Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Döwlet departamenti adam hukuklarynyň dünýädäki, şol sanda Türkmenistandaky ýagdaýyna syn berdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti 11-nji martda adam hukuklary boýunça 2019-njy ýyl üçin täze ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabatda 2019-nji ýylda tutuş dünýäde, şol sanda Türkmenistanda adam hukuklary babatynda bolup geçen wakalara syn berilýär.

Hasabatda Türkmenistanyň konstitusion taýdan dünýewi demokratik ýurtdugy, ýöne muňa garamazdan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurduň awtoritar häsiýetde dolandyrylýandygy aýdylýar.

Türme resmileri we polisiýa tarapyndan gynamalar baradaky habarlar; eden-etdilikli tussag etmeler; adam ömrüne howp salýan ýowuz türme şertleri; syýasy tussaglar; şahsy durmuşa eden-etdilikli we bikanun gatyşylmagy; kazyýetiň garaşsyzlygy babatyndaky çynlakaý problemalar; söz-beýan azatlygynyň, metbugatyň we Internetiň ýiti gysylmagy, şol sanda žurnalistlere garşy atylýan esassyz yzarlama ýa-da tussag etme haýbatlary hem-de zorluk haýbatlary; senzura we saýt petiklemeler; parahatçylykly ýygnanyşmak we birleşmek azatlyklaryna gatyşylmagy; din azatlyklarynyň ýiti çäklendirilmegi; hereket azatlygy babatyndaky berk çäklendirmeler ýaly meseleler, hasabatda, Türkmenistan babatynda adam hukuklarynyň iň möhüm problemalarynyň hatarynda agzalýar.

Hasabatda birnäçe resminiň korrupsiýada aýyplanyp tussag edilendigi, türmä basylandygy, ýöne muňa garamazdan howpsuzlyk gulluklaryndaky we hökümetiň beýleki organlaryndaky resmileriň tarhan hereket edýändikleri barada maglumat berilýär.

“Adam hukuklaryny basgylan hökümet resmileriniň jogapkärçilige çekilendigi barada maglumat ýok” diýlip, hasabatda aýdylýar.

Onda oppozision media serişdelerine we Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň hasabatlaryna salgylanylyp, 2019-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanda syýasy matlaply ýitirim etmeleriň hasaba alynmandygy bellenilýär.

Hasabata görä, “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy türkmen türmelerinde ýitirim edilenleriň sanyny geçen ýyl hem, 2018-nji ýyldaky ýyldaky ýaly, 121 adamlygynda saklaýar. “Ýöne bu hökümete degişli bolmadyk gurama olaryň hakyky sanynyň ýüzlerçedigini çaklaýar” diýip, hasabatda aýdylýar.

Hasabatyň söz-beýan azatlygyna bagyşlanan bölüminde, türkmen kanunçylygyna görä, ýurtda hökümete bildirilýän islendik oppozisiýanyň dönüklik hökmünde häsiýetlendirilýändigi aýdylýar, hökümeti ýa-da režimi açyk tankytlaýan raýatlaryň gorkuzmalara sezewar bolýandygy bellenilýär.

“Kitaplaryň çap edilmegini hem-de beýleki tas ähli metbugaty we onlaýn gazet-žurnallary hökümet maliýeleşdirdi we olara gözegçilik etdi” diýip, 2019-njy ýyl üçin Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça Birleşen Ştatlaryň Döwlet Departamentiniň çap eden hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda hökümetiň radiony we ýerli telewideniýäni gözegçilikde saklaýandygy, ýöne daşary ýurt telewizion programmalary bilen üpjün edýän çanak antennalaryň ýurtda giň ýaýrandygy aýdylýar.

“Kanallar şol sanda BBC World News we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň türkmen dilindäki wersiýasy satellit antennalary arkaly giňden elýeterlidi” diýlip, hasabatda bellenilýär.

Maglumatda 2019-njy ýylda Türkmenistanda raýatlaryň satellit arkaly halkara radio programmalary hem kabul edip alandygy aýdylýar.

Döwlet departamentiniň hasabatyna görä, geçen ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanda 23 daşary ýurt žurnalistine akreditasiýa berlipdir.

Türkmen metbugatynda maglumatyň berk senzuralanýandygyna hasabatda üns çekilýär.

“Hökümetiň ar aljagyndan gorkup, ýerli žurnalistler we daşary ýurt habar korrespondentleri köplenç öz-özlerini senzuralaýar” diýlip, 24 sahypalyk hasabatda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG