Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň býujet edaralaryndan 'Gyzyl ýarymaý' üçin pul talap edilýär


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň döwlet edaralaryna öz işgärlerinden her aýda goşmaça 15 manatdan pul toplamak tabşyrygy berlipdir.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, bu pul Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti üçin niýetlenýär. Şeýle tabşyrygyň ähli býujet edara-kärhanalaryna degişlidigi aýdylýar.

- 15-nji iýulda duşenbe güni býujet edaralaryň birnäçesi "Gyzyl ýarymaýyň" fonduna her bir işgärden aýda 15 manat toplamak tabşyrygyny aldy. Olara munuň ähli býujet edaralaryna degişlidigi aýdyldy - diýip, Azatlygyň habarçysy 19-njy iýulda habar berdi.

Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti üçin pul toplamak baradaky tabşyrygyň 15-nji iýulda azyndan iki sany döwlet edarasyna berlendigi Azatlyk Radiosyna mälim boldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, pul ýygnamak tabşyrygy edaralaryň işgärlerinde nägilelik döredipdir.

- ​Işgärlere duşenbe güni yglan etdiler we munuň ähli býujet edaralaryna degişlidigini aýtdylar. Elbetde adamlar nägilelik bildirdiler, sebäbi mydama haýsy-da bolsa bir zatlara pul toplaýarlar - diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlyk Radiosy Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti üçin işgärlerden pul toplamak hakynda tabşyryk alan guramalaryň azyndan ikisini bilýär, emma öz çeşmeleriniň howpsuzlygyny berjaý etmek maksady bilen olaryň atlaryny agzamakdan saklanýar.

​Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti üçin döwlet edaralaryndan pul ýygnamak hakyndaky habarlar bilen baglylykda bu guramanyň özünden resmi maglumat almaga synanyşdy. Emma biziň birnäçe gün bäri edýän synanyşyklarymyz häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti barada 2012-nji ýylda kabul edilen kanun bu guramanyň öňünde goýlan maksatlar we wezipeler üçin döwlet organlaryndan maliýe, maddy we beýleki kömekleri bermek mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Gurama sanitariýany wagyz etmek, ilkinji kömegiň berilmegini öwretmek, graždan goranyş taýýarlygy barada tälim bermek, gan ýygnamak we mätäçlere sosial kömegini bermek ýaly maksatlary öz öňünde goýýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, bu edaranyň işgärleri Gyzyl ýarymaý jemgyýetine kömek sorap ýüz tutýan mätäçleriň ýolbaşçylaryň ýanyna goýberilmeýändigini, işgärler babatynda hem berk düzgüniň ýöredilýändigini aýdýarlar.

- Onuň [ýolbaşçynyň] kabinetine gireňde aýakgabyňy çykarmaly we gepleşeniňde onuň gözlerine garamaly däl. Maýyplary hatda gapysyndan hem eltmeýärler we hiç kime kömek bermeýärler - diýip, çeşmämiz aýtdy.

​Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetine prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal dogany Gulnabat Döwletowa ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti üçin pul toplamak işiniň başlanandygy barada ilkinji habarlar 2017-nji ýylyň fewral aýynda peýda bolupdy.

Şonda "Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" garaşsyz neşriniň maglumatynda býujet edaralaryň birnäçesinde, şol sanda Türkmenabadyň Sanepidemstansiýasynda we Marynyň №2 we №14 mekdeplerinde işgärleriň talap edilýän puly meýletin tabşyrmaga razydygy hakynda hat ýazmaga mejbur edilendigi habar berilipdi.

Neşriň bellemegine görä, dürli ýyllarda Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetine "Polimeks", "Dragon oil". "Buig" we "Petronas" ýaly daşary ýurt kompaniýalar pul geçiripdir.

Türkmenistanyň habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti 1995-nji ýyldan bäri Gyzyl Haj we Gyzyl ýarymaý jemgyýetleriň halkara federasiýasynyň deň hukukly agzasy hökmünde hereket edýär. ​

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG