Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy ýaramazlaşdy


Köpçülikleýin çäresine mejbury gatnaşdyrylýan talyplar.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” (HRW) guramasy öz döwletlerine has köp daşary ýurt sermaýasyny çekmek we has giň regional hyzmatdaşlygy isleýän Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, öz gün tertiplerinde adam hukuklary meselesine esasy orun bermäge çagyrdy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän HRW bu barada adam hukuklaryna bagyşlap çap edýän ýyllyk hasabatynda belläp geçýär.

“Merkezi Aziýanyň 105 millionlyk ilatynyň durmuşlaryny gowulandyrmak üçin adam hukuklaryndaky özgerişler ykdysady ösüşler we regional hyzmatdaşlygy bilen egin-egne gitmelidir” diýip, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hugh Williamson aýtdy.

Williamson Merkezi Aziýa liderleriniň “tankydy seslere ýol bermelidigini we syýasy matlaply tussag etmeler, gynamalar ýaly rehimsiz kanun bozmalary togtatmalydygyny” hem sözüne goşdy.

Hasabatda bellenmegine görä, geçen ýyl özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew “serhet-aşa hyzmatdaşlygyny ösdürmek we ýurduň içindäki adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ädimleri ädipdir”. Şol bir wagtda, prezident Sooronbaý Jeenbekowyň ýolbaşçylygyndaky goňşy Gyrgyzystanda “media we söz azatlygyna edilýän hüjümler azalypdyr”.

Emma, HRW regionyň Täjigistan we Türkmenistan ýaly döwletlerinde adam hukuklary ýagdaýlarynyň has-da ýaramazlaşandygyna ünsi çekdi.

Hasabatda “Gazagystanda adam hukuklary meselesinde manyly özgerişlikleriň bolmandygy” bellenildi.

Williamson ABŞ-a, Ýewropa Bileleşigine we beýleki hyzmatdaşlara ýüzlenip, Merkezi Aziýada “adam hukuklary meselesi göz öňünde tutulmadyk islendik reformanyň puja çykjakdygyny” açyk äşgär etmäge çagyrdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG