Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda mugallymlar okuwçylary sapak wagtynda gyt harytlary satyn almaga iberýär


Aşgabatdaky döwlet dükanlarynyň birinden şeker satyn alýan raýatlar
Aşgabatdaky döwlet dükanlarynyň birinden şeker satyn alýan raýatlar

Aşgabadyň orta mekdepleriniň birinde mugallymlar okuwçylary sapak döwründe golaýdaky döwlet dükanlaryna iberip, olary ýurtda gyt haryda öwrülen azyk harytlaryny satyn almaga mejbur edýärler. ​Bu barada mekdep okuwçylarynyň we olaryň ene-atalarynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň berdi.

“Käbir mugallymlar irden sagat 8 töwereginde mekdebe baran okuwçylara özleriniň plastik bank kartlaryny berýärler we olary golaýdaky döwlet dükanyna iberýärler. Olar okuwçylardan özlerine derek bu ýerde nobata durmagy we azyk önümlerini satyn almagy talap edýärler” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 9-njy martda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän mekdebiň nomeri we mugallymlaryň atlary hem-de familiýalary, şeýle-de olaryň eýeleýän wezipeleri barada takyk maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Habarçy mugallymlaryň 7, 8 we 9-njy synp okuwçylaryň “hyzmatyndan peýdalanýandygyny” we bu ýagdaýyň geçen ýylyň sentýabryndan bäri yzygiderli görnüşde dowam edýändigini aýtdy.

“Okuwçylar towuk budy, ösümlik ýagy we şeker ýaly önümleri satyn alýarlar. Olar bu harytlary uzyn nobatlara durup alýandyklary sebäpli köplenç sapaklaryna gija galyp gelýärler. Şu sebäpli olaryň okuwa ýetişigi hem pes bolýar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözüne görä, okuwçylaryň we ene-atalaryň ençemesi bu ýagdaýdan nägile bolsa-da, mugallymlaryň çagalaryň bahalaryny kemeltmeginden alada edip, olar bu barada mekdep ýolbaşçylaryna şikaýat bilen ýüzlenmeýärler.

Şol bir wagtda, olar paýtagtyň azyndan bir mekdebinde şeýle ýagdaýyň bolýandygy barada ilat köpçüligini we ýurt resmilerini habarly etmek isleýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň gürrüňi edilýän mekdep we mugallymlar bilen habarlaşyp, ýokarda aýdylanlar barada kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Habarçy mugallymlaryň döwlet dükanlaryndan arzan bahadan satyn alnan harytlary soňra gymmatdan satýandygyny aýdyp, munuň olar üçin goşmaça girdeji çeşmesi bolýandygyny hem belledi.

“Döwlet dükanlarynda şekeriň 1 kilogramy 7 manatdan satylýar. Mugallymlar ony 8 manatdan satýarlar. Towuk budunyň 1 kilogramyny 13 manatdan satyn alyp, soňra 16 manatdan satýarlar. Olar bu usul arkaly hem goşmaça gazanç edýärler, hem-de özleriniň bank kartlaryndaky zähmet haklaryny nagtlaşdyrýarlar. Sebäbi olar bankomatlaryň öňünde nobata durmaly bolmaýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda indi üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, şeker, un, ösümlik ýagy, towuk budy we ýumurtga ýaly käbir azyk önümleriniň gytçylygy we munuň bilen bagly döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu nobatlardaky adamlaryň arasynda käte dawa-jenjeliň hem bolýandygy barada ençeme gezek habar berdiler. Ýöne mugallymlaryň azyk harytlaryny satyn almak üçin okuwçylaryň "hyzmatyndan peýdalanýandygy" barada ilkinji gezek habarlar peýda bolýar.

Ýatlatsak, 2018-nji ýylyň ahyrynda türkmen häkimiýetleriniň býujet işgärleriniň, şol sanda mugallymlaryň azyk nobatlarynda durmagyny gadagan edendigi habar berlipdi. Şonda Azatlygyň habarçylara olara “nobatlarda görünen işgärleriň wezipesinden kowuljakdygy” barada duýduryş berlendigini aýdypdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri “ýurduň bedew bady bilen öňe barýandygyny” tekrarlaýarlar. Ýöne olar ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, azyk harytlarynyň gytçylygy hem-de gymmatçylygy, şeýle-de munuň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG