Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda koronawirus keseliniň ýüze çykandygy habar berilýär, saglyk resmileri ret edýär


Illýustrasiýa suraty. Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Ýokanç keselleri merkezleriniň müdiriýeti.
Illýustrasiýa suraty. Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Ýokanç keselleri merkezleriniň müdiriýeti.

Çoganlydaky Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezleşdirilen Barlaghanasynda iki adamda koronawirus keseliniň anyklanandygy öňe sürülýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň iki habarçysy 3-nji martda ýurt içinden habar berdi.

Birinji habarçy bir saglyk işgäriniň sözlerine salgylanyp, iki näsagyň koronawirus seljermeleriniň “pozitiw” çykandygyny habar berdi.

“Saglyk işgäriniň sözlerine görä, koronawirus seljermeleri pozitiw çykan azyndan iki näsag Çoganlydaky Ýokanç keselleri hassahanasynda berk izolýasiýada saklanýar” diýip, habarçy aýtdy.

Ol epidemiýa ýolugan näsaglaryň Türkmenistanyň raýatlarydygyny habar berdi. Ýöne olaryň daşary ýurtlarda saparda bolup, ýurda dolananlaryň hataryndandygyny ýa-da ýurduň içinde bolup kesellän adamlardandygyny anyklap bilmändigini belledi.

Fewralyň ortalaryndan bäri, Türkmenistanda häkimiýetler Aşgabadyň aeroportuna howa gatnawlary arkaly barýan halkara ýolagçylary saglyk barlagyndan geçirýär. Dümew alamatlary göze ilýän ýolagçylar Çoganlydaky Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetine äkidilýär hem-de ol ýerde karantinada saklanýar.

Habarçynyň sözlerine görä, koronawirus bilen kesellän iki raýat Çoganlydaky Ýokanç keselleri hassahanasyna 20-nji fewraldan öň getirilen adamlaryň arasyndandyr.

Şol bir wagtyň özünde, olaryň Lebapdaky ýa-da Ahaldaky karantin lagerlerinden getirilen adamlardan däl-de, Aşgabadyň öz içinden ýa-da Aşgabadyň aeroportundan karantina äkidilenleriň hataryndandygy çak edilýär.

Türkmen häkimiýetleri Hytaýdan getiren 470 raýatyny Lebap welaýatynyň Ýokanç keselleri hassahanasynda hem-de aýratyn harby çadyrda karantina salypdy.

Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy Çoganlydaky Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň bir işgärine salgylanyp, ol ýerde karantin astynda saklanýan adamlaryň birnäçesinde koronawirus keseliniň anyklanandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosy sişenbe güni bu maglumatlar boýunça Çoganlydaky degişli saglyk edarasyna jaň etdi. Telefona jogap beren saglyk resmisi merkezde koronawirus keseli bilen baglylykda karantin astynda saklanýan adamlaryň bardygyny tassyklady, ýöne heniz bu kesele ýolugan adamlaryň "ýokdugyny” mälim etdi.

Paýtagt Aşgabatdan 20 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýän Çoganlydaky saglyk toplumynyň düzümine Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi, Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi, Deri-wenerologiýa hassahanasy, Gan merkezi hem-de Merkezleşdirilen Barlaghana girýär.

2010-njy ýylda ulanylmaga berlen bu saglyk toplumynyň Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi, resmi maglumatlara görä, 260 orunlykdyr.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň dünýäde koronawirus keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça eden çagyryşlarynyň fonunda, Türkmenistanda häkimiýetler ýanwaryň aýagyndan başlap, oňa garşy çäre görmek işlerine girişdi. Maryly häkimiýetler welaýat mekdeplerinde, çagalar baglarynda we hassahanalarda sanitar-gigiýena düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirdi, dümewläp sapaga baran çagalar öýlerine ugradylyp başlandy.

31-nji ýanwarda “Türkmenhowaýollary” öňüni alyş çäreleri bilen baglylykda Pekine we Bankoga uçar gatnawlaryny näbelli möhlete çenli ýatyrdy.

Fewralyň başynda howa ýollary kompaniýasynyň Pekinden Aşgabada amala aşyran iň soňky uçar gatnawlary bilen Hytaýdaky türkmen raýatlary ýurda getirildi hem-de Lebap welaýatynda karantin astyna alyndy.

Munuň yzýany Aşgabatda häkimiýetler ilat arasynda epidemiýa garşy habarlylyk kampaniýalarynyň çäginde ýaşaýjylara ýazmaça maglumat paýlap başlady. Şol bir wagtyň özünde paýtagtda saglyk resmileri mekdeplere aýlanyp düşündiriş işlerini geçdiler.

Fewral ortadan aganda Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalary, şol sanda Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy beýanat ýaýradyp, Türkmenistanda heniz koronawirus bilen kesellän adamlaryň hasaba alynmandygyny, şol bir wagtyň özünde ýurda barýan ähli adamlaryň serhet barlag nokatlarynda deslapky saglyk barlagyndan geçiriljekdigini, olaryň karantina alynmaklarynyň hem mümkindigini mälim etdi.

Bu epidemiýa bilen baglylykda özbek serhedini ýanwaryň aýagynda ýapan Türkmenistan, fewralyň üçünji ongünlügine geçip, Eýran we Owganystan bilen aradaky döwlet serhetlerini hem ýapdy. Munuň yzýany ýurtda azyk önümleriniň, hususan-da Eýrandan import edilýän gök-bakja önümleriniň ýiti gytçylygy ýüze çykyp başlady.

25-njy fewralda Türkmenistanda koronawirus keseli döwlet baştutany derejesinde ilkinji gezek agzaldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli saglyk resmilerine keseliň ýurtda ýaýramagynyň öňüni almagy tabşyrdy hem-de munuň bilen baglylykda “dürli ýagdaýlaryň döremegine taýýar bolmaga” çagyrdy.

2-nji martda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi täze epidemiýa barada “koronawirus” sözüni agzamazdan beýanat ýaýradyp, ýurt raýatlaryny “howply möwsüm sowulýança, ýurduň çäginden çykyp, daşary ýurtlara belli bir iş saparyna we syýahata gitmekden saklanmagy” maslahat berdi. Bu maglumat türkmen raýatlarynyň “Türkmenhowaýollarynyň” Stambul gatnawlaryndan mejbury düşürilýändigi barada gowuşýan maglumatlaryň fonunda mälim edildi.

Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň 25-nji fewralda ýaýradan beýanatyna görä, Türkmenistan keseliň ýaýran ýurtlarynyň raýatlarynyň, şol sanda Italiýanyň raýatlarynyň Türkmenistana sapar etmegine rugsat bermeýär.

Bu maglumatlar boýunça kommentariýa sorap, Azatlyk Radiosy 3-nji martda Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna jaň etdi. Ilçihananyň wekili bu düzgün boýunça goşmaça maglumat berip, golaýda Stambulyň üsti bilen Aşgabada sapar eden italýan raýatlarynyň şol bir ugur bilen dessine yzlaryna ugradylandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň ýurtdan berýän soňky maglumatlaryna görä, 3-nji martda Aşgabadyň orta mekdeplerinde keseliň öňüni almak çäreleri bilen baglylykda ýüzärlik tütedildi, ähli döwlet edara-kärhanalarynyň girelgelerinde işgärleriň burunlaryna oksolin ýagy çalyndy.

Azat Adalga: Pandemiýa, epidemiýa we endemiýa
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:44 0:00

Rus dilinde hem okaň!

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG