Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-eýran serhedinde ýolundan saklanan ýük ulaglaryny Türkiýä getirmek ugrunda tagalla edilýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň territoriýasyna goýberilmeýändigi sebäpli, türkmen-eýran serhedinde ýolundan saklanan ýüzlerçe türk ýük ulag sürüjisini yzyna getirmek boýunça tagalla edilýär diýip, Türkiýäniň metbugat serişdeleri habar berýärler.

Ýatlatsak, 1-nji martda “Amerikanyň sesi” neşiri Türkiýeden giden ýüzlerçe ýük ulag sürüjisiniň Türkmenistana goýberilmeýändigini we türkmen-eýran serhedinde saklanyp galýandygyny habar beripdi. Bu waka Eýranda koronawirusdan kesellän we ölen adamlaryň sanynyň artmagynyň fonunda, Türkmenistanyň goňşy ýurtlary bilen serhetlerini ýapmagynyň yzýanyna gabat geldi.​

“23-nji fewralda Türkmenistanyň Eýran bilen serhedini ýapdy. 540-a golaý ýük ulag sürüjisi 14 gün bäri Lüftabad serhet geçelgesinde garaşýar. Türkiýäniň Tährandaky ilçihanasy we Maşhaddaky konsulhanasy türk sürüjileriniň Türkiýä howpsuz ýagdaýda gelmegi üçin eýranly resmiler bilen işleşýärler” diýip, haberler.com neşiri 4-nji martda çap eden maglumatynda aýdýar. Ýöne alnyp barylýan uşleriň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

25-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ýaýraýan koronawirus keselini ilkinji gezek resmi derejede agzady we ýurtda bu wirus bilen kesellänleriň hasaba alynmandygyny mälim etdi.

Munuň bilen bir wagtda-da, Türkmenistan fewral aýynyň başynda Özbegistan we şol aýyň soňky ongünlüginde Eýran hem-de Owganystan bilen serhetlerini ýapdy. 2-nji martda bolsa, ýurduň ýeke-täk deňiz portunyň ýapylandygy mälim boldy.

Ýekşenbe güni “Amerikanyň sesi” neşiriniň Türk gullugy bilen söhbetdeş bolan ýük ulag sürüjileri özlerine ne türk, ne türkmen, ne-de eýran resmileriniň kömek edýändigini aýtdylar.

“Biz hiç ýere çykyp bilmeýäris. Iýjek-içjek zatlarymyzy hem alyp bilmeýäris. Konsulhana jaň edýäris. [Olar] ‘kesellärin’ diýip, biziň bilen duşuşmagy yzygiderli soňa süýşürýärler. Bizi ne Eýran, ne-de Türkmenistan tarapyna goýberýärler. Türkiýä gideli diýsek, Türkiýede kabul etmeýär. Daşymyzda esgerler we polisiýa işgärleri bar. ‘Daşary çyksaňyz tussag edilersiňiz’ diýýärler” diýip, neşir Sami Aýtaş atly sürüjiniň sözüni getirdi.

Aýtaş 300-e golaý ulagyň gök-bakja önümleriniň zaýalanandygyny hem sözüni üstüne goşdy.

Taner Dinç atly beýleki bir sürüji özüniň we beýleki ençeme sürüjiniň käbir başga kesellerden ejir çekýändigini hem-de özleriniň ulanýan dermanlarynyň gutarandygyny aýdyp, çykgynsyz ýagdaýdadyklaryny belledi.

Türkmen-eýran serhedinde garaşýan türk ýük ulag sürüjileriniň sany barada habar serişdelerinde dürli maglumatlar bar. “Hürriýet” neşiri olaryň sanynyň 1200-e, “Amerikanyň sesi” neşiri 800-e golaýdygyny habar berýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirus bilen bagly görülýän çäreler barada aç-açan maglumat bermeýärler. Ýurduň media serişdeleri hem, adatça bolşy ýaly, koronawirus bilen bagly ýurduň içinde we daşary döwletlerde bolup geçýän ýagdaýlar barada ilaty habarly etmeýär.

Bu dymyşlygyň fonunda, 3-nji martda Azatlyk Radiosynyň iki habarçysy, hassahananyň gizlinlik şerti bilen gepleşen işgärlerine salgylanyp, azyndan iki sany adamyň koronawirus bilen keselländigini habar berdi.

Ýöne şol güni ýurduň Ýokanç keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça merkeziniň resmisi Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde bu maglumaty ret etdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň ABŞ-dan koronowirusa garşy göreş üçin kömek alýandygy mälim boldy.

ABŞ-nyň hökümeti 2-nji martda Birleşen Ştatlaryň halkara ösüş boýunça adatdan daşary ätiýaçlyk gaznasyndan koronowirusyň ýüze çykan ýa-da onuň ýaýramak ähtimallygy ýokary bolan 26 ýurda, şol sanda Türkmenistana 37 million dollar möçberinde maliýe kömegini berjekdigini yglan etdi diýip, USAID-iň beýanatynda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG