Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň häkimiýetleri bazardaky azyk, hususan-da et bahalaryny emeli usulda arzan saklamaga synanyşýar


2019-njy ýylyň ýanwarynda Aşgabatda düşürilen bu suratdaky nyrh şol döwre degişlidir.
2019-njy ýylyň ýanwarynda Aşgabatda düşürilen bu suratdaky nyrh şol döwre degişlidir.

Aşgabadyň häkimiýetleriniň bazarlardaky azyk harytlarynyň bahalaryna gözegçiligi güýçlendirip, olaryň käbiriniň nyrhlaryny emeli usulda arzan saklamak synanyşyklary dowam edýär.

Bu çäreler, Türkmenistanyň goňşy Eýran bilen serhedini ýapmagynyň yzýany, bazarlarda bu ýurtdan import edilýän azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagynyň we gytalmagynyň fonunda amala aşyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň “Gülüstan” bazarynda käbir azyk harytlarynyň, hususan-da, etiň “goşa bahasynyň” emele gelendigini aýdýar.

“Söwda tekjesinde arzan nyrhlar görkezilen bolsa-da, satyjylar azyk harytlaryny gymmat bahadan satyn almaly bolýarlar. Mysal üçin, 1 kilogram etiň bahasynyň 24 manada barabardygy barada nyrh görkezilýär. Ýöne alyjylar ony satyn aljak bolanda, satyjylar onuň 1 kilogramynyň 35 manada deňdigini duýdurýarlar” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 6-njy martda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, alyjylar etiň 24 manada deňdigi barada nyrh goýulandygyny aýtsa, satyjylar olaryň döwlet tarapyndan kesgitlenen emeli nyrhdygyny belleýärler. Şeýle-de, olar özleriniň eti 32 manatdan satyn alýandygyny aýdyp, alyjylara 24 manada etsiz süňki hödürleýärler.

“Söwda tekjesiniň bir tarapyndan etsiz süňkler ýerleşdirilipdir. Satyjylar alyjylara şol etsiz süňkleriň 1 kilogramyny 24 manatdan teklip edýärler” diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Habarçy alyjylaryň “goşa bahalar” barada bazar administrasiýasyna edýän şikaýatlarynyň oňaýly netije bermeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

6-njy martda Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada “Gülüstan” bazarynyň administrasiýasy bilen habarlaşdy.

Telefona jogap beren we özüni Batyr diýip tanyşdyran jogapkär resmi bazarda etiň 1 kilogramynyň 24 manada barabardygyny gaýta-gaýta nygtady. Şeýle-de, ol azyk harytlarynyň görkezilen arzan bahadan däl-de, gymmatdan satylýandygy baradaky maglumatlary ret etdi.

Jogapkär resmi bu barada alyjylar tarapyndan özlerine hiç hili şikaýatyň gelip gowuşmandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýatlatsak, dünýä ýaýraýan koronawirus bilen bagly öňüni alyş çäreleriň bir bölegi hökmünde, Türkmenistan fewralyň soňky ongünlüginde goňşy Eýran bilen aradaky döwlet serhedini ýapdy.

Şondan soň Türkmenistana Eýrandan import edilýän harytlaryň, şol sanda kartoşkanyň we soganyň bahasy birden gymmatlady. Aşgabadyň, Türkmenabadyň we Balkanabadyň bazarlarynda 5 manatdan satylan kartoşkanyň we soganyň bahasy 13-20 manada çenli ýokarlandy.

Bu habarlaryň fonunda, 2-nji martda Türkmenistanyň bazarlarynda häkimiýetleriň bahalara gözegçiligi güýçlendirip, gök-bakja önümleriniň nyrhlaryny mejbury arzanlatmak çärelerini güýçlendirendigi mälim boldy.

Emma Azatlygyň habarçylary häkimiýetleriň bu çärelerine garşy satyjylaryň bu harytlaryň aç-açan söwdasyndan gaça durýandygyny aýdyp, regionlarda kartoşkanyň we soganyň gizlin söwdasynyň dörändigini habar berdiler.

Bu aralykda, Azatlygyň Aşgabatdaky beýleki bir habarçysy ýurduň döwlet dükanlarynda indi iki ýyl gowrak wagt bäri gyt haryda öwrülen towuk budunyň çäkli möçberde satuwa çykarylandygyny aýtdy.

“6-njy martda irden sagat 11:00 töwereginde “Paýtagt” bazarynda çäkli möçberde towuk budy satyldy. Kartoçka esasynda her adama 2 towuk buduny satdylar. Onuň 1 kilogramy 10 manada barabardy. Ol gysga wagtda satylyp gutardy. Adamlar ýene geler öýdüp garaşdylar. Uly nobat döredi” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 6-njy martda gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda täzeden güýçlenen azyk gytçylygy we gymmatçylygy barada aç-açan çykyş etmeýärler. Bu barada döwlet mediasy hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG