Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň bazarlarynda häkimiýetler bahalara gözegçiligi güýçlendirdi, käbir sebitlerde kartoşka we soganyň "gara bazary" döredi


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň bazarlarynyň birinde satuwa çykarylan bakja önümleri we miweler.

Häkimiýetler Eýrandan import edilýän harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy bilen halk arasynda dörän dowly köşeşdirmäge synanyşýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji martda ýurt içinden habar berdi.

Koronawirus keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen baglylykda, Türkmenistan 10 gün töweregi ozal Eýran bilen aradaky döwlet serhedini ýapdy. Munuň yzýany, Türkmenistana Eýrandan import edilýän harytlaryň, şol sanda kartoşkanyň bahasy birden gymmatlady, Aşgabadyň bazarlarynda onuň bir hepde ozalky 5 manatlyk nyrhy 15 manada çenli ýokarlandy.

Dörän bu ýagdaýyň fonunda, türkmen häkimiýetleri şu günler ýurduň bazarlarynda bahalary emeli usullar bilen aşak çekmäge, galyberse-de, ýurduň dürli regionlarynda dowla düşen halky köşeşdirmäge synanyşýar. Bularyň detallary barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde ýurt içinden habar berýärler.

“Dynç günleri Aşgabadyň käbir bazarlarynda we döwlet dükanlarynda 6 manatlyk ýerli kartoşka peýda boldy” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Ýatlasak, 27-nji fewral güni öýlän paýtagtyň “Teke bazarynda” kartoşka söwda tekjelerinden ýitirim bolupdy, beýleki söwda nokatlarynda onuň bahasy 14-15 manada çenli gymmatlapdy.

Ýöne ýurtdan gowuşýan soňky maglumatlara görä, paýtagtly alyjylar dynç günleri satuwa çykarylan 6 manatlyk kartoşkalaryň hiliniň ýaramazlygyndan şikaýat edýärler.

Şonda-da “bu kartoşkany satyn almak üçin söwda nokatlarynyň öňünde uzyn nobatlar döredi” diýip, habarçy aýtdy.

Maglumata görä, arzan kartoşkalar paýtagtyň “Teke bazarynda” hem-de “Gülüstan” bazarynda diňe bir söwda nokadynda satyldy. “Beýleki tekjelerde asla kartoşka ýok” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler bazarlarda beýleki gök-bakja önümleriniň, şol sanda soganyň hem bahalaryny emeli usullar bilen mejbury arzantlamaga synanyşýar. “Soňky günlerde soganyň bahasy 5 manatdan 13-14 manada çenli gymmatlady” diýip, habarçy maglumatyň üstüni ýetirdi.

Azatlygyň ikinji habarçysy duşenbe güni paýtagtyň “Daşoguz bazarynda” kartoşkanyň 1 kilogramynyň bahasynyň 4.5 manada çenli aşaklandygyny, Parahat etrapçasynyň bazarlarynda onuň 7-9 manatdan satylýandygyny habar berdi.

Azatlygyň ýene bir habarçysynyň ýurduň Lebap welaýatyndan duşenbe güni ýetiren maglumatlaryna görä, Farap etrabynda häkimiýetler bazarlarda gök-bakja önümleriniň bahalaryny mejbury düşürmek çärelerini güýçlendirdi. Ýöne muňa garamazdan, onuň maglumatyna görä, “hususy söwdada kartoşka 16-20 manat aralygynda, sogan 10-15 manat aralygynda satylýar, pagta ýagy 15-18 manatdan gizlin satylýar”

Balkan welaýatynda-da häkimiýetler gök-bakja önümleriniň bahalaryna gözegçiligi güýçlendirdi. “Balkanabadyň polisiýa işgärleri daýhan bazaryň satyjylaryndan kartoşkany 5 manatdan, sogany 3 manatdan satmagy talap edýär. Balkanabatly söwdagärler kartoşka, sogan satmazlygy makul hasaplaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Beýleki tarapdan, satyjylar bu harytlaryň aç-açan söwdasyndan gaça durýan wagty, şäherde käbir iýmit önümleriniň gizlin söwdasy ýola goýuldy.

“Gizlin söwdada kartoşka 20 manat, sogan 15 manat, 1 litrlik “Oleýna” günebakar ýagy 24 manat, daşary döwletlerden getirilen unuň 1 kilogramy 14-15 manat” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy ýerli synçylaryň sözlerine salgylanyp, ýurtda iýmit önümleriniň bahalarynyň birden gymmatlamagyny diňe bir Eýran serhediniň ýapylmagy bilen däl, eýsem, Türkmenistanda gümrük gözegçiligine degişli täze düzgünleriň güýje girmegi bilen düşündirýär.

Onuň maglumatlaryna görä, 1-nji martdan başlap, Türkmenistanda import we eksporta degişli harytlara goşmaça gümrük salgydy we paç tölegleri girizildi.

Bu tölegleriň güýje girmeginiň öňýany, 10-12 günüň dowamynda türkmen serhedinden ýükleriň ýurda girizilmegine asla rugsat berilmändigini Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Ol täze gümrük paçlary bilen baglylykda diňe bir Eýrandan import edilýän harytlaryň däl, eýsem, Türkiýeden, Russiýadan we Gazagystandan ýurda getirilýän harytlaryň hem täsirlenendigini habar berdi.

Türkmenistanda täze gümrük salgytlary we paçlary barada döwet baştutanynyň gol çeken karary 28-nji fewralda resmi metbugatda çap edildi.

1-nji martda “Amerikanyň sesiniň” Türk gullugy häzirki wagtda türkmen-eýran serhedinde 800 türk ýük ulagynyň saklanyp galýandygyny habar berdi.

Häkimiýetler ýurtda täzeden güýçlenen azyk gytçylygy bilen baglylykda ilat arasynda ýygnaklar geçirip, halky köşeşdirmäge synanyşýar.

“Türkmenistanyň hronikasynyň” habar bermegine görä, 29-njy fewralda häkimiýet wekilleri Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk, Çärjew hem-de Saýat etraplarynda ýaşuly adamlar bilen ýygnak geçirip, “wagtlaýyn gytçylyk” boýunça düşündiriş işlerini geçdiler hem-de olara daşary ýurt habar serişdelerinde çykýan “ýalan habarlara” ynanmazlygy ündediler.

Azatlygyň ýene bir habarçysy duşenbe güni iberen goşmaça maglumatynda Daşogzuň bazarlarynda kartoşkanyň 1 kilogramynyň bahasynyň etiň 1 kilogramynyň bahasy bilen tas deňleşendigini habar berdi.

Bellik: Täze gümrük salgytlary we paçlary barada prezidentiň gol çeken kararynyň resmi maglumatda çap edilendigi aýdylyp, bu makala düzediş girizildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG