Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guryýer serhet geçelgelerini wagtlaýyn ýapan Türkmenistanda gümrük paçlarynyň möçberleri tassyklanyldy


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda importa durýan käbir azyk önümleriniň täzeden gytalmagynyň we gymmatlamagynyň fonunda, ýurtda käbir harytlaryň gümrük paçlarynyň möçberleri tassyklanyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken degişli karary resmi metbugatda 28-nji fewralda çap edildi.

Resminama laýyklykda:

  • Türkmenistanyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri;
  • Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük pajynyň möçberi tassyklanyldy.

Gümrük paçlarynyň täze möçberi ýa-da degişli harytlaryň sanawy döwlet metbugatynda mälim edilmeýär.

Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi websaýtynda maglumat berilmeýär.

Ýöne soňky kabul edilen karar Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen döwlet serhet geçelgelerini ýapyk saklaýan wagtyna gabat gelýär.

Ýatlasak, koronawirus keseleniň Türkmenistana ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen baglylykda, fewralyň soňky ongünlüginde Türkmenistan goňşy Eýran we Owganystan bilen aradaky döwlet serhet geçelgelerini ýapdy.

Munuň yzýany, aýyň aýagynda ýurtda importa durýan käbir azyk önümleriniň, şol sanda bakja önümleriniň, hususan-da kartoşkanyň we soganyň gytçylygy we gymmatçylygy ýüze çykdy.

Azyk üpjünçiliginde dörän bu ýagdaýyň yzýany, mart aýyna geçip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, türkmen häkimiýetleri ýurduň tas ähli regionlaryndaky bazarlarda gök-bakja önümleriniň bahalaryny aşak çekmek üçin tagalla etdi, söwda nokatlarynda bahalara gözegçiligi güýçlendirdi.

Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysynyň 4-nji martda habar bermegine görä, häzirki wagtda Aşgabadyň “Jennet bazarynda” iň gymmat 1 kilogram kartoşka 8 manat 80 teňňeden bahalanýar.

Ýatlasak, fewralyň aýagynda Aşgabatda kartoşka 15 manada çenli gymmatlady, “Teke bazarynyň” söwda tekjelerinden wagtlaýyn ýitirim boldy.

Balkanabat şäherinde häkimiýetleriň bazarlarda bakja önümleriniň bahalaryny mejbury aşak çekmek synanyşyklary bilen, 2-nji martda Balkanabatda kartoşka-soganyň mejbury bahasyndan has gymmat satylýan “gara bazarynyň” dörändigini habarçymyz maglumat berdi.

2-nji martda “Amerikanyň sesiniň” Türk gullugy 800 türk ýük ulagynyň türkmen-eýran serhedinde, koronawirus bilen baglylykda, saklanyp galandygyny habar berdi.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy ýerli synçylara salgylanyp, Türkmenistanda gök-bakja önümleriniň bahalarynyň birden gymmatlamagynyň diňe serhediň ýapylmagy bilen däl, eýse, gümrük paçlary bilen bagly prezidentiň gol çeken täze karary bilen berk baglanyşyklydygyny habar berdi.

Berdimuhamedowyň täze gümrük paçlaryna degişli gol çeken karary 1-nji martda güýje girdi.

Resmi metbugata görä, bu karar ýurduň “önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen” kabul edilipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG