Azatlygyň beýleki bir habarçysy hem ýatyrylan uçar gatnawlarynyň ýolagçylarynyň pullaryny yzyna gaýtaryp alyp bilmeýändikleri barada habar beripdi.

“Ýatyrylan Stambul gatnawlarynyň ýolagçylaryna pullary gaýtarylyp berilmeýär. ‘Türkmenhowaýollarynyň’ kassasynda bu meseläniň çözüljekdigini aýdýarlar, ýöne pullaryny dessine yzyna gaýtaryp bermeýärler. Adamlar örän nägile, ýöne olar öz nägileliklerini aýtmaz ýaly, polisiýa jemendäni synlaýar” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Mundan başga-da, habarçynyň aýdyşy ýaly, soňky birnäçe günüň içinde Stambuldan gelen türkmen raýatlary karantina alnyp başlandy.

"Türkiýeden gelen türkmen raýatlary düýn Çoganlydaky ýokanç keseller keselhanasyna karantine iberildi" diýip, habarçy aýtdy.

"Türkmenhowaýollary" bu maglumatlardan bir aý töweregi ozal, 30-njy ýanwarda, pandemiýa howpuna eýe bolan koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen baglylykda Pekin we Bankok uçar gatnawlaryny näbelli möhlete çenli ýatyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG