Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Lebaba sapar edýär. Onuň koronawirusyň "ýasama" lagerine baryp görjekdigi aýdylýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi iş sapary bilen Lebap welaýatyna bardy. Prezidentiň Lebaba garaşylmadyk bu sapary dünýäde täze koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly, welaýatda karantin zonasynyň ýerleşýändigi we ähli halkara uçarlaryň Lebabyň Türkmenabat şäherine gonýandygy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

TDH-nyň 12-nji martda ​çap eden habarynda prezidentiň saparynyň çäginde welaýatyň senagat ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň we täze kärhanalary gurmak ýaly dürli taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy mälim edildi.

Resmi habarda döwlet baştutanynyň ýurduň gündogar welaýatyna amala aşyrýan sapary barada häzirlikçe iki sözlemden artyk maglumat berilmedi.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky bir-birinden garaşsyz habarçysy we çeşmesi prezidentiň Lebaba sapar edýändigi barada baryp 11-nji martda habar berdiler.

"Häzir prezident Lebapda. Prezidentiň gelenligi barada hiç ýerde aýdylanok. Lebaplylar ony şäheriň içindäki arassaçylyk bilen bagly başagaýlyklardan ýa bolmasa ýollaryň ýapylmagyndan aňýarlar. Şeýle-de il arasynda onuň geljekdigi baradaky gürrüňlerden bilýärler. Prezidentiň gelen wagty bolsa, howpsuzlyk çäreleriniň güýçlenendigini görýärler. Düýnden bäri şol alamatlaryň ählisi bar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Habarçy prezidentiň 11-nji martda agşam Azerbaýjandan Türkmenabada gelendigini aýdyp, onuň 12-nji martda Aşgabada gitjekdigi barada gürrüňleriň bardygyny hem belledi.

"Döwlet baştutanynyň Lebabyň ýokanç keseller hassahanasynyň ýagdaýyny öwrenmekçi bolýandygy aýdylýar. Şeýle-de, Garlyk şäherçesiniň golaýyndaky sement zawodyna barjakdygy barada gürrüňler hem bar" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň Lebapdaky karantin zonasyndaky ýagdaýlardan habarly çeşmesi soňky günlerde bu ýerde gyzgalaňly ýagdaýyň dowam edýändigini we bu ýere prezident Berdimuhamedowyň baryp görjekdigi barada gürrüňleriň bardygyny habar berdi.

"Karantin zonasynda dik uçar gonar ýaly zolak döredildi. Bu zolak çadyrlardan 700 metr çemesi uzaklykda ýerleşýär. Bu ýerde birnäçe sany ak öý hem gurdular" diýip, lebaply çeşme gizlinlik şertinde 11-nji martda irden gürrüň berdi.

12-nji martda "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri hem, öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, prezidentiň "ýasama" lagere baryp görmegine garaşylýandygyny habar berdi.

"Bu ýerde, hamana, koronawirusdan kesellän adamlar ýerleşdiriler. Lageriň özi Türkmenabadyň günorta-gündogarynda, aýlawyň garşysynda guruldy. Hakykatda näsaglary öňki ýokanç keseller hassahanasynyň binasynda üzňelikde saklarlar. Prezident ol ýere baryp görmez" diýip, neşir belledi.


Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylan ýagdaýlar barada Lebap welaýat häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Bellemeli ýeri, prezidentiň bu sapary dünýäde täze koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly, Türkmenistanda ähli halkara uçarlaryň Lebabyň Türkmenabat şäherine gonýandygy we welaýatda karantin zonasynyň ýerleşýändigi baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi. Azatlygyň habarçylary bu ýagdaýlar barada fewral aýyndan bäri habar berip gelýärler.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, soňky günlerde Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynyň ýanyndaky çadyr lageri, getirilýänleriň sanynyň köpelmegi sebäpli, esli giňeldilipdir. Bu ýerde adamlaryň karantinde saklanýan wagt möhleti-de 28 güne çenli uzaldylypdyr.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçylary ähli halkara uçarlaryň Türkmenistanyň gündogarynda Türkmenabat şäherine gonýandygyny we uçarlaryň ähli ýolagçylarynyň gyzgynynyň barlanýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň hökümeti COVID-19 wirusy bilen bagly ýurtda görülýän çäreler, karantin zonalary we olarda saklanýan adamlaryň sany barada maglumat bermekden saklanýarlar. Ýurduň media serişdeleri-de koronawirus bilen bagly ýurduň içinde we daşary döwletlerde bolup geçýän ýagdaýlar barada ilaty habarly etmeýärler.

11-nji martda Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) koronawirus infeksiýasynyň dünýä ýaýramagyny pandemiýa diýip hasaplaýandygyny yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG