Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň garrylar öýüniň işgärlerinden welosiped üçin pul alynýar


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň döwlet edaralarynyň işgärlerinden dürli maksatlar üçin pul ýygnalmagy dowam etdirilýär. Şol sanda welosipedleri satyn almak üçin pul alynýar. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, paýtagtyň garrylar öýüniň işgärlerinden 200 manat möçberinde pul alynypdyr we bu puluň welosiped, şlangalary we binanyň berilmegi üçin sarp ediljegi düşündirilipdir.

​"Ýene pul almak bilen meşgullanýarlar. Garrylar öýünde işgärleri 200 manatdan tabşyrmaga mejbur etdiler, elbetde muny dokumentleşdirmediler. Bu puly şlangalary, jaýyň ýüzleý bejerilmegi we 'täze sport üstünlikleri' üçin 4 sany welosipedi, şlemy we köýnekleri almak üçin diýip aldylar" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz bu edaranyň işgärlerine salgylanyp, 4-nji martda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, garrylar öýüniň işgärlerinden puly fewral aýynyň başynda toplapdyrlar, emma satyn alynan serişdeleri şu çaka işgärlere görkezmändirler. Welosipedleriň we beýleki serişdeleriň satyn alynyp-alynmanlygy hem belli däl.

Aşgabadyň ýeke-täk garrylar öýüniň ýolbaşçylary bilen gepleşmek we resmi maglumat almak Azatlyga başartmady.

Welosiped üçin pul tabşyrylmagy soňky ýyllaryň dowamynda häkimiýetleriň ilatdan pul toplanlarynda berýän esasy düşündirişleriniň biri bolup durýar. Welosiped üçin pul ýurduň döwlet edara-kärhanalarynyň tas ählisinde yzygiderli toplanýar.

Pul ýygnamak işi tutuş ýylyň dowamynda ençeme gezek amala aşyrylýar, pul talap edilýän möçberde işgärleriň aýlyklaryndan tutulýar. Pul toplamak işi baharyň golaýlamagynda has güýçlenýär.

Aprel aýynda Türkmenistan saglyk aýyny geçirýär, iýunyň başynda welosiped güni bellenýär. Prezidentiň inisiatiwasy bilen esaslandyrylan bu çäreler uly dabara bilen tutuş ýurt boýunça geçirilýär, müňlerçe adam birmeňzeş geýimli köpçülikleýin çärelere gatnaşýar, şol sanda tigirli ýöriş geçirýär, iş ýerlerinde maşk edýär.

Şol bir wagtda-da, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň bellemegine görä, welosiped üçin pul toplanmagy ençeme ýyl bäri yzygiderli amala aşyrylýarka, häkimiýetler öň satyn alynan welosipedlere näme bolýandygyny olaryň nirededigini düşündirmeýärler.

Türkmenistanda döwlet edaralaryň işgärlerinden pul dürli maksatlar üçin toplanýar. Býujet işgärlerinden köçeleriň we binalaryň arassaçylygy hem abatlanmagy, ekilýän nahallaryň satyn alynmagy, prezidentiň portretleriniň hem döwlet baýdaklarynyň täzelenmegi, baýramçylyklaryň we sport çäreleriniň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin çärelere gatnaşýanlaryň toý lybaslarynyň tölenmegi üçin yzygiderli esasda pul toplanýar.

​Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan býujet işgärleri iş ýerlerini ýitirmek gorkusy sebäpli, özlerinden talap edilýän puly bermäge mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG