Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistanda ýokary bilim alýan türkmenistanly talyp özüni heläkledi


Daşkent döwlet uniwersitetiniň Ürgenç şäherindäki şahamçasy. Illýustrasiýa suraty.

Özbegistanyň Ürgenç döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly talyp ýokary okuw jaýynyň umumy ýaşaýyş jaýynda özüni heläkledi. Talybyň birnäçe kursdaşy bu pajygaly waka bilen bagly Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Waka geçen hepde boldy. Ilkibaşda, Özbegistanyň Horezm welaýatynyň regional telewideniýesi, “Horazm TW” Ürgenç döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly bir talybyň dereksiz ýitendigi barada 6-njy martda maglumat berdi.

Bu habaryň yzýany Azatlyk Radiosy bu ýokary okuw jaýynda bilim alýan talyplar bilen aragatnaşyga geçip, özüni heläklän türkmenistanly barada maglumat almagy başardy.

Olaryň tassyklamagyna görä, Ürgenç döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby ýokary okuw jaýynyň umumy ýaşaýyş jaýyndaky otagynda özüni heläkledi.

“Ol ýatakhanada özüni asyp öldürdi. Türkmenistandan ene-atasy gelip, ony alyp gitdi” diýip, anonim şertde maglumat beren talyp Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar bolan maşgalanyň agyr ýagdaýyny göz öňünde tutup, redaksiýa aradan çykan talybyň at familiýasyny mälim etmekden, onuň suratyny çap etmekden saklanýar.

“Özüni heläklän talybyň aýaly hem 10 gün mundan ozal özüni asypdyr. Ol şonuň üçin özüni heläkläpdir” diýip, birnäçe talyp 9-njy martda Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Bu habar bilen bagly Türkmenistanda ýa-da Özbegistanda gozgalan jenaýat derňew işleri barada maglumat ýok.

Galyberse-de, ýaş jübüti özlerini heläklemäge iteren şertler we ýagdaýlar barada-da maglumat berilmeýär.

Bu waka bilen bagly Azatlyk Radiosynyň Ürgenç döwlet uniwersitetinden kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermeýär.

Ýokary okuw jaýynyň resmi websaýtyna görä, häzirki wagtda 1,182 sany türkmenistanly talyp Ürgenç döwlet uniwersitetinde bilim alýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň 29 raýaty 2018-nji ýylda, 37 raýaty 2019-njy ýylda uniwersitetiň Dil öwreniş merkezinde iňlis dili boýunça ýörite kurslary tamamlapdyr.

Türkmenistanyň 62 sany ýokary we orta hünär mekdebine 2019-njy ýylda 12 müňden gowrak talyp okuwa kabul edildi. Daşary ýurtlarda, şol sanda Özbegistanda bilim alýan türkmenistanly talyplaryň sany barada ýurtda resmi sanlar mälim edilmeýär. Ýöne özge ýurtlaryň resmi çeşmelerinde äşgär edilýän maglumatlara görä, Türkmenistanyň raýatlary ýokary bilim üçin esasan Türkiýe, Russiýa we beýleki Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň birnäçesini saýlap alýar.

Dekabr aýynda Türkiýäniň media serişdeleri resmi hasabatlara salgylanyp, ýurtda 17 müňden gowrak türkmenistanlynyň ýokary bilim alýandygyny mälim etdi.

Geçen ýylyň fewralynda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow mediada eden çykyşynda 30 müň töweregi türkmenistanlynyň Russiýada ýokary bilim alýandygyny mälim etdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary Täjigistan we Özbegistan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlarynda bilim alýan türkmenistanlylar we olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, duçar bolýan kynçylyklary, Visa kartlary bilen bagly problemalary barada wagtal-wagtal habar berýärler.

Türkmenistanly talybyň dereksiz ýitendigi baradaky maglumaty ilkibaşda efire beren Özbegistanyň “Horazm” regional telewideniýesiniň tolkunlary Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň özbek serhedine golaý çäkleriniň ýaşaýjylaryna-da elýeterlidir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG