Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Jemagat işgärlerine 17 sagatlap köçe ýuwdurylýar, agaç akladylýar, agdarylan atyzlara gül ekdirilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary şäheriniň jemagat hojalygynyň işgärleri irden 6:00-dan gije 23:00-e çenli köçeleriň arassaçylyk işlerine çekilýär.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary jemagat hojalygynyň ençeme işgärine salgylanyp, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde habar berdi.

“Mary şäheriniň Kemine köçesiniň ugrunda komunal işgärleri ýoly gije sagat 23:00-e çenli syrdylar we baglaryň, arçalaryň düýplerini akladylar, agdarylan atyzlara gül ekdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Marynyň welaýat hem-de şäher häkimleri aýlanyp, edilen işlere göz aýlandan soň gije sagat 23:00-de jemagat hojalygynyň işgärleri öýlerine ugradyldy.

Maryda güýçli depginde alnyp barylýan arassaçylyk işleriniň takyk sebäbi mälim däl. Ýöne tämizlikçiler bu işleriň golaýda şähere ýagan güýçli ýagyş sebäpli geçirilýändigini aýdýarlar.

“Fewral aýynyň 12-sine Mary şäherine güýçli ýagyş ýagdy we täze ekilen güller düýp tutmansoň, ýagyş gülleri ýere ýatyrdy, olaryň üstüni palçyk basdy. Kemine köçesiniň üstünden palçykly awto ulaglar ýöräp hapalady, indi ýollar guransoň, ýokaryk tozan galýar. Biz mundan 1 aý öň irden sagat 7:00-den agşam sagat 18:00-a çenli işleýärdik, indi irden sagat 6:00-dan gije sagat 23:00-e çenli işleýäris” diýip, jemagat hojalygynyň maryly bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda döwlet baştutanynyň welaýatlara edýän iş saparlarynyň öňýany welaýat merkezlerinde güýçli arassaçylyk işleri geçirilýär. Ýatlasak, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 21-nji fewralda Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň öňýany, fewralyň başynda Türkmenabatda-da jemagat hojalygynyň işgärleri adatdan daşary ýagdaýda köçeleriň arassaçylyk işlerine çekilipdi.

Şonda mämişi keltekçeli jemagat işgärleri ertir irdenden tä agşamyň garaňkysy gowy düşýänçä köçeleri arassalady, ýoluň ugrundaky jähekleri bejerdi, baglaryň düýplerini aklady, Bitaraplyk köçesiniň ugrundaky köp gatly binalaryň ýol tarapy tutuşlygyna ak reňke boýaldy, köçäniň ugrundaky yşyklandyryş sütünlerindäki çyralar çalşyldy, suw çüwdürimleri arassalandy. Prezidentiň welaýata eden sapary bu adatdan daşary arassaçylygyň yzýanyna gabat geldi.

Maryda 17 sagatlap köçe ýuwmaga çekilýän jemagat hojalygynyň işgärleri bu talaplardan boýun gaçyran işgärlere “işden çykarylmak howpunyň” abanýandygyny aýdýarlar.

“Eger boýun gaçyrsaň işden çykarýarlar. Arada biziň işgärlerimizden üç adam iş ýerini 1 sagat öň terk edipdirler, olaryň üçüsine işden çykardylar” diýip, jemagat hojalygynyň bir işgäri howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Olaryň sözlerine görä, tämizlikçilere goşmaça iş sagatlarynda edýän işleri üçin töleg tölenmeýär.

Belläp geçsek, Mary şäheriniň köçelerinde arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň geçirilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary birnäçe gezek habar berdiler. Bu adatdan daşary arassaçylyk işler ýanwar aýynyň ortalaryndan bäri dowam edýär.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagt Mary welaýatynda jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleriniň aýlyklary 1000 manatdan geçmeýär. Bu resmi kursda $285 amerikan dollaryna deň bolsa, “gara bazaryň” nyrhynda $50 barabardyr.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Marynyň welaýat we şäher häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda jemagat hojalygy işgärleriniň iş wagtyndan daşary işlemäge mejbur edilýändigi barada Azatlyk Radiosy mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi.

Jemagat hojalygynyň işgärleriniň gije sagat 11-e çenli goşmaça tölegsiz işe çekilýändikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal 14-ji fewralda-da habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG