Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda bankomatlar ýene işlemeýär ýa-da olarda nagt tapdyrmaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurt raýatlarynyň zähmet, pensiýa, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmak bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan bökdençlikleri saklanyp galýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 4-nji martda beren maglumatyna görä, 1-nji martdan bäri paýtagtyň dürli sebitlerindäki bankomatlaryň onlarçasy işlemeýär ýa-da olarda nagt pul tapdyrmaýar.

“Ýekşenbe güni aşgabatlylar täze bolmadyk problema bilen gaýtadan ýüzbe-ýüz boldular. Şäheriň bankomatlary köpçülikleýin görnüşde işlemedi. Işleýän bankomatlarda-da pul ýokdy. Ilat pensiýa haklaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmak üçin şäheriň dürli künjeginde ýerleşýän bankomatlara gatnady” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Onuň sözüne görä, bankomatlar bilen bagly problemalara beýleki ýerler bilen bir hatarda, “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” we “Paýtagt” söwda merkezlerinde hem-de “Teke bazaryň” we 9-njy Saglyk öýüniň ýerleşýän sebitinde duş gelse bolýar.

“2-nji martda bankomatlar bölekleýin işledi, ýöne olarda pul tapdyrmady. Pensionerleriň köpüsi pensiýa haklaryny 3-nji martda-da nagtlaşdyryp bilmedi. 4-nji martda Aba Annaýew köçesiniň ugrundaky bankomada çäkli möçberde pul salnan bolsa-da, ’10 ýyl abadançylyk’ we Nurmuhammet Andalyp köçeleriniň ugrundaky bankomatlarda heniz hem pul ýok” diýip, habarçy aýtdy.

Ol bankomatlar bilen bagly bökdençlikleriň her aýyň başynda ýüze çykýandygyny, ýöne şu gezek bu problemanyň has çynlakaýdygyny hem belledi.

2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanda zähmet, pensiýa, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny raýatlaryň bank hasaplaryna geçirmek işi tapgyrlaýyn esasda ýola goýuldy. Munuň netijesinde, ýurt raýatlary bank kartlaryndaky puly diňe bankomatlarda nagtlaşdyryp ýa-da ondan nagt däl söwdada peýdalanyp bilýärler.

Ýöne ýurtda soňky üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, bankomatlaryň işlemezligi we olarda nagt ýetmezçiligi, bankomatlaryň öňündäki uzyn nobatlar, şeýle-de töleg terminallarynyň işi bilen bagly problemalar dowam edýär.

25-nji fewralda “Türkmenistan” Döwlet täjirçilik bankynyň Aşgabadyň Aba Annaýew (2060 köçesi) köçesiniň ugrunda ýerleşýän bankomatlarynyň öňünde dörän pul nagtlaşdyrmak nobatynda raýatlaryň arasynda dawa-jenjel turandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berdiler.

Bu habarlaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri bankomatlaryň öňündäki nobatlara gözegçiligi hem güýçlendirýärler.

Azatlygyň habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi munuň nobatlaryň surata ýa wideo düşürilmeginiň hem-de ýaýradylmagynyň öňüni almak üçin görülýän çäredigini aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary, bankomatlarda pul ýetmezçiligini we olaryň öňündäki nobatlary aç-açan agzaman gelýärler. Döwlet mediasynda-da ýokarda agzalan problemalar we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada mesele gozgalmaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG