Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bitaraplyk baýramynyň çäreleri býujet işgärlerine maddy agram saldy


Bitaraplyk diňi, Aşgabat

Türkmenistanda Bitaraplyk baýramyny bellemek boýunça geçirlen çäreler döwlet işgärleriniň maddy ýagdaýyna agram saldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary aýdýarlar.

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy baýramçylyklar sebäpli regionyň býujet işgärleriniň 150-200 manat çemesi pul tabşyrmaga mejbur edilendigini habar berdi.

"Meselem, mekdep mugallymlary, saglyk edaralarynyň işgärleri öz aýlyklaryndan baýramçylyklar üçin ortaça 150-200 manat tabşyrmaga mejbur edildi" diýip, habarçymyz belledi.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, baýramçylyk üçin Ahal welaýatynda hem pul toplanypdyr.

"Bäherden şäherinde ýerli saglyk öýünde Bitaraplyk güni sebäpli ähli işgärleriniň hasabyna 40 müň manat toplamaly boldular, 10 sany tigir satyn almak üçin" diýip, habarçymyz aýtdy.

12-nji dekabrda Türkmenistan döwlet bitaraplygynyň 24-nji ýyl dönümini belledi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagtda medisina işgärleriniň we mekdep mugallymlarynyň her birinden 30-40 manat aralygynda ýene pul toplanýar. Býujet işgärleri özlerinden soralýan bu puly, öňden bäri her aýda öz aýlyklaryndan bag ekmek we abadançylyk üçin saklanýan puldan daşary tabşyrmaly bolýarlar.

"Her aýda şäherde bag-bakja ekmek üçin 10 manat we edaralaryň zerurlyklary üçin 5 manat tabşyrýarlar" diýip, habarçymyz belledi.

Türkmenistanda döwlet bitaraplygy senesini we täze ýyl baýramçylygyny bellemek üçin häkimiýetleriň ilatdan pul toplamak çäreleriniň başlanmagyna bir aýa golaý wagt boldy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda býujet işgärleriniň has uly möçberde pul tabşyrandygyny habar beripdi. Käbir ýagdaýlarda işgärlerden talap edilen puluň möçberi olaryň aýlyklaryndan tas iki esse ýokary bolupdyr.

“Mysal üçin, Saglyk öýlerinde işleýän şepagat uýalarynyň aýlygy ortaça 1000 manada barabar. Olar aýlygynyň iki essesini, ýagny ortaça 2000 manady bermeli bolýarlar. Çagalar baglarynda işleýän enekeleriň aglabasy häzir ýarym stawka işleýär. Olaryň aýlygy ortaça 600 manada barabar. Bu işgärler welosipedler üçin 1000 manat bermeli” diýip, bilim we saglygy saklaýyş edaralaryň işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçymyz 11-nji noýabrda habar berdi.

Habarçymyzyň aýtmagyna görä, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary işgärlerden şeýle möçberde pul toplanmagyň sebäbini baýramçylyk çärelerinde ulanyljak tigirleri satyn almak we baýramçylygy abraýly bellemek maksady bilen düşündiripdirler.

Ýatlatsak, 18-nji noýabrda prezident Berdimuhamedow hökümet agzalaryndan we regional ýolbaşçylaryndan baýramçylyklara "ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlanmagy" tabşyrypdy.

Şu günler türkmen häkimiýetleri täze ýyl baýramçylyklaryna taýýarlyk görýärler. Käbir pursatlarda ýaşaýyş nokatlar ilatyň hasabyna bezelýär.

Habarçylarymyz Mary we Lebap welaýatlarynda býujet edaralaryň işgärlerinden we mekdep okuwçylaryndan arça agaçlaryny dikmek we binalary bezemek üçin puluň ýygnalýandygyny habar berdiler.

Türkmenistandaky söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, ýurtda ilat köpçüliginiň maddy ýagdaýy agyr bolup, puluň yzygiderli talap edilmegi maşgalalara uly agram salýar. Muňa garamazdan, adamlar işini ýitirmekden we käýinç almakdan howatyrlanyp, pul tabşyrmaga mejbur bolýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän agyr ykdysady krizise garamazdan, baýramçylyklary uly dabara bilen bellemegini dowam etdirýärler. Olara mejbury gatnaşdyrylýan býujet işgärlerinden pul tabşyrmak, toý geýimlerini we esbaplary öz hasabyna satyn almak talap edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG